1 Şamuwel 31:1—13

  • Şawul bilen üç oglunyň ölümi (1—13)

31  Piliştliler Ysraýyla garşy söweşe çykdy+. Ysraýyllar olardan ýeňlip gaçdylar, köpüsi Gilbowa+ dagynda gyryldy.  Piliştliler Şawul bilen ogullarynyň+ yzyndan ýetip, ogullary Ýonatany+, Abynadaby we Mälikşuwy öldürdiler.  Şawula garşy hüjüm barha güýçlenýärdi, ýaýçylar ok atyp, ony agyr ýaraladylar+.  Ol ýarag göterýän nökerine: «Gylyjyňy çykar-da, meni öldür, ýogsam sünnetsizler+ meni gynap öldürerler» diýdi. Emma nöker gorkudan ýaňa öldürip bilmedi. Şonda Şawul gylyjynyň üstüne özüni oklady+.  Şawulyň ölenini+ gören nöker hem gylyjynyň üstüne özüni oklap, gapdalynda jan berdi.  Şeýdip, Şawul, üç ogly, ýarag göterýän nökeri we ähli hyzmatkärleri bir günde öldi+.  Ysraýyl esgerleriniň gaçandygyny, Şawul bilen ogullarynyň ölendigini eşidip, jülgedäki we Iordanyň golaýyndaky ysraýyllar şäherlerini taşlap gaçdylar+. Piliştliler bolsa gelip, şol şäherleri eýelediler.  Ertesi piliştliler wepat bolanlaryň zatlaryny almaga geldiler. Olar Gilbowa+ dagynda Şawul bilen üç oglunyň jesedini tapdylar.  Piliştliler Şawulyň kellesini kesip, ýaraglaryny aldylar-da, muny taňrylarynyň+ buthanalaryna we ildeşlerine jar etmek üçin Pilişt ýurduna habar ýolladylar+. 10  Şawulyň ýaraglaryny Aştoret hudaýlarynyň buthanasynda goýdular, jesedini bolsa Beýtşanyň+ diwaryndan asdylar. 11  Ýabeş-gileadyň+ ilaty piliştlileriň Şawula eden zatlaryny eşitdi. 12  Şonda olaryň batyr adamlary aýaga galdy. Olar uzak gije ýol ýöräp, Beýtşana bardylar-da, diwardan Şawul bilen ogullarynyň jesedini aldylar. Soňra jesetleri Ýabeşe getirip ýakdylar, 13  süňklerini+ bolsa Ýabeşdäki ýylgynyň aşagynda gömüp+, ýedi günläp agyz beklediler.

Çykgytlar