Birinji Musa 13:1—18

  • Ybram Kengana dolanýar (1—4)

  • Ybram bilen Lut aýry ýaşap başlaýar (5—13)

  • Hudaý Ybrama wadasyny gaýtalaýar (14—18)

13  Ybram aýalyny we bütin mal⁠-⁠mülküni alyp, Müsürden Negebe+ ýola düşdi. Lut hem ýanyndady.  Ybramyň mal⁠-⁠garasy, altyn⁠-⁠kümşi köpdi+.  Ol her ýerde düşläp, Negepden Beýtele tarap ýöredi. Şeýlelikde, Beýtel bilen Aý şäheriniň+ aralygynda öňki düşlän ýerine geldi.  Ybram öň şol ýerde gurbanlyk ojagyny* gurupdy. Ol ýene⁠-⁠de Ýehowanyň adyny çagyrdy.  Ybramyň ýany bilen gaýdan Lutuň hem goýunlary, sygyrlary, çadyrlary bardy.  Şonuň üçin olara öri meýdanlary darlyk edip başlady. Mal⁠-⁠garalary gitdigiçe köpelip, bile ýaşar ýaly bolmady.  Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlary dawalaşyp başlady. Şol wagtlar ýurtda kenganlar bilen perizler ýaşaýardy+.  Şonda Ybram Luta+: «Ikimiziň⁠-⁠de, çopanlarymyzyň⁠-⁠da arasynda dawa⁠-⁠jenjel bolmasyn, biz dogan ahyryn.  Gel, aýry ýaşaly. Göwnüňe ýaran ýeri saýla. Sen çepe gitseň, men saga gideýin, saga gitseň, çepe gideýin» diýdi. 10  Lut töweregine göz aýlap görse, Iordan topragy+ bilen Sogar+ aralygy Ýehowanyň döreden bagy+ ýaly, Müsür ýurdy ýaly bol suwludy. Şol wagt Ýehowa heniz Sodom bilen Gomorrany ýok etmändi. 11  Lut Iordan topragyny saýlap, gündogara göçdi. Şeýdip, olar aýry ýaşap başladylar. 12  Ybram Kengan ýurdunda galdy, Lut bolsa Iordanyň golaýyndaky şäherleriň töwereginde ýaşady+. Ahyry ol Sodomyň golaýyna göçüp bardy. 13  Sodomyň ilaty erbetdi, Ýehowanyň öňünde agyr günäleri edýärdi+. 14  Lut aýry ýaşap başlandan soň, Ýehowa Ybrama: «Haýyş edýärin, başyňy galdyr⁠-⁠da, töweregiňe* seret. 15  Görýän topragyňy saňa we nesliňe ebedilik mülk edip bererin+. 16  Nesliňi çäge deý köpelderin. Çägäni sanap bolmaýşy ýaly, nesliň hem sansyz⁠-⁠sajaksyz bolar+. 17  Ýurda aýlanyp çyk, ony saňa berjek» diýdi. 18  Şeýlelikde, Ybram göçüp⁠-⁠gonup, çadyrda ýaşaberdi. Biraz wagtdan ol Hebrondaky+ Mamräniň uly agaçlarynyň+ golaýyna göçüp bardy. Şol ýerde ol Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurdy+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: demirgazyga, günorta, gündogara we günbatara.