Birinji Korinfliler 1:1—31
1 Pawlus Hudaýyň emri bilen Isa Mesihiň resuly boldy+. Ol Sostenis doganymyz bilen
2 Hudaýyň Korinfdäki+ ýygnagyna hat ýazýar. Hudaý sizi Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde+ mukaddes etdi we Halypamyz Isa Mesihiň adyny çagyranlar bilen mukaddes bolmaga saýlady+.
3 Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!
4 Isa Mesih arkaly ýagşylyk eden Hudaýa hemişe minnetdar.
5 Sebäbi Hudaý Isa Mesih arkaly wagyz etmäge ukyp berdi we bilimiňizi artdyrdy+.
6 Siziň Mesih hakdaky aýdylanlara+ ynamyňyz hasam berkedi.
7 Şonuň üçin Halypamyz Isa Mesihiň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýan wagtyňyz+ zada zar bolmarsyňyz.
8 Halypamyz Isa Mesihiň gelmeli gününde hiç kim sizi aýyplap bilmez ýaly+, Hudaý soňuna çenli berk durmaga kömek eder.
9 Hudaý wadasynda durýandyr+. Ol sizi Ogly, Halypamyz Isa Mesih bilen işdeş* bolmaga çagyrdy.
10 Doganlar, Halypamyz Isa Mesihiň adyndan haýyş edýärin: ähli zatda ylalaşykly boluň, araňyzda bölünişik bolmasyn+, bir pikirde we bir garaýyşda boluň+.
11 Doganlarym, Hloýanyň öý-içerisindäkiler araňyzda agzalalygyň dörändigini habar berdiler.
12 Siziň käbiriňiz: «Men Pawlusyň şägirdi, men Apollosyň+ şägirdi, men Kifanyň* şägirdi, men Mesihiň şägirdi» diýýän ekeniňiz.
13 Mesihiň ýygnagy bölündimi näme? Siziň üçin Pawlus pürse çüýlendimi? Ýa-da siz Pawlusyň ady bilen suwa çümdürildiňizmi?
14 Hudaýa şükür, men Krispus+ bilen Gaýdan+ başga hiç kimi suwa çümdürmedim.
15 Şonuň üçin hiç kim: «Seniň adyň bilen suwa çümdürildik» diýip bilmez.
16 Men Stefanisiň öý-içerisindäkileri hem suwa çümdüripdim+. Ýöne olardan başgasyny suwa çümdürenim ýadyma düşmeýär.
17 Mesih meni suwa çümdürmek üçin däl, hoş habary wagyz etmek üçin iberdi+. Ol meni akyldarlar ýaly geplemek üçin hem ibermedi, ýogsam Mesihiň jebir pürsünde* ölmeginiň peýdasy bolmazdy.
18 Mesihiň jebir pürsünde ölendigi hakdaky habar heläk boljak adamlar üçin akmaklykdyr+. Emma biz, ýagny halas boljaklar munuň Hudaýyň güýji bilen bolandygyna ynanýarys+.
19 Sebäbi: «Danalaryň akyldarlygyny, paýhasly adamlaryň düşünjesini puç ederin» diýip ýazylgy+.
20 Hany akyldarlar? Hany Töwradyň mugallymlary?* Hany şu dünýäniň* dawaçyl adamlary? Hudaý dünýäniň akyldarlarynyň akylsyzdygyny görkezmedimi näme?
21 Şu dünýäniň adamlary özlerini akyldar saýyp, Hudaýy tanamadylar+ we hoş habary akmaklyk hasapladylar+. Emma Hudaý hoş habara iman edýän adamlary halas edip, akyldarlygyny görkezdi+.
22 Hawa, ýehudylar alamat talap edýär+, grekler akyldarlygy gözleýär.
23 Biz bolsa pürse çüýlenen Mesih hakda wagyz edýäris. Ol habara ýehudylar büdredi, başga halklar bolsa akmaklyk hasaplady+.
24 Emma Hudaý ýehudylary we grekleri saýlap, Mesih arkaly akyldarlygyny+, güýjüni görkezdi.
25 Adamlar Hudaýyň gullukçylaryny* akmak we ejiz hasaplaýar. Ýöne olar dünýäniň akyldarlaryndan paýhaslydyr we pälwanlaryndan has güýçlüdir+.
26 Doganlar, Hudaý sizi saýlanda, adamlar köpiňizi paýhasly+, güýçli we atly-abraýly hasaplamaýardy+.
27 Emma Hudaý dünýäniň akyldarlaryny utandyrmak üçin adamlaryň akylsyz hasaplaýanlaryny saýlady. Dünýäniň güýçlülerini utandyrmak üçin, adamlaryň ejiz görýänlerini saýlady+.
28 Hudaý abraýsyz, kemsidilýän we äsgerilmeýän adamlary* saýlap, dünýäniň atly-abraýly adamlaryny masgara etdi+.
29 Şonuň üçin Hudaýyň öňünde hiç kim öwnüp bilmez.
30 Siz bolsa Hudaýyň niýetine görä, Isa Mesihiň şägirdi bolduňyz. Ol bize Hudaýyň akyldarlygyny we dogruçyllygyny görkezdi+. Biz Isanyň kömegi bilen mukaddes bolup+, töleg gurbany arkaly günäden azat bolup bilýäris+.
31 Şeýdip, «Öwünýän adam, goý, Ýehowa* Hudaýyna öwünsin»+ diýen sözler berjaý bolsun.
Çykgytlar
^ Ýa-da: agzybir.
^ Ýagny Petrus.
^ Sözme-söz: kanunçylar?
^ Ýa-da: zatlaryny.
^ Ýa-da: zatlary.