Birinji Korinfliler 12:1—31
12 Doganlar, indi bolsa Hudaýyň ruhy arkaly berilýän ukyplar*+ hakda aýtmak isleýärin.
2 Mesihçi bolmankaňyz, adamlar size täsir edip, dürli ýollar bilen dilsiz-agyzsyz butlara+ sežde etdirýärdiler.
3 Siziň şuny-da bilmegiňizi isleýärin, Hudaýyň ruhy bilen gepleýän adam: «Isa nälet bolsun!» diýmez ýa-da mukaddes ruhy almadyk adam: «Isa Halypam!» diýip bilmez+.
4 Hawa, ukyplar* dürli-dürli bolsa-da, ruh birdir+.
5 Dürli usullar bilen hyzmat etsek-de+, Halypamyz birdir.
6 Dürli-dürli işler ýerine ýetirilse-de, hemmelere ukyp berýän Hudaý birdir+.
7 Emma mukaddes ruhuň güýji her kese belli bir maksat bilen berilýär+.
8 Sebäbi mukaddes ruh birine akyldarlyk berse, beýlekisine bilim berýär.
9 Mukaddes ruh birine iman berse+, beýlekisine syrkawlary sagaltmaga güýç berýär+.
10 Şol ruh birine gudrat görkezmäge güýç berýär+, beýlekisine pygamberlik etmäge ukyp berýär. Birine ylhamly sözlere düşünmäge ukyp berýär+, beýlekisine dürli dillerde geplemäge kömek edýär+, ýene biri şol ruhuň kömegi bilen terjime edýär+.
11 Ýöne olaryň ählisine şol bir ruh arkaly Hudaýyň isleýşi ýaly ukyp berilýär.
12 Bedeniň agzalary köpdür. Ýöne olar köp bolsa-da, hemmesi bir bedene degişlidir+. Mesihiň bedeni babatda-da şeýle diýse bolar.
13 Ýehudy ýa grek bolsun, gul ýa azat adam bolsun, hemmämiz bir ruh arkaly çümdürilip, bir beden bolduk we ählimiz şol ruha eýe bolduk.
14 Dogrudan-da, bedeniň bir däl-de, köp agzalary bar+.
15 Eger aýak: «Men el däl, şonuň üçin bedeniň agzasy däl» diýse, onuň bedene degişli däldigini aňlatmaýar.
16 Gulak: «Men göz däl, şonuň üçin bedeniň agzasy däl» diýse, onuň bedene degişli däldigini aňlatmaýar.
17 Eger tutuş beden göz bolsa, onda gulak nirede bolardy? Tutuş beden gulak bolsa, burun nirede bolardy?
18 Ýöne Hudaý bedeniň her bir agzasyny isleýşi ýaly ýerleşdirdi.
19 Eger agzalaryň hemmesi birmeňzeş bolsa, ol nädip beden bolsun?
20 Agzalar köp bolsa-da, beden birdir.
21 Göz ele: «Sen maňa gerek däl» diýip bilmez ýa-da kelle aýaklara: «Siz maňa gerek däl» diýip bilmez.
22 Gaýtam bedeniň ejiz görünýän agzalary has gereklidir.
23 Bedeniň gelşiksiz görünýän agzalary hakda has köp alada edilýär+. Şonda gelşiksiz görünýän agzalarymyz has köp hormata mynasyp bolýar.
24 Sebäbi gelşikli agzalaryň aladasyny etmek hökman däl. Emma Hudaý bedeni ýaradanda, gelşiksiz görünýän agzalaryny has-da ähmiýetli etdi.
25 Şeýlelikde, Hudaý beden agzalarynyň biri-birine hyzmat edip, agzybir bolmagyny isledi+.
26 Eger bedeniň bir agzasy ejir çekse, beýleki agzalary hem ejir çekýär+. Bedeniň bir agzasy şöhratlansa, beýleki agzalary hem şatlanýar+.
27 Siz Mesihiň bedeni+, heriňiz bedeniň bir agzasy+.
28 Hudaý ýygnakda her kime aýratyn orun berdi: ilki resullary+, soňra pygamberleri+, mugallymlary+, gudrat görkezýänleri+, syrkawlary sagaldýanlary+, hyzmat edýänleri, ýolbaşçylyk edýänleri+ we dürli dilde gepleýänleri+ belledi.
29 Olaryň hemmesi resulmy? Hemmesi pygambermi? Hemmesi mugallymmy? Hemmesi gudrat görkezýärmi?
30 Hemmesi sagaldyp bilýärmi? Hemmesi dürli dilde gepleýärmi?+ Hemmesi terjimeçimi?+
31 Ýöne siz has gowy ukyplary* almaga tagalla ediň+. Men bolsa size has gowusyny* görkezerin+.