1 Patyşalar 21:1—29

  • Ahap Nabotyň üzümliginde (1—4)

  • Izabel Naboty öldürýär (5—16)

  • Ylýasyň Ahaba garşy pygamberligi (17—26)

  • Ahap pälinden gaýdýar (27—29)

21  Soňra ýizregelli Nabotyň üzümligi bilen bagly şeýle waka boldy. Ýizregelde+, Samariýa patyşasy Ahabyň köşgüniň gapdalynda Nabotyň üzümligi bardy.  Ahap Nabota: «Üzümligiň köşgüme golaý, ekin ekmek üçin maňa bersene, deregine has gowy üzümlik bereýin ýa⁠-⁠da bahasyny töläýin» diýdi.  Emma Nabot: «Ata⁠-⁠babalarymdan galan mirasy+ saňa bersem, Ýehowa muny asla oňlamaz» diýdi.  Ahap ýüzüni sallap, gamgyn halda öýüne gaýtdy. Ol hiç zat iýmän⁠-⁠içmän, düşegine geçip, ýüzüni diwara öwrüp ýatdy. Ýizregelli Nabotyň: «Ata⁠-⁠babalarymdan galan mirasy saňa bermerin» diýen sözleri oňa juda agyr degipdi.  Aýaly Izabel+ gelip: «Näme keýpiň ýok? Hiç zat iýmän ýatyrsyň» diýdi.  Ahap: «Ýizregelli Nabota üzümligiňi sataý, isleseň, deregine başgasyny bereýin diýdim. Ol bolsa: „Berjek däl“ diýip dur» diýdi.  Şonda aýaly Izabel: «Sen Ysraýylyň patyşasy dälmi?! Tur, iýip iç⁠-⁠de, keýpiňi kökle. Ýizregelli Nabotyň üzümligini saňa özüm alyp bererin»+ diýdi.  Soňra ol Ahabyň adyndan hat ýazyp, patyşanyň möhürini+ basdy⁠-⁠da, Nabotyň ýaşaýan şäherindäki ýaşululara+ we beglere ugratdy.  Ýazan hatynda şeýle sözler bardy: «Agyz beklemegi yglan ediň⁠-⁠de, Naboty halkyň öňünde oturdyň. 10  Garşysynda iki sany ýaramaz adamy oturdyň. Goý, olar: „Sen Hudaýa⁠-⁠da, patyşa⁠-⁠da dil ýetirdiň!“+ diýip, oňa töhmet atsynlar*+. Soňra Naboty şäherden çykaryň⁠-⁠da, daşlap öldüriň»+. 11  Nabotyň şäherindäki ýaşulular we begler Izabeliň iberen hatynda aýdyşy ýaly⁠-⁠da etdiler. 12  Agyz beklemegi yglan edip, Naboty halkyň öňünde oturtdylar. 13  Soňra iki sany ýaramaz adam gelip, Nabotyň garşysynda oturdy. Olar: «Nabot Hudaýa⁠-⁠da, patyşa⁠-⁠da dil ýetirdi!» diýip, halkyň öňünde töhmet atyp başladylar+. Soňra adamlar Naboty şäherden çykaryp, daşlap öldürdiler+. 14  Izabele: «Nabot daşlanyp öldürildi»+ diýip habar ýolladylar. 15  Izabel Nabotyň daşlanyp öldürilendigini eşidende, Ahaba: «Tur⁠-⁠da, ýizregelli Nabotyň satmadyk üzümligine eýe çyk+. Nabot indi ýagty jahanda ýok, ol öldi» diýdi. 16  Ahap ýizregelli Nabotyň ölendigini eşiden badyna, üzümligini almaga gitdi. 17  Şonda Ýehowa tişbeli Ylýasa+ şeýle diýdi: 18  «Tur⁠-⁠da, Samariýada höküm sürýän Ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna git+. Ol şu wagt Nabotyň üzümligini almaga bardy. 19  Ahaba aýt: „Ýehowa şeýle diýýär: „Sen bir bendäni öldürip+, indem mülküne eýe çykýaňmy?“+ Soňra: „Ýehowa şeýle diýýär: „Itler Nabotyň ganyny nirede ýalan bolsa, şol ýerde seniň ganyňy hem ýalarlar“ diý»+. 20  Ahap Ylýasy görende: «Bäh, duşmanym meni ahyr tapypdyr⁠-⁠ow!»+ diýdi. Ylýas: «Hawa, tapdym. Hudaý şeýle diýýär: „Sen Ýehowanyň öňünde nejis işleri etmegiňi goýmadyň*+. 21  Şonuň üçin başyňa betbagtçylyk getirerin, seni we maşgalaňdaky ähli erkek göbeklileri+, hatda ejiz we gowşak adamlary hem Ysraýyldan ýok ederin+. 22  Nebatyň ogly Ýerobgamyň+ we Ahyýaryň ogly Başanyň maşgalasyny ýok edişim ýaly+, seniň maşgalaňy hem ýok ederin, sebäbi sen Ysraýyla günä etdirip, gaharymy getirdiň“. 23  Ýehowa Izabel hakda hem şeýle diýýär: „Izabeli Ýizregelde bir meýdançada itler iýer+. 24  Ahabyň maşgalasynyň şäherde ölenlerini itler iýer, açyk meýdanda ölenleri guşlara şam bolar+. 25  Ahap ýaly Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip, ýoldan çykan* adam bolmandy+. Ahap şol erbet işleri aýaly Izabeliň gepine gidip etdi+. 26  Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran amor halky ýaly, ýigrenji butlara* sežde edip, nejis işlere baş goşdy“» diýdi+. 27  Ahap muny eşiden badyna, ýakasyny ýyrtyp, jul geýdi. Ol agyz bekläp, gamgyn bolup gezdi, jul eşigini ýatanda⁠-⁠da çykarmady. 28  Şonda Ýehowa tişbeli Ylýasa: 29  «Gördüňmi, Ahap pälinden gaýtdy*+. Şonuň üçin maşgalasyna betbagtçylygy Ahap dirikä däl⁠-⁠de, oglunyň döwründe indererin»+ diýdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: garşy şaýatlyk etsinler.
Sözme⁠-⁠söz: özüňi nejis işlere satdyň.
Sözme⁠-⁠söz: özüni nejis işlere satan.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözme⁠-⁠söz: öňümde özüni kiçeltdi.