Birinji Korinfliler 4:1—21

  • Iş dolandyryjylar wepaly bolmaly (1—5)

  • Mesihçiler pesgöwünli bolmaly (6—13)

    • «Ýazylan zatlaryň çäginden çykmaň» (6)

    • Mesihçiler «sahnada» (9)

  • Pawlus ruhy çagalary hakda alada edýär (14—21)

4  Goý, adamlar bize Mesihiň hyzmatkärleri we Hudaýyň mukaddes syryny+ bilmäge kömek edýän gullukçylar hökmünde garasynlar.  Ýöne gullukçylar iş dolandyryjy kimin wepaly bolmaly.  Maňa siz höküm çykaryň ýa-da kazylar höküm çykarsyn, hiç hili tapawudy ýok. Aslynda, men özüme-de höküm çykarmaýaryn.  Ynsabym ezýet bermese-de, özümi dogruçyl hasaplamaga hakym ýokdur, sebäbi maňa Ýehowa* höküm çykarýar+.  Şonuň üçin Halypamyz gelmänkä, hiç kime höküm çykarmaň+. Halypamyz gelip, garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar we adamlaryň ýüregindäki niýetini mälim eder. Her bir adam eden işine görä Hudaýdan alkyş alar+.  Doganlar, men özüm we Apollos+ hakda aýdyp, siziň wajyp zady öwrenmegiňizi isleýärin. Siz: «Ýazylan zatlaryň çäginden çykmaň» diýen tabşyryga gulak assaňyz, tekepbir bolmarsyňyz+ we bir adamy başga birinden ýokary tutmarsyňyz.  Seniň başgalardan näme artykmaç ýeriň bar? Saňa ähli zady Hudaý bermedimi näme?+ Eger ähli zady Hudaý beren bolsa, onda näme üçin özüň gazanan ýaly öwünýärsiň?  Siz gerk-gäbe doýduňyzmy? Eýýäm baýadyňyzmy? Patyşalar kimin bizsiz höküm sürüp başladyňyzmy?+ Siziň patyşa bolup höküm sürmegiňizi isleýärin, şonda bizem höküm sürüp bileris+.  Meniň pikirimçe, Hudaý resullary ölüme höküm edilenler+ kimin iň soňunda sahna çykardy+, sebäbi biz dünýä, perişdelere we adamlara tomaşa bolduk. 10  Biz Mesihe hyzmat edýändigimiz üçin akmak hasaplandyk+, siz bolsa özüňizi akylly saýýarsyňyz. Biz ejiz, siz bolsa güýçli, bizi kemsidýärler, sizi bolsa hormatlaýarlar. 11  Biz şu wagta çenli aç-ýalaňaç+, urlup-ýenjilip+ we öý-öwzarsyz gezip ýörüs. 12  Öz ellerimiz bilen zähmet çekýäris+. Sögýän adamlara mähirli bolýarys+, yzarlanlarynda sabyrly çydaýarys+, 13  töhmet atanlarynda ýumşak jogap berýäris+. Bizi häzire çenli dünýäniň zir-zibili we hapa zatlary hasaplaýarlar. 14  Men bulary sizi utandyrmak üçin ýazmaýaryn, gowy görýän çagalarym ýaly öwüt-nesihat berýärin. 15  Mesihiň şägirtleriniň arasynda müňlerçe terbiýeçiňiz* bolsa-da, ataňyz köp däldir. Men Isa Mesih hakda hoş habary wagyz edendigim üçin ataňyz boldum+. 16  Siz hem menden görelde alyň+. 17  Munuň üçin ýanyňyza Halypamyza wepaly gulluk edýän eziz oglum Timoteosy iberýärin. Ähli ýygnaklarda öwredişim ýaly, ol size Isa Mesihiň gullukçysy hökmünde ulanýan usullarymy ýatladar+. 18  Siziň käbiriňiz: «Ol gelmez» diýip, özüňizi ýokary tutupsyňyz. 19  Ýehowa* islese, tizden ýanyňyza bararyn, özüni ýokary tutýan tekepbirleriň sözlerine däl-de, Hudaýyň güýji bilen edýän işlerine üns bererin. 20  Adamyň Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolýandygyny aýdýan sözlerinden däl-de, Hudaýyň güýji bilen edýän işlerinden bilse bolýar. 21  Siz näme etmegimi isleýärsiňiz? Siziň ýanyňyza taýakly baraýynmy+ ýa-da söýgi we mähir bilen?