1 Patyşalar 7:1—51

  • Süleýmanyň köşgi (1—12)

  • Ökde ussa Huram Süleýmana kömege gelýär (13—47)

  • Altyn esbaplar (48—51)

7  Süleýmanyň köşgüniň gurluşygy bolsa 13 ýylda tamamlandy+.  Süleýman Liwan tokaýy+ atly köşgi hem gurdy. Köşgüň uzynlygy 100 tirsek*, ini 50 tirsek, beýikligi 30 tirsekdi. Köşk kedr agajyndan dört hatar sütünleriň üstünde gurlupdy. Sütünleriň üstünde⁠-⁠de kedr agajyndan+ pürsler goýlupdy.  Köşgüň içi kedr agajy bilen örtülipdi, özem sütünleriň ýokarsynda keseligine goýlan pürsleriň üstünden gurlupdy. Her hatarda 15 sany kese pürs goýlup, pürsler jemi 45 sanydy.  Köşgüň bir⁠-⁠birine bakyp duran üç setir penjireleri* bardy.  Bir⁠-⁠birine bakyp duran şol penjireler dörtburç çarçuwalara* oturdylypdy. Köşgüň ähli gapylary we ikiýan söýeleri⁠-⁠de şeýle çarçuwalara oturdylypdy.  Süleýman uzynlygy 50 tirsek, ini 30 tirsek Sütünler eýwanyny hem gurdy, öň tarapynda sütünli başga bir eýwan bardy, onuň üsti ýapykdy.  Şeýle⁠-⁠de ol Tagt köşgüni*+ gurdy, oňa Kazyýet köşgi+ hem diýilýärdi, Süleýman şol köşkde kazylyk ederdi. Köşgüň içini aşagyndan tä ýokarsyna çenli kedr agajy bilen örtdüler.  Süleýman öz köşgüni başga bir howluda+, ýagny Kazyýet köşgüniň arkasynda gurdurdy, olaryň gurluşy meňzeşdi. Süleýman aýalyna, ýagny faraonyň gyzyna⁠-⁠da Kazyýet köşgüne meňzeş jaý gurup berdi+.  Uly howla+ çenli ähli binalar boýdan⁠-⁠başa gymmatbaha daşlardan+ gurlupdy. Daşlar ölçeglerine görä ýonulyp, iç we daş ýüzleri byçgylar* bilen kesilipdi. 10  Binalaryň düýbüne ullakan we gymmatbaha daşlar goýlupdy. Daşlaryň käbiriniň ululygy on tirsek, käbiriniňki sekiz tirsekdi. 11  Olaryň üstüne⁠-⁠de ölçeglerine görä ýonulan gymmatbaha daşlar we kedr agaçlary örülipdi. 12  Ýehowanyň öýüniň içki howlusynda+ we ybadathananyň minarasynda+ edilişi ýaly, uly howlynyň haýadyna⁠-⁠da üç hatar ýonulan daş örülip, üstüne bir hatar kedr agajy goýlupdy. 13  Süleýman patyşa Tire adam iberip, Huramy+ getirtdi. 14  Ol naftaly taýpasyndan dul aýalyň ogludy, kakasy bolsa tirli mis ussasydy+. Huram başarjaň, düşünjeli+ we misden* her dürli zatlary ýasamaga ökde adamdy. Ol Süleýman patyşanyň ýanyna gelip, tabşyran işlerini etdi. 15  Huram misden iki sütün ýasady+. Her sütüniň beýikligi 18 tirsekdi, daşyny ýüp bilen ölçäniňde 12 tirsekdi+. 16  Ol misi eretdi⁠-⁠de, iki täç* ýasap, sütünleriň depesinde goýdy. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi. 17  Her sütüniň depesindäki täçler zynjyrly tor bilen bezelipdi+. Täçleriň hersinde ýedi sany zynjyrly tor bardy. 18  Soňra ol naryň şekillerini ýasady. Olary sütünleriň depesindäki täçlere iki setir edip goýdy. Ol iki täji hem şeýdip ýasady. 19  Minaranyň öňünde duran sütünleriň depesindäki täçler çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy, beýikligi dört tirsekdi. 20  Täçleriň aşaky böleginiň tor bilen bezelen güberçek ýeri iki sütüniň üstünde oturdylypdy. Her täjiň daşyndan 200 sany naryň şekili iki setir edip goýlandy+. 21  Ol sütünleri ybadathananyň minarasynyň+ öňünde goýdy. Sag* tarapdaky sütüne Ýahin*, çep* tarapdaky sütüne bolsa Bowaz* diýip at dakdy+. 22  Sütünleriň ýokarsy çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy. Şeýdip, sütünler bilen bagly işler doly tamamlandy. 23  Soňra ol misi eredip, howuz*+ ýasady. Howuz tegelekdi, bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli 10 tirsekdi, beýikligi 5 tirsek, daşyny hem ýüp bilen ölçäniňde 30 tirsekdi+. 24  Howzuň erňeginde* her tirsek aralykda on⁠-⁠ondan iki setir ýabany garpyzyň şekili bardy+. Olar howzuň daş⁠-⁠töweregine aýlanyp durdy. Olar howuz bilen birlikde guýlup ýasalypdy. 25  Howuz misden ýasalan 12 öküziň+ üstünde durdy. Üç öküz demirgazyga, üç öküz günbatara, üç öküz günorta, üç öküz bolsa gündogara seredip durdy. Howuz öküzleriň üstünde goýlupdy, olaryň yzky aýaklary howzuň aşagynda galýardy. 26  Howzuň galyňlygy dört barmakdy*, agzy käsäniň agzy ýalydy we çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy. Howzuň içine 2 000 çelege* barabar suw guýulmalydy. 27  Soňra ol misden on araba+ ýasady. Her arabanyň uzynlygy dört tirsek, ini dört tirsek, beýikligi bolsa üç tirsekdi. 28  Arabalar şeýle ýasalypdy: her arabanyň gapdalyna gözenek edilip, içine mis bölekler oturdyldy. 29  Gözenegiň içindäki mis bölekler ýolbarslaryň+, öküzleriň we keruplaryň şekili+ bilen bezeldi. Gözenegiň ýokarsy hem şeýle bezelipdi. Ýolbarslaryň we öküzleriň aşagy⁠-⁠ýokarsy bolsa aýlaw⁠-⁠aýlaw güller bilen nagyşlanypdy. 30  Her arabanyň misden dört tigri bardy, her iki tigri birleşdirýän mis oklary bardy. Tigirler hem⁠-⁠de oklar arabanyň dört aýagyna berkidilendi. Legeniň aşagynda⁠-⁠da diregler bardy. Olaryň hersiniň ýüzüne aýlaw⁠-⁠aýlaw gülleriň nagyşlary salnypdy. 31  Legen arabanyň üstündäki çarçuwada oturdylandy. Legeniň düýbünden çarçuwanyň başlanýan ýerine çenli aralyk bir tirsekdi. Çarçuwanyň agzy tegelekdi, boýy aşagyndaky diregler bilen bilelikde bir ýarym tirsekdi. Çarçuwanyň ýüzi nagyşlanypdy, gapdalyndaky bölekler tegelek däl⁠-⁠de, dörtburçdy. 32  Arabanyň gapdalyna dakylan mis bölekleriň aşagynda dört tigri bardy. Tigriň okuny saklaýan direg araba berkidilendi. Her tigriň beýikligi bir ýarym tirsekdi. 33  Tigirleriň ýasalyşy at arabalaryňky ýalydy, olaryň diregleriniň, daşky aýlawlarynyň, keýeleriniň* we toplarynyň bary bile guýlup ýasalypdy. 34  Her arabanyň dört burçunda dört diregi bardy. Olaryň hemmesi araba bilen bitewi edilip guýlupdy. 35  Arabanyň ýokarsyndaky tegelek çarçuwanyň beýikligi ýarym tirsekdi. Çarçuwanyň gözenegi we gapdal bölekleri araba bilen guýlup ýasalypdy. 36  Ol çarçuwanyň gözenegini we gapdal böleklerini keruplaryň, ýolbarslaryň we palma agaçlarynyň şekili bilen bezäp, daşyny aýlaw⁠-⁠aýlaw güller bilen nagyşlady+. 37  Ol on arabany+ hem şeýdip ýasady. Ählisiniň guýluşy⁠-⁠da+, ölçegi⁠-⁠de, şekili⁠-⁠de birmeňzeşdi. 38  Şeýle⁠-⁠de ol misden on legen ýasady+. Olaryň agzynyň giňligi dört tirsek bolup, hersiniň içine 40 çelek suw sygýardy. On arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy. 39  Ol arabalaryň bäşisini öýüň sag tarapynda, bäşisini çep tarapynda goýdy. Howzy hem öýüň sag tarapynda, ýagny günorta⁠-⁠gündogarynda goýdy+. 40  Huram+ başga⁠-⁠da legenleri, pilçeleri+ we tabaklary+ ýasady. Ol Ýehowanyň öýünde Süleýman patyşanyň tabşyran ähli işlerini tamamlady+. 41  Huram iki sütüni+, olaryň depesindäki käse şekilli täçleri, olary bezemek üçin iki sany zynjyrly tory+, 42  iki sütüniň depesindäki käse şekilli täçleri bezemek üçin, şol torlara iki setir edip dakar ýaly 400 sany naryň şekilini+, 43  on arabany+, olaryň üstündäki on legeni+, 44  howzy+ we onuň aşagyndaky 12 öküzi, 45  gaplary, pilçeleri, tabaklary we Ýehowanyň öýi üçin Süleýman patyşanyň aýdan başga⁠-⁠da gap⁠-⁠gaçlaryny ýasady. Huram olaryň ählisini ýalpyldawuk misden ýasapdy. 46  Patyşa olary Iordan düzlüginde, Sukot bilen Zaretanyň aralygynda toýun galyplara guýup ýasatdy. 47  Gap⁠-⁠gaçlar örän köpdi, şol sebäpli Süleýman olaryň agramyny ölçemedi. Olary ýasamak üçin näçe misiň gidendigi belli däldi+. 48  Süleýman Ýehowanyň öýi üçin gerek zatlary: altyn ojagy*+, hödür çörek goýulýan altyn stoly+, 49  sap altyndan şemdanlary+ (olar içki otagyň öňünde, bäşisi sag tarapda, bäşisi çep tarapda goýlupdy), altyn gülleri+, şemleri, gysgyçlary+, 50  sap altyndan legenleri, ot söndürgiçleri+, tabaklary, käseleri+, külatarlary+ we içki otagyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem⁠-⁠de ybadathananyň esasy binasynyň gapylarynyň+ düýbüni altyndan ýasady. 51  Şeýlelikde, Süleýman patyşa Ýehowanyň öýi bilen bagly işleri tamamlady. Ol kakasy Dawudyň Hudaýa bagyş eden*+ altyn⁠-⁠kümüşlerini we başga⁠-⁠da zatlaryny getirip, Ýehowanyň öýüniň hazynalarynda goýdy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: çarçuwaly penjireleri.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: eýwanyny.
Ýa⁠-⁠da: erreler.
Ýa⁠-⁠da: bürünçden. Şu bapda bürünç göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin.
Sütünleriň ýokarsyndaky bezelen ýeri göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: Günorta.
Manysy: Goý, ol (Ýehowa) berkitsin.
Ýa⁠-⁠da: demirgazyk.
«Güýç bilen» diýmegi aňladýan bolmagy mümkin.
Sözme⁠-⁠söz: deňiz.
Ýa⁠-⁠da: agzynyň aşagynda.
Arabanyň tigriniň daşky aýlawy bilen topuny birleşdirýän diregler.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes eden.