Birinji Musa 46:1—34
46 Ysraýyl bütin maşgalasyny* alyp, ýola düşdi. Beýer-şeba+ ýetip, kakasy Yshagyň Hudaýyna+ gurbanlyklar hödürledi.
2 Gije Hudaý Ysraýyla görnüp*: «Ýakup, Ýakup!» diýdi. Ol hem: «Diňleýärin!» diýip jogap berdi.
3 Şonda Hudaý: «Men hak Hudaý, kakaň Hudaýydyryn!+ Müsüre gitmäge gorkma. Şol ýerde senden uly millet dörederin+.
4 Müsüre ýanyň bilen özüm giderin, ýurduňa-da özüm gaýtaryp getirerin+. Ölüm ýassygynda ýatyrkaň, başujuňda Ýusup oturar*»+ diýdi.
5 Soňra Ýakup Beýer-şebadan çykyp, ýoluny dowam etdi. Ogullary kakasyny, çagalaryny we aýallaryny faraonyň iberen arabalaryna mündürdiler.
6 Olar Kenganda edinen mallaryny we goş-golamlaryny hem alyp gaýtdylar. Şeýlelikde, Ýakup bütin maşgalasy bilen Müsüre göçdi.
7 Ol ogul-gyzlaryny, agtyklaryny ýany bilen alyp gaýtdy.
8 Ysraýylyň, ýagny Ýakubyň Müsüre gelen ogullary şulardyr+: Ýakubyň uly ogly Ruben+.
9 Rubeniň ogullary: Hanoh, Palluw, Hesron we Karmi+.
10 Şimgonyň+ ogullary: Ýemuwel, Ýamin, Ahat, Ýahin, Zohar we kenganlardan alan aýalyndan Şewul+.
11 Lewiniň+ ogullary: Gerşon, Kohat we Merar+.
12 Ýahudanyň+ ogullary: Er, Onan, Şela+, Perez+ we Zera+. Er bilen Onan Kenganda aradan çykypdy+.
Pereziň Hesron we Hamul+ diýen ogullary boldy.
13 Ysaharyň ogullary: Tola, Puwan, Ýup we Şimron+.
14 Zebulunyň+ ogullary: Serat, Elon we Ýahlyýel+.
15 Bular Ýakubyň Leýadan bolan ogullarydyr. Leýa olary we gyzy Dinany+ Paddan-aramda dogrupdy. Ýakubyň Leýadan jemi 33 ogul-gyzy* boldy.
16 Gadyň+ ogullary: Sepiýon, Hagga, Şunin, Esbon, Eriý, Aroty we Äraly+.
17 Aşeriň+ ogullary: Imnan, Işwah, Ýişwi we Beriýa. Olaryň Sera diýen uýasy hem bardy.
Beriýanyň Heber we Mälikylla+ diýen ogullary boldy.
18 Bular Labanyň Leýa beren gyrnagy Zilpanyň+ ogullary we agtyk-çowluklarydyr. Olar jemi 16 sanydy.
19 Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup+ bilen Benýamin+.
20 Müsürde Ýusubyň Manaşa+ we Efraýym+ diýen ogullary boldy. Aýaly Asenat+ Ohan* şäheriniň ruhanysy Potiferiň gyzydy.
21 Benýaminiň+ ogullary: Beli, Bekir, Aşbel, Gera+, Nagyman, Agam, Roş, Mupym, Hupym+ we Art+.
22 Bular Ýakup bilen Raheliň ogullary we agtyk-çowluklarydyr. Olar jemi 14 sanydy.
23 Danyň+ Huşym+ atly ogly boldy.
24 Naftalynyň+ ogullary: Ýahzeýel, Guna, Ýezer we Selim+.
25 Bular Labanyň Rahele beren gyrnagy Bilhanyň ogullary we agtyklarydyr. Olar jemi ýedi sanydy.
26 Gelinlerini hasaplamanyňda, Ýakup bilen Müsüre gelenler we ondan döränler jemi 66 başdy+.
27 Ýusubyň Müsürde iki ogly boldy. Şeýlelikde, Ýakubyň Müsüre göçen hojalygy jemi 70 adam boldy+.
28 Ýakup Ýahudany+ öňden iberip, Goşene barýandygyny Ýusuba habar berdi. Şeýdip, olar Goşene+ ýetdiler.
29 Ýusup hem arabasyny taýynlap, kakasy Ysraýyly garşylamaga Goşene gitdi. Ol kakasyny gören badyna, gujaklap, içigip-içigip aglady.
30 Şonda Ysraýyl: «Oglum, seniň bilen didarlaşyp, sag-aman gezip ýöreniňi gördüm. Indi ölsemem, armanym ýok!» diýdi.
31 Ýusup kakasyna we doganlaryna: «Gidip, faraona+: „Kakam hem doganlarym tutuş maşgalasy bilen Kengandan geldi+.
32 Olar mal bakyp+, çopançylyk edýär+. Sürülerini we bar zatlaryny alyp gelipdirler“+ diýip habar bereýin.
33 Ol sizi çagyryp: „Käriňiz näme?“ diýip sorasa,
34 „Patyşahym, biz hem ata-babalarymyz ýaly, ýaşlygymyzdan çopançylyk edýäris“+ diýip jogap beriň. Şonda ol size Goşende+ ýaşamaga rugsat berer, sebäbi müsürliler çopanlary halaýan däldir»+ diýdi.
Çykgytlar
^ Ýa-da: bar zadyny.
^ Sözme-söz: Ýusup gözleriňe elini goýar. Ýakup ölende, gözüni Ýusubyň ýapjakdygyny aňladýar.
^ Agtyk-çowluklary hem göz öňünde tutulýar.
^ Ýagny Heliopolis.