1 Patyşalar 2:1—46

  • Dawudyň Süleýmana wesýeti (1—9)

  • Dawut aradan çykýar; Süleýman patyşa bolýar (10—12)

  • Öz başyna ýeten Adonyýaryň hilesi (13—25)

  • Abyýataryň ýurtdan kowulmagy we Ýowabyň ölümi (26—35)

  • Şimeýiň ölümi (36—46)

2  Dawut ölüm ýassygynda ýatyrka, ogly Süleýmana şeýle wesýet etdi:  «Oglum, men⁠-⁠ä indi demimi sanap ýatyryn, ýöne sen dogumly+ hem batyrgaý* bol+.  Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýehowa Hudaýyňa tabyn bolup, ýolundan ýöre. Hudaýyň kanunlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini, öwüt⁠-⁠ündewlerini* berjaý et+. Şonda näme etseňem, nirä gitseňem, ähli işiň ugruna bolar*.  Ýehowa maňa beren wadasyny ýerine ýetirer. Ol maňa: „Eger ogullaryň ünsli bolup, maňa bütin ýüregi, bütin jany* bilen wepaly gulluk etse+, Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“+ diýipdi.  Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa eden ýamanlyklaryny gowy bilýänsiň. Ol Ysraýylyň iki goşunbaşysy Nur ogly Abnur+ bilen Ýether ogly Emasany+ öldürdi, uruş ýok wagty gan döküp+, bilindäki guşagyny, aýagyndaky çarygyny gana bulady.  Sen paýhasly hereket et, goý, şol garry arkaýyn ölmesin*+.  Gileadly Barzyllanyň+ ogullaryndan bolsa ýagşylygyňy gaýgyrma*, olara şa saçagyňdan ýer ber. Doganyň Abselimden gaçyp ýörkäm+, olar maňa kömek edipdi+.  Benýaminlerden Bahurimde ýaşaýan Geranyň ogly Şimeý hem bardyr. Mahanaýyma+ giden günüm ol maňa gargyş baryny okapdy+. Ol meni garşylamak üçin Iordana gelende: „Seni öldürmerin“ diýip, Ýehowanyň adyndan ant içipdim+.  Ýöne sen Şimeýi jezasyz goýma+. Sen düşünjeli, näme etmelidigini gowy bilýänsiň. Şimeýiň çal başyny gana bulap, mazara* indir»+. 10  Şeýlelikde, Dawut aradan çykdy, ony Dawudyň şäherinde+ jaýladylar. 11  Dawut Ysraýylyň üstünden 40 ýyl höküm sürdi. Ol Hebronda+ 7 ýyl, Iýerusalimde bolsa 33 ýyl höküm sürdi+. 12  Süleýman kakasy Dawudyň ýerine tagta çykdy. Hökümdarlygy gitdigiçe berkeýärdi+. 13  Birnäçe wagtdan Haggytyň ogly Adonyýar Süleýmanyň ejesi Batşebanyň ýanyna geldi. Batşeba: «Eýgilikmi?» diýip sorady. Adonyýar: «Hawa, eýgilik» diýdi. 14  Soňra ol: «Seniň bilen gürrüňim bardy» diýdi. Batşeba: «Aýdyber» diýdi. 15  Adonyýar söze başlap: «Bilýänsiň, şa tagty meniňki bolmalydy. Tutuş ysraýyl halky meniň patyşa bolaryma garaşýardy+. Ýöne patyşalyk maňa däl⁠-⁠de, inime berildi, Ýehowanyň islegi şeýledir+. 16  Indi saňa ýekeje haýyşym bar, ýöne ýok diýme» diýdi. Batşeba: «Aýt, näme haýyşyň bar?» diýdi. 17  Şonda Adonyýar: «Süleýman patyşa bilen gepleşip beräý, goý, ol şunemli Abyşagany+ maňa aýallyga bersin, sen aýtsaň, ýok diýmez» diýdi. 18  Batşeba: «Bolýar, patyşa bilen gepleşip görerin» diýdi. 19  Batşeba Adonyýaryň haýyşyny bitirmek üçin Süleýman patyşanyň huzuryna bardy. Patyşa turup, ejesini garşy aldy⁠-⁠da, tagzym etdi. Soňra Süleýman tagtyna geçip oturdy, ol sag tarapynda ejesi üçin hem tagt goýdurdy. 20  Batşeba ogluna: «Meniň kiçiräk haýyşym bar, ýöne ýok diýme» diýdi. Patyşa: «Aýdyber, eje, saňa ýok diýip bolarmy?!» diýdi. 21  Şonda ol: «Şunemli Abyşagany doganyň Adonyýara beräý» diýdi. 22  Patyşa ejesine: «Adonyýar üçin diňe şunemli Abyşagany däl, tutuş patyşalygy sora+, ol meniň uly agam ahyryn+. Abyýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap+ hem ony goldap ýör»+ diýdi. 23  Süleýman patyşa Ýehowanyň adyndan ant içip: «Şu haýyşy bilen, Adonyýar öz başyna ýetdi. Indi ol diri galaýsa, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin! 24  Meni kakam Dawudyň ýerine tagta çykaryp, hökümdarlygymy berkiden+, sözünde durup, maňa we neslime patyşalygy beren+ Ýehowa diri şaýatdyr, Adonyýar şu günüň özünde öler!»+ diýdi. 25  Süleýman patyşa dessine Ýehoýadanyň ogly Binaýany+ iberdi, ol hem gidip, Adonyýary öldürdi. 26  Soňra patyşa Abyýatar+ ruhana: «Anatotdan alan mülküňe git!+ Aslynda, seni ölüme höküm etmeli, ýöne kakam Dawudyň döwründe Älemiň Hökümdary Ýehowa Hudaýyň äht sandygyny göterdiň+, kakamy kyn gününde goldadyň+, şonuň üçin seni öldürmerin» diýdi. 27  Süleýman Abyýatary Ýehowanyň öňündäki ruhanylyk borjundan boşatdy. Şeýdip, Ýehowanyň Alynyň maşgalasy hakda Şiloda+ aýdan sözi+ berjaý boldy. 28  Bolan zatlar Ýowabyň gulagyna⁠-⁠da baryp ýetdi. Ol Ýehowanyň çadyryna+ gaçyp gidip, gurbanlyk ojagynyň* şahlaryndan ýapyşdy, sebäbi Ýowap Abselimiň tarapyna geçmedik bolsa⁠-⁠da+, Adonyýary goldapdy+. 29  Süleýmana: «Ýowap gaçyp, Ýehowanyň çadyryna girdi, ol gurbanlyk ojagynyň ýanynda dur» diýip habar berdiler. Şonda ol: «Git⁠-⁠de, Ýowaby öldür!» diýip, Ýehoýadanyň ogly Binaýany iberdi. 30  Binaýa Ýehowanyň çadyryna bardy⁠-⁠da, Ýowaba: «Patyşa saňa bärden çykmagy buýurýar!» diýdi. Emma ol: «Ýok, ölsemem, şu ýerde öljek!» diýdi. Şonda Binaýa patyşanyň ýanyna baryp, Ýowabyň aýdan zatlaryny gürrüň berdi. 31  Patyşa hem: «Aýdyşy ýaly, ony öldür⁠-⁠de, jaýla. Meni we atamyň öýüni Ýowabyň döken nähak ganyndan arassala+. 32  Ol kakam Dawuda hiç zat aýtman⁠-⁠etmän, özünden has gowy, has dogruçyl iki adamy öldürdi. Ysraýyl goşunbaşysy+ Nur ogly Abnury+ hem⁠-⁠de Ýahudanyň goşunbaşysy+ Ýether ogly Emasany gylyçdan geçirip+ döken gany üçin, Ýehowa oňa jezasyny berer. 33  Olaryň gany elmydama Ýowabyň we nesliniň boýnuna bolar+. Dawuda, nesline, maşgalasyna we patyşalygyna* bolsa, goý, Ýehowa hemişe parahatlyk bersin» diýdi. 34  Ýehoýadanyň ogly Binaýa gidip, Ýowaby öldürdi. Ýowaby çölde, öýüniň golaýynda jaýladylar. 35  Süleýman patyşa Ýehoýadanyň ogly Binaýany+ Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip belledi, Abyýataryň deregine bolsa Sadygy ruhany belledi+. 36  Soňra patyşa Şimeýi+ çagyryp: «Jaý salyp, Iýerusalimde ýaşa, hiç ýere çykma. 37  Şäherden çykyp, Kidron jülgesinden+ geçäýseň, şol günüň özünde ölersiň, ölümiňe⁠-⁠de özüň günäkär bolarsyň» diýdi. 38  Şimeý: «Şa hezretleri adalatlydyr, ähli zady aýdyşyňyz ýaly ederin» diýip jogap berdi. Şimeý birnäçe wagtlap Iýerusalimden çykman ýaşady. 39  Üç ýyldan Şimeýiň iki guly Get hany Magak ogly Akyşyň ýanyna gaçyp gitdi+. Şimeýe: «Gullaryň Get galasyndamyş» diýip habar berdiler. 40  Şimeý dessine eşegini gaňňalap, gullaryny alyp gaýtmak üçin Get galasyna, Akyş hanyň ýanyna gitdi. Ol Get galasyndan gullaryny yzyna alyp gelende, 41  Süleýmana: «Şimeý Iýerusalimden çykyp, Get galasyna baryp gaýtdy» diýip habar berdiler. 42  Şonda patyşa Şimeýi çagyryp: «Men saňa Ýehowanyň adyndan ant içirip: „Şäherden çykyp, bir ýere gidäýseň, şol günüň özünde ölersiň“ diýip aýtmadymmy? Senem maňa: „Şa hezretleri adalatlydyr, aýdyşyňyz ýaly ederin“ diýmediňmi?+ 43  Näme üçin Ýehowanyň öňünde beren sözüňde durman, tabşyrygymy bozduň?» diýdi. 44  Soňra patyşa Şimeýe: «Kakam Dawuda ne günleri görkezeniň ýadyňdadyr+. Eden ýamanlygyňy Ýehowa öz başyňa getirer+. 45  Süleýman patyşa bolsa ýalkanar+, Dawudyň tagty Ýehowanyň huzurynda sarsman, baky durar» diýdi. 46  Soňra patyşa Ýehoýadanyň ogly Binaýa Şimeýi öldürmegi tabşyrdy. Binaýa gidip, ony öldürdi+. Süleýmanyň höküm sürýän döwri patyşalyk has⁠-⁠da berkedi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: erkek.
Ýa⁠-⁠da: ýatlatmalaryny.
Ýa⁠-⁠da: paýhasly hereket edersiň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: mazara inmesin. Sözlüge serediň: Mazar.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildir.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: tagtyna.