Birinji Musa 18:1—33

  • Ybraýymyň ýanyna üç perişde gelýär (1—8)

  • Bibisara ogul wada berilýär; Bibisara gülýär (9—15)

  • Ybraýym Sodom üçin ýalbarýar (16—33)

18  Soňra Ýehowa+ Mamredäki uly agaçlaryň+ golaýynda Ybraýyma göründi. Günortanyň jokrama yssysydy. Ybraýym çadyryň agzynda otyrdy.  Ol töweregine göz aýlanda, aňyrrakda üç adamy gördi+. Ybraýym dessine ýerinden turdy⁠-⁠da, ylgap olaryň öňünden çykdy. Ol iki bükülip, tagzym etdi⁠-⁠de:  «Eý Ýehowa, menden razy bolsaň, haýyş edýärin, meniň myhmanym bol.  Aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin+. Agajyň saýasyna geçip, dynjyňyzy alyň.  Gapymdan gelipsiňiz. Bir döwüm çörek iýip, güýç toplaň, soň gidersiňiz» diýdi. Olar hem: «Bolýar, goý, seniň diýeniň bolsun» diýdiler.  Ybraýym ylgap, çadyra Bibisaranyň ýanyna baryp: «Derrew iň gowy undan üç kersen* hamyr ýugrup, çörek bişir» diýdi.  Soňam ylgap gidip, sürüden bir semiz öküzçäni aldy⁠-⁠da, hyzmatkärine berdi. Ol hem dessine malyň damagyny çalyp, nahar bişirdi.  Ybraýym ýag, süýt hem⁠-⁠de ýaňky bişirilen eti myhmanlaryň öňüne getirip goýdy. Olar iýip⁠-⁠içip başladylar. Ybraýym hem myhmanlara hyzmat etmek üçin agajyň aşagynda durdy+.  Olar Ybraýymdan: «Aýalyň Bibisara+ nirede?» diýip soradylar. Ol: «Çadyrda» diýip jogap berdi. 10  Myhmanlaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar size ýene gelerin. Şonda aýalyň Bibisaranyň ogly bolar»+ diýdi. Şol wagt Bibisara ol adamyň arka tarapyndaky çadyryň agzynda bar gürrüňi diňläp durdy. 11  Ybraýym bilen Bibisaranyň ýaşy bir çene barypdy+. Bibisara çaga dogurmakdan galypdy*+. 12  Şonuň üçin ol gülüp, içinden: «Men⁠-⁠ä bir garry, ärimiň* hem ýaşy bir çene barypdyr. Indi maňa beýle bagt ýetdirermikä?»+ diýdi. 13  Şonda Ýehowa Ybraýyma: «Bibisara näme üçin gülüp: „Garry halyma çaga dogrup bilerinmi?“ diýýär? 14  Heý⁠-⁠de, Ýehowanyň başarmajak zady barmy?!+ Indiki ýyl şu wagtlar size ýene gelerin. Şonda Bibisaranyň ogly bolar» diýdi. 15  Bibisara gorkup: «Men gülmedim» diýip boýun almady. Hudaý bolsa: «Ýok, sen güldüň» diýdi. 16  Soňra myhmanlar ýola düşdi, Ybraýym olary ugratdy. Ep⁠-⁠esli ýöränlerinden soň, ýaňky adamlar Sodoma+ tarap seretdiler. 17  Şonda Ýehowa: «Men etjek bolýan zadymy Ybraýymdan gizlemäýin+. 18  Sebäbi ondan ägirt uly hem güýçli millet dörär, ýer ýüzüniň ähli halklary ol arkaly bereket alar+. 19  Men, Ýehowa, Ybraýyma beren wadalarymy berjaý ederin, sebäbi ony gowy tanaýaryn. Ogullaryna, bütin nesline dogry hem hak işleri etmegi, Ýehowanyň ýolundan ýöremegi öwretjegini⁠-⁠de bilýärin»+ diýdi. 20  Soňra Ýehowa: «Sodom bilen Gomorra şäherleri agyr günälere batdy+. Olara garşy edilýän ahy⁠-⁠nala gulagyma gelip ýetdi+. 21  Gidip, ähli zadyň anygyna ýeteýin. Dogrudanam, olar agyr günä edýärmikä?»+ diýdi. 22  Ýaňky adamlar ol ýerden Sodoma gitdiler. Ýehowa+ bolsa Ybraýymyň ýanynda galdy. 23  Ybraýym onuň golaýyna baryp: «Sen gowy* adamlary erbetler bilen bile ýok edäýjekmi?+ 24  Belki, şäherde 50 sany gowy adam bardyr. Şäheri şonda⁠-⁠da ýok edäýjekmi? Şol 50 gowy adam üçin şähere rehim etmersiňmi? 25  Sen gowy adamy erbet bilen ýok etmersiň⁠-⁠ä! Elbetde, sen hiç haçan gowy adamlara erbetler bilen deň jeza bermersiň!+ Heý⁠-⁠de, ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?!»+ diýdi. 26  Ýehowa hem: «Sodomda 50 sany gowy adam tapsam, şolar üçin şähere rehim ederin» diýdi. 27  Ybraýym ýene⁠-⁠de: «Ýehowa, öňüňde tozanjyk* ýaly bolsam⁠-⁠da, ýürek edip, seniň bilen gürleşýärin. Senden ýene bir zat soraýyn. 28  Şäherde 50 däl, 45 gowy adam bolsa näme? Şonda⁠-⁠da tutuş şäheri ýok edäýjekmi?» diýdi. Hudaý: «Eger 45 gowy adam tapsam, şäheri ýok etmerin»+ diýdi. 29  Ybraýym ýene⁠-⁠de Hudaýa ýüzlenip: «Belki, şäherde 40 gowy adam bardyr» diýdi. Hudaý: «Şol 40 adam üçin şäheri ýok etmerin» diýdi. 30  Ybraýym sözüni dowam edip: «Ýehowa, ýalbarýaryn, gaharyň gelmesin+, ýene bir zat soraýyn. Şäherde 30 adam bar bolsa näme?» diýdi. Hudaý hem: «Eger 30 sany gowy adam tapsam, şäheri ýok etmerin» diýdi. 31  Ybraýym ýene⁠-⁠de: «Ýehowa, ýürek edip, senden ýene bir zat soramakçy. Şäherde 20 sany adam bar bolsa näme?» diýdi. Hudaý bolsa: «20 adam üçin hem şäheri ýok etmerin» diýdi. 32  Ahyrynda Ybraýym: «Ýehowa, ýalbarýaryn, gaharlanma, ýene bir zat soraýyn. Şäherde 10 adam bar bolsa näme?» diýdi. Şonda Hudaý: «10 adamyň hatyrasyna⁠-⁠da şäheri ýok etmerin» diýdi. 33  Ýehowa Ybraýym bilen gepleşip boldy⁠-⁠da, öz ýoly bilen gitdi+. Ybraýym hem yzyna dolandy.

Çykgytlar

Ýa-da: görümden galypdy.
Sözme-söz: hojaýynymyň.
Ýa-da: halal; dogruçyl.
Sözme-söz: toprak hem kül.