Birinji Petrus 4:1—19

  • Mesih ýaly Hudaýyň islegine görä ýaşaň (1—6)

  • «Ähli zadyň soňy golaýlady» (7—11)

  • Mesihçi hökmünde görgi görüň (12—19)

4  Mesih ynsan bedeninde görgi görüpdi+. Siz hem onuň pikir edişi ýaly pikirlenmegi ýüregiňize berk düwüň. Sebäbi görgi görýän adam günäden el çekýär+.  Şonda ol galan ömrüne ten höweslerine görä däl⁠-⁠de+, Hudaýyň islegini berjaý edip ýaşar+.  Siziň öň haýasyz* işler, ahlaksyz höwesler, serhoşlyk, keýpi⁠-⁠sapaly oturylyşyklar, içhä⁠-⁠içişlik, ýigrenji butparazlyk bilen meşgullanyp+, şu dünýäniň islegine görä ýaşanyňyz+ ýeterlikdir.  Siz indi olar bilen azgyn işlere gatnaşmaýarsyňyz, şonuň üçin size geň galyp sögýärler+.  Emma şeýle adamlar dirileri⁠-⁠de, ölüleri⁠-⁠de höküm etjek Mesihiň öňünde jogap bererler+.  Şonuň üçin hoş habar ölülere⁠-⁠de wagyz edilýär+. Olara ähli adamlar ýaly ynsan bedenindekä höküm edilse⁠-⁠de, Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen ýaşap bilerler.  Ähli zadyň soňy golaýlady. Şonuň üçin sagdyn düşünjeli bolup+, doga etmäge hemişe taýýar* boluň+.  Esasan⁠-⁠da, biri⁠-⁠biriňizi ýürekden söýüň+, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr*+.  Zeýrenmän myhmansöýer boluň+. 10  Hudaý size ýagşy we jogapkärli hyzmatkärler hökmünde dürli ýollar bilen ýagşylyk edýär. Şonuň üçin alan ukybyňyza* görä birek⁠-⁠birege hyzmat ediň+. 11  Gepleýän adam Hudaýyň habaryny aýtsyn, hyzmat edýän adam Hudaýyň güýjüne bil baglasyn+. Şonda Hudaý Isa Mesih arkaly ähli zatda şöhratlanar+. Goý, şöhrat we güýç baky hem ebedilik Hudaýyňky bolsun! Omyn! 12  Eziz doganlarym, agyr* synaglar başyňyza inende+, üýtgeşik zat bolýandyr öýtmäň. 13  Mesih ýaly görgi görýändigiňize+ begeniň+. Şonda onuň şan⁠-⁠şöhratynyň äşgär bolan döwründe⁠-⁠de begenip, köp şatlanarsyňyz+. 14  Eger Mesihiň ady üçin masgaralaýan* bolsalar, özüňizi bagtly hasaplaň+, sebäbi Hudaýyň şöhratly ruhy üstüňize inýändir. 15  Siziň araňyzda hiç kim ganhor, ogry, jenaýatçy bolup ýa⁠-⁠da başgalaryň işine goşulyp görgi görmesin+. 16  Hiç kim mesihçi bolany üçin görgi görýändigine utanmasyn+, gaýtam göterýän adyna mynasyp ýaşap, hemişe Hudaýy şöhratlandyrsyn. 17  Sebäbi bellenen wagt gelende, Hudaý ilki öz öýündäkileri höküm eder+. Eger ol ilki bizden başlaýan bolsa+, onda Hudaýyň hoş habaryny kabul etmeýän adamlara näme bolar?+ 18  «Eger dogruçyl adama halas bolmak kyn bolsa, hudaýsyz we günäkär adama näme bolar?»+ 19  Şol sebäpli Hudaýyň islegini berjaý edip görgi görýänler mundan beýläk⁠-⁠de ýagşylyk etsinler, janyny wepaly Ýaradyjynyň eline tabşyrsynlar+.

Çykgytlar

Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: hüşgär; oýa.
Ýa⁠-⁠da: hemişe bagyşlaýandyr.
Sözme⁠-⁠söz: sylagyňyza.
Sözme⁠-⁠söz: ot ýaly.
Ýa⁠-⁠da: sögýän.