Birinji Korinfliler 2:1—16
2 Doganlar, size Hudaýyň mukaddes syryny aýtmaga+ baranymda, owadan sözlerim+ ýa-da akyldarlygym bilen haýran galdyrjak bolmadym.
2 Sebäbi men size diňe Isa Mesih we onuň pürse çüýlenmegi hakda aýtmak isleýärdim+.
3 Siziň ýanyňyza baranymda ejizdim we gorkudan ýaňa sandyraýardym.
4 Wagyz edenimde haýran galdyryjy sözleri aýdyp, sizi ynandyrjak bolmaýardym. Gaýtam Hudaýyň ruhunyň güýji bilen delilleri getirýärdim+.
5 Sebäbi ynsan akyldarlygyna däl-de, Hudaýyň güýjüne iman etmegiňizi isleýärdim.
6 Biz akyldarlyk hakda ruhy taýdan ösen adamlara gürrüň berýäris+. Emma şu dünýäniň* ýa-da ýok bolup gitjek hökümdarlaryň akyldarlygy barada aýtmaýarys+.
7 Biz mukaddes syr+, ýagny Hudaýyň gizlin akyldarlygy hakda gürrüň edýäris. Ol dünýä döredilmänkä bardy. Hudaý ol arkaly bizi şan-şöhrata ýetirmek isläpdi*.
8 Onuň akyldarlygyna dünýäniň* hiç bir hökümdary düşünmedi+. Eger düşünen bolsadylar, beýik Halypamyz Isany pürse çüýlemezdiler.
9 Mukaddes kitaplarda aýdylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin taýýarlanan zatlary adamlar ne görendir, ne eşidendir, ne-de pikir edendir»+.
10 Emma bize Hudaýyň ruhy+ şol zatlary düşündirdi+, sebäbi ruh ähli zada, hatda Hudaýyň çäksiz akyldarlygyna-da düşünýär+.
11 Adamyň pikirini özünden başga hiç kim bilýän däldir. Hudaýyň pikirini-de hiç kim bilýän däldir, diňe mukaddes ruh bilýändir.
12 Hudaýyň söýgi bilen beren zatlaryna düşünmäge dünýäniň ruhy däl-de, Hudaýyň ruhy kömek edýär+.
13 Biz akyldarlaryň öwredişi ýaly däl-de+, mukaddes ruhuň öwredişi ýaly gepleýäris+, ruhy zatlary mukaddes ruhuň kömegi bilen düşündirýäris.
14 Ten höweslerine eýerýän adam Hudaýyň mukaddes ruhunyň aýdýan zatlaryny kabul etmeýär*, olary akmaklyk hasaplaýar, hatda düşünip hem bilmeýär, sebäbi olara düşünmek üçin mukaddes ruhuň kömegi gerek.
15 Ruha eýerýän adam bolsa hemme zada düşünýär+, hiç kim şeýle adamy ýazgaryp bilmeýär.
16 Sebäbi: «Ýehowa* maslahat berer ýaly, onuň pikirini bilýän barmy?»+ diýip ýazylgy. Biz bolsa Mesihiň pikir edişi ýaly pikir edýäris+.