Birinji Korinfliler 13:1—13

13  Eger men ynsanlaryň we perişdeleriň dilinde gepläp-de, söýgim bolmasa, onda kakylýan jaň* ýa-da bürünç çan* ýalydyryn.  Pygamberlik etmek ukybym bolup, ähli mukaddes syrlara we çuňňur bilime düşünýän bolsam+, hatda daglary ýerinden süýşürip biljek imanym bolup-da, söýgim bolmasa, meniň edýän işlerim biderekdir*+.  Garyplary doýurjak bolup ähli zadymy satsam+, gahryman boljak bolup janymy gurban etsem, ýöne söýgim bolmasa+, bary biderekdir.  Söýgi+ sabyrlydyr*+, mähirlidir+. Söýgi göriplik etmeýär+, öwünmeýär, tekepbirlik etmeýär+,  gödeklik* etmeýär+, öz peýdasyna çapmaýar+, çalt gaharlanmaýar+, ýalňyşlaryň hasabyny ýöretmeýär*+.  Söýgi ýamanlyga* şatlanmaýar+, ol hakykata begenýär.  Söýgi ähli zada döz gelýär+, ähli zada ynanýar+, ähli zada umyt edýär+, ähli zada çydaýar+.  Söýgi hiç haçan gutarmaz. Emma pygamberlik edýänleriň we dürli dilde gepleýänleriň ukyby ýitip gider, bilim bolsa ýok bolar.  Sebäbi häzir biraz bilimimiz bar+ we biraz pygamberlik edýäris. 10  Emma çuňňur bilim alanymyzda we jikme-jik pygamberlik edenimizde, biraz diýen düşünje asla bolmaz. 11  Men çagakam, çaga ýaly gepleýärdim, çaga ýaly pikirlenýärdim, çaga ýaly oýlanýardym. Ýöne ulalanymda, çaga ýaly bolmadym. 12  Häzir dury görkezmeýän aýnada görýän ýalydyrys, ýöne gelejekde ähli zady gözümiz bilen göreris. Häzir men Hudaý barada biraz bilýärin, gelejekde bolsa onuň meni tanaýşy ýaly, menem ony gowy tanaryn. 13  Emma häzir üçüsi galýandyr: iman, umyt, söýgi. Olaryň iň beýigi söýgüdir+.

Çykgytlar

Sözme-söz: seslenýän gong. Kakylyp çalynýan saz guraly.
Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.
Sözme-söz: men hiç zatdyryn.
Ýa-da: çydamlydyr.
Ýa-da: içinde kine saklamaýar.
Ýa-da: edepsizlik.
Ýa-da: adalatsyzlyga; erbet işe.