Birinji Musa 7:1—24
7 Soňra Ýehowa Nuha şeýle diýdi: «Maşgalaň bilen gämä gir. Bu nesliň arasynda senden başga hudaýhon* adam tapmadym+.
2 Halal haýwanlaryň her görnüşinden erkek-urkaçy edip ýedi sanysyny*+, haram haýwanlaryň hersinden erkek-urkaçy edip bir jübütini ýanyňa al.
3 Asmanda uçýan jandarlardan hem erkek-urkaçy edip ýedi sanysyny* al. Olar ýer ýüzünden ýitip gitmesin+.
4 Ýedi günden ýer ýüzüne 40 gije-gündizläp+ ýagyş ýagdyraryn+. Ýaradan ynsanlarymyň, janly-jandarlarymyň baryny ýok ederin»+.
5 Nuh Ýehowanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdi.
6 Nuh 600 ýaşyndaka, tupan turup, dünýäni suw-sil aldy+.
7 Tupan başlamanka, Nuh aýaly, ogullary, gelinleri bilen gämä girdi+.
8 Her dürli halal-haram haýwanlar, asmanda uçýan jandarlar, ýer ýüzündäki janly-jandarlar+
9 erkek-urkaçy bolup, Hudaýyň Nuha aýdyşy ýaly, jübüt-jübütden Nuhuň ýanyna gelip, gämä girdiler.
10 Ýedi günden ýer ýüzüni sil aldy.
11 Nuhuň ömrüniň 600-nji ýylynda, ikinji aýyň 17-sine gök gümmeziniň* çeşmeleri böwsülip, asmanyň bentleri açyldy+.
12 Ýer ýüzüne 40 gije-gündizläp güýçli ýagyş ýagdy.
13 Şol gün Nuh aýalyny, ogullary Sam, Ham, Ýafet+ bilen üç gelnini alyp, gämä girdi+.
14 Olaryň ýany bilen her dürli ýabany haýwanlar, öý haýwanlar, süýrenijiler, asmanda uçýan jandarlar, guşlar we başga-da ganatly jandarlar girdi.
15 Ähli janly-jandarlar* jübüt-jübütden Nuh bilen gämä girdiler.
16 Şeýdip, Hudaýyň Nuha tabşyryşy ýaly, her dürli haýwanlaryň erkek-urkaçysy gämä girdi. Soňra Ýehowa gäminiň gapysyny ýapdy.
17 Ýer ýüzüne 40 günläp güýçli ýagyş ýagyp, hemme ýeri suw basdy. Gämi suwuň ýüzi bilen ýokaryk göterilip başlady.
18 Suw köpelip, gitdigiçe ýokary galýardy. Gämi bolsa suwuň ýüzünde ýüzüp ýördi.
19 Suw şeýle bir belende göterildi welin, ýer ýüzündäki iň beýik daglaram suwuň astynda galdy+.
20 Suw daglaryň depesinden 15 tirsek* ýokary galdy.
21 Şeýdip, ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar: asmanda uçýan jandarlar, öý haýwanlar, ýabany haýwanlar, mör-möjekler* we adamlar+ heläk boldy+.
22 Gury ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň* hemmesi öldi+.
23 Hudaý* ähli ynsanlary, haýwanlary, süýrenijileri we asmanda uçýan jandarlary ýer ýüzünden ýok edip taşlady. Olaryň bary heläk boldy+, diňe Nuh we onuň bilen gämä girenler halas boldy+.
24 Bütin ýer ýüzüni 150 günläp suw basyp durdy+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: halal; dogruçyl.
^ Başga manysy: ýedi jübütini.
^ Başga manysy: ýedi jübütini.
^ Sözme-söz: düýpsüz çuňlugyň.
^ Sözme-söz: içinde ýaşaýyş demi bolan jandarlar.
^ Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Topar-topar bolup, ýerde-suwda ýaşaýan we uçýan kiçijik jandarlar göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: içinde ýaşaýyş demi bolan jandarlaryň.
^ Sözme-söz: Ol.