Birinji Musa 3:1—24
3 Ýehowa Hudaýyň ýaradan ýabany haýwanlarynyň arasynda iň seresaplysy* ýylandy+. Ýylan aýaldan: «Aýtsana, dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hemmesinden iýmäň diýdimi?»+ diýip sorady.
2 Şonda aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwesinden iýip bilýäris+.
3 Diňe bagyň ortasyndaky agaçdan+ iýmeli däl, sebäbi Hudaý: „Ondan iýmäň, eliňizi-de degirmäň, ýogsam ölersiňiz“ diýdi».
4 Ýylan bolsa: «Ýok, ýok, ölmersiňiz+.
5 Aslynda, Hudaý şol agaçdan iýen günüňiz gözüňiziň açyljakdygyny we ýagşy-ýamany saýgaryp, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy+ bilýär» diýdi.
6 Şonda agajyň miwesi aýalyň gözüne juda gowy*, ýakymly bolup göründi. Seretdigiçe, seredesi geldi. Şonuň üçin agajyň miwesinden alyp iýdi+. Äri gelende, oňa-da berdi, ol hem iýdi+.
7 Olaryň ikisiniň hem gözi açylyp, ýalaňaçdyklaryna düşündiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny birleşdirip, özlerine ýapynja edindiler*+.
8 Agşamara* olar bagda aýlanyp ýören Ýehowa Hudaýyň sesini eşidip, agaçlaryň arasynda Ýehowa Hudaýdan gizlendiler.
9 Ýehowa Hudaý: «Sen nirede?» diýip, adamy gaýta-gaýta çagyrdy.
10 Ahyrsoňy adam: «Bagda sesiňi eşitdim, ýöne ýalaňaçdygyma utanyp* gizlendim» diýdi.
11 Şonda Hudaý: «Ýalaňaçdygyňy kim aýtdy?+ Iýme diýen agajymdan iýen-ä dälsiň?»+ diýip sorady.
12 Adam hem: «Seniň beren aýalyň agajyň miwesinden berdi, menem iýdim» diýdi.
13 Ýehowa Hudaý aýala: «Näme üçin beýtdiň?» diýdi. Aýalam: «Ýylan meni aldady, menem iýdim»+ diýip jogap berdi.
14 Şonda Ýehowa Hudaý ýylana+: «Eden işiň üçin, sen ähli öý haýwanlaryň we ýabany haýwanlaryň arasynda näletli bolarsyň. Bütin ömrüňe ýerde süýrenip, gum iýersiň.
15 Seniň+ bilen aýalyň+ arasyna, seniň nesliň*+ bilen onuň nesliniň+ arasyna duşmançylyk salaryn+. Ol* seniň kelläňi mynjyradar+, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň»+ diýdi.
16 Aýala bolsa: «Göwreliligiň agyr geçer ýaly ederin, çagalaryňy güýçli agyry bilen dograrsyň. Äriňe ysnyşmak islärsiň*, ol bolsa üstüňden agalyk eder» diýdi.
17 Soňra Hudaý Adam* ata: «Aýalyňy diňläp, iýme diýen+ agajymdan iýeniň üçin, toprak sen sebäpli näletlendi+. Indi hasyl almak üçin azap baryny çekseň-de+,
18 toprakdan tikenek we ýandak gögerer, meýdan otlaryny iýmeli bolarsyň.
19 Toprakdan alyndyň+, topraga dolanýançaň, maňlaý deriňi döküp, çörek iýersiň. Topraksyň, topraga-da öwrülersiň»+ diýdi.
20 Şondan soň Adam ata* aýalyna How ene* diýip at goýdy, sebäbi ol bütin adamzadyň enesi bolmalydy+.
21 Ýehowa Hudaý Adam ata bilen aýalyna deriden uzyn eşik edip berdi+.
22 Soňra Ýehowa Hudaý: «Adam indi biz ýaly ýagşy-ýamany saýgarýar+. Ol ýaşaýyş agajynyň+ hem miwesine el uraýmasyn, ondan iýip, ebedi ýaşaýmasyn» diýdi.
23 Şeýdip, Ýehowa Hudaý olary* Erem bagyndan+ kowdy. Olar toprakdan ýaradylypdy+. Indi şol topragy hem işläp bejermelidiler.
24 Hudaý adamy kowup çykardy-da, ýaşaýyş agajyna barýan ýoly goramak üçin, Erem bagynyň gündogarynda keruplary*+ we aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy.
Çykgytlar
^ Ýa-da: duýgury; mekiri.
^ Ýa-da: iýmit üçin gowy.
^ Ýa-da: uýat ýerlerini ýapdylar.
^ Ýa-da: Salkyn düşende.
^ Sözme-söz: gorkup.
^ Ýagny aýalyň nesli.
^ Sözme-söz: tohumyň.
^ Ýa-da: Äriň söýgüsine zar bolarsyň.
^ Manysy: Ynsan; adamzat; toprakdan alnan adam.
^ Manysy: Ýaşaýan. Sözme-söz: How.
^ Sözme-söz: Adam.
^ Sözme-söz: ony.