1 Patyşalar 19:1—21

  • Izabeliň haýbatyndan gorkan Ylýas (1—8)

  • Ýehowa Horepde Ylýasa görünýär (9—14)

  • Hazaýyly, Ýehuwy we Alyşany bellemek hakda tabşyryk (15—18)

  • Ylýasyň ýerine bellenen Alyşa (19—21)

19  Ahap+ Izabele+ Ylýasyň eden işlerini, ähli pygamberleri gylyçdan geçirendigini+ gürrüň berdi.  Şonda Izabel Ylýasyň ýanyna habarçy ýollap: «Şol pygamberleri öldürişiň ýaly, ertir şu wagtlar seni hem öldürmesem, goý, taňrylar maňa has beterini görkezsin!» diýdi.  Ylýas gorkup, janyny halas etmek üçin gaçyp gitdi+. Ol Ýahudanyň+ Beýer⁠-⁠şeba şäherine+ baryp, hyzmatkärini goýdy⁠-⁠da,  bir günläp çölüň içi bilen ýöredi. Ahyry bir ýylgynyň aşagyna geçip oturdy⁠-⁠da: «Indi besdir! Ýehowa, janymy al+, menem ata⁠-⁠babalarymdan gowy däldirin» diýip, ölümini diläp başlady.  Soňra ol ýylgynyň aşagynda gyşaryp, uklap galdy. Birdenkä perişde peýda bolup, Ylýasy yralady⁠-⁠da+: «Tur, iýip iç»+ diýdi.  Ylýas seredip görse, başujunda gyzgyn daşyň üstünde çörek bilen bir küýze suw dur eken. Ol iýip⁠-⁠içip, ýene⁠-⁠de ýatdy.  Birsalymdan Ýehowanyň perişdesi ikinji gezek gelip, Ylýasy yralap: «Tur, iýip iç, sebäbi sen uzak ýol sökmeli» diýdi.  Ol hem turup, iýip içdi⁠-⁠de, şol güýjüne 40 gije⁠-⁠gündizläp ýol ýöräp, hak Hudaýyň dagy Horebe+ bardy.  Ylýas gijäni geçirmek üçin bir gowaga+ girdi. Gowakda Ýehowa oňa: «Ylýas, bärde näme işläp ýörsüň?» diýdi. 10  Ylýas: «Men bar güýjüm* bilen Serkerdebaşy Ýehowa gulluk etdim+. Ysraýyllar bolsa seniň ähtiňi bozup+, gurbanlyk ojaklaryňy* ýumurdylar, pygamberleriňi gylyçdan geçirdiler+, diňe men galdym. Indi olar meni hem öldürjek bolýarlar»+ diýdi. 11  Emma Hudaý Ylýas pygambere: «Gowakdan çyk⁠-⁠da, dagda Ýehowanyň huzurynda dur» diýdi. Soňra Ýehowa Ylýasyň deňinden geçdi+. Ýehowanyň öňünde şeýle bir güýçli ýel turdy welin, daglar sarsyp, gaýalar ýaryldy+, emma Ýehowa ýeliň içinde ýokdy. Soňra ýer titredi+, ýöne Ýehowa ýertitremede hem ýokdy. 12  Ýertitremeden soň ot tutaşdy+, emma Ýehowa oduň içinde hem ýokdy. Otdan soň pessaý we mylaýym ses geldi+. 13  Ylýas sesi eşiden badyna, dony bilen ýüzüni ýapdy⁠-⁠da+, gowagyň agzynda durdy. Şonda: «Ylýas, bärde näme işläp ýörsüň?» diýen ses eşidildi. 14  Ol hem: «Men bar güýjüm* bilen Serkerdebaşy Ýehowa gulluk etdim. Ysraýyllar bolsa seniň ähtiňi bozup+, gurbanlyk ojaklaryňy ýumurdylar, pygamberleriňi gylyçdan geçirdiler, diňe men galdym. Indi olar meni hem öldürjek bolýarlar»+ diýdi. 15  Ýehowa Ylýasa: «Yzyňa dolan⁠-⁠da, Damasgyň çölüne baryp, Hazaýyly+ Siriýanyň patyşasy edip belle. 16  Nimşiniň agtygy Ýehuwy+ bolsa Ysraýyla patyşa belle. Abyl⁠-⁠meholaly Şapatyň ogly Alyşany* hem özüňe derek pygamber belle+. 17  Hazaýylyň gylyjyndan gaçyp gutulanlary+ Ýehuw öldürer+, Ýehuwyň gylyjyndan gaçyp gutulanlary bolsa Alyşa öldürer+. 18  Onsoňam, häzir Ysraýylda Bagalyň öňünde dyz epmedik+, butuny öpmedik+ 7 000 adam bar»+ diýdi. 19  Ylýas gidip, Şapatyň ogly Alyşany tapdy. Şol wagt Alyşa ýer sürüp ýördi, öňünde 12 jübüt öküz bardy. Alyşa soňky iki öküziň yzyndan barýardy. Ylýas gelip, pygamberlik donuny+ Alyşanyň egnine atdy. 20  Şonda Alyşa öküzlerini taşlap, Ylýasyň yzyndan ylgady⁠-⁠da: «Rugsat berseň, enem⁠-⁠atam bilen hoşlaşyp* gaýdaýyn, soň seniň bilen giderin» diýdi. Ylýas: «Bar, gidiber, men seni saklamok» diýdi. 21  Alyşa yzyna gitdi⁠-⁠de, iki öküzi soýdy*. Ol boýuntyrygy odun edip, öküzleriň etini bişirdi⁠-⁠de, adamlara paýlady, olaram iýdiler. Şondan soň Alyşa Ylýas bilen gidip, oňa hyzmat edip başlady+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: hyjuwym; yhlasym.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: hyjuwym; yhlasym.
Manysy: Hudaý Halasgärdir.
Sözme⁠-⁠söz: enem⁠-⁠atamy ogşap.
Sözme⁠-⁠söz: gurbanlyk berdi.