Birinji Selanikliler 4:1—18

  • Ahlaksyzlykdan uzakda duruň (1—8)

  • Birek⁠-⁠biregi has köp söýüň (9—12)

    • «Başgalaryň işine goşulmaň» (11)

  • Mesihiň ölen şägirtleri ilkinji bolup direlerler (13—18)

4  Doganlar, size Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny aýdypdyk+. Aslynda, siz şeýle-de edýärsiňiz, ýöne Halypamyz Isanyň adyndan has-da köp tagalla etmegiňizi haýyş edýäris.  Bilýän bolsaňyz, size Halypamyz Isanyň adyndan görkezme beripdik.  Hudaýyň islegi şudur: ahlaksyzlykdan* uzakda duruň+, mukaddes boluň+.  Siz mukaddes bolup+, özüňize* nädip erk etmelidigini+ we Hudaýy razy edip ýaşamalydygyny bilmelisiňiz.  Hudaýy tanamaýan milletler+ ýaly açgözlük edip, ahlaksyz islegleriňizi kanagatlandyrjak bolmaň+.  Şu meselede hiç kim doganyna zyýan ýetirmesin, hakyndan mahrum etmesin. Şeýle iş edýänlere Ýehowa* jeza berer. Biz öň duýduryşymyz ýaly, ýene-de berk duýdurýarys.  Hudaý bizi haram ýaşaýşa däl-de, mukaddeslige çagyrdy+.  Şonuň üçin kim şu taglymaty äsgermese, ol adamlara däl-de, mukaddes ruhy berýän+ Hudaýa hormat goýýan däldir+.  Emma doganlyk söýgüsi+ hakda size ýazmagyň geregi ýok, sebäbi siz biri-biriňizi söýmegi Hudaýdan öwrendiňiz+. 10  Dogrudan-da, siz bütin Makedoniýadaky doganlary söýýärsiňiz. Doganlar, olary öňküdenem has köp söýmegiňizi ündeýäris. 11  Size maslahat berişimiz ýaly, parahat ýaşamagy+, başgalaryň işine goşulmazlygy+ we eliňiz bilen zähmet çekmegi+ maksat ediniň. 12  Şonda adamlar edeplidigiňizi görerler+. Siz hem hiç zada mätäç bolmarsyňyz. 13  Doganlar, siziň ölüm ukusynda ýatan adamlar+ hakda-da bilmegiňizi isleýäris. Şonda siz umytsyz adamlar ýaly hasrat çekmersiňiz+. 14  Eger biz Isanyň ölüp, soňra direlendigine+ iman edýän bolsak, onda Hudaýyň Isanyň şägirtlerini-de direltjekdigine+ iman ederis. 15  Biz Ýehowanyň* sözüne esaslanyp, size şuny aýdýarys: Halypamyz gelende*, biz, ýagny ýaşap ýörenler ölüm ukusyna gidenlerden öňe geçmeris. 16  Halypamyz gökden aşak inip, Hudaýyň surnaýyny alyp, baş perişdäniň+ sesi bilen buýruk berer. Şonda Mesihiň ölen şägirtleri ilkinji bolup direlerler+. 17  Soňra biz, ýagny ölmän galanlar olar bilen bilelikde Halypamyz bilen asmanda görüşmek üçin+ bulutlara alnarys+. Şeýlelikde, biz hemişe Halypamyzyň ýanynda bolarys+. 18  Hawa, şu zatlar hakynda gürrüň edip, bir-biriňize göwünlik beriň.

Çykgytlar

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Ýa-da: bedeniňize. Sözme-söz: gabyňyza.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.