Birinji Selanikliler 3:1—13

  • Pawlus Afinada biynjalyk bolýar (1—5)

  • Timoteos gowy habar getirýär (6—10)

  • Selanikliler üçin doga edilýär (11—13)

3  Sizden hiç hili habar bolmansoň ýeke özüm Afinada+ galyp,  ýanyňyza bolsa Timoteos+ dogany ibermegi makul bildik. Ol size göwünlik berip, imanyňyzy berkidendir, sebäbi ol Hudaýyň gullukçysy*, Mesih hakdaky hoş habary yhlasly wagyz edýär.  Goý, kynçylyklar sebäpli hiç kimiň imany gowşamasyn*. Biler bolsaňyz, biz şeýle kynçylyklardan gaçyp bilmeris+.  Biz siziň ýanyňyzdakak, şeýle kynçylyklara duş geljekdigimizi öňünden aýdypdyk+. Aýdyşymyz ýaly-da boldy.  Şol sebäpli mundan artyk çydap bilmän, imanyňyz hakda bilmek üçin+ ýanyňyza Timoteosy iberipdim. Birden Iblisiň* synagyna düşseňiz+, çeken zähmetimiz biderek bolar öýdüp gorkdum.  Timoteos ýaňy-ýakynda ýanyňyzdan gelip+, siziň imanda berk durandygyňyzy, söýgiňizi we bizi elmydama mähirli ýatlaýandygyňyzy gürrüň berdi. Ol siziň hem bizi küýseýändigiňizi aýtdy.  Doganlar, mätäçlik çekip, ençeme kynçylyklara duş gelýändigimize garamazdan, wepalydygyňyz hakda eşidip göwünlik tapdyk+.  Halypamyzyň şägirtleri hökmünde berk durandygyňyz üçin örän ruhlandyk*.  Siziň imanda berk durandygyňyzy eşidip, ýürekden begenýäris we Hudaýa minnetdarlyk aýdýarys. 10  Siziň didaryňyzy görüp, imanyňyzy berkitmek üçin+, gije-gündiz Hudaýa ýalbarýarys. 11  Ýanyňyza baryp biler ýaly, goý, Hudaýymyz, Atamyz we Halypamyz Isa ýol açsyn. 12  Biziň sizi söýşümiz ýaly, siziň hem bir-biriňizi we hemmeleri ýürekden söýmegiňiz+ üçin, goý, Halypamyz size ýardam etsin. 13  Şonda ýüregiňiz berk bolup, Hudaýymyzyň we Atamyzyň öňünde hem-de Halypamyz Isa gelende*+, ähli mukaddesler bilen bilelikde ýazyksyz*, mukaddes bolarsyňyz+.

Çykgytlar

Başga manysy: işdeşi.
Sözme-söz: yranmasyn.
Sözme-söz: Synagçynyň.
Sözme-söz: biz ýaşaýarys.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Ýa-da: aýypsyz.