Birinji Taryh 11:1—47
11 Birnäçe wagtdan ysraýyllar Hebrona+, Dawudyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Biz seniň bilen ganybir dogan*+.
2 Üstümizden Şawul höküm sürýärkä-de, Ysraýyly söweşe sen alyp çykardyň+. Ýehowa Hudaý saňa: „Ysraýyl halkyma çopançylyk edersiň, Ysraýyla baştutan bolarsyň“+ diýipdi».
3 Ähli ysraýyl ýaşululary Hebrona, Dawudyň ýanyna gelipdi. Dawut olar bilen Hebronda, Ýehowanyň huzurynda äht baglaşdy. Soňra olar Ýehowanyň Şamuwel arkaly aýdyşy ýaly+, Dawudy Ysraýyla patyşa bellediler+.
4 Dawut tutuş Ysraýyl halky bilen Iýerusalime, ýagny ýabuslaryň+ Ýabus şäherine+ garşy söweşe çykdy.
5 Ýabusyň ilaty: «Şäheri hiç wagtam basyp alyp bilmersiň!»+ diýip, Dawudyň üstünden güldüler. Emma Dawut Sion+ galasyny basyp aldy. Häzir oňa Dawudyň şäheri+ diýilýär.
6 Şonda Dawut: «Ýabuslara kim ilki hüjüm etse, ol baştutan we serkerde bolar» diýipdi. Seruýanyň ogly Ýowap+ ilkinji bolup hüjüme geçdi. Şeýdip, ol baştutan boldy.
7 Dawut Sion galasynda ýaşap başlady, şonuň üçin oňa Dawudyň şäheri diýilýär.
8 Dawut Millondan* şäher merkezine çenli diwarlary we binalary gurduryp başlady, şäheriň galan ýerini bolsa Ýowap dikeltdi.
9 Dawut barha güýçlenýärdi+, Serkerdebaşy Ýehowa ony goldaýardy.
10 Dawudyň batyr esgerleriniň baştutanlary ysraýyl halky bilen birlikde Dawudyň patyşalygyny goldadylar. Olar Ýehowanyň Ysraýyla wada berişi ýaly, Dawudy patyşa bellediler+.
11 Dawudyň gaýduwsyz esgerleri şulardyr: hakmonlardan Ýaşobam+ üç batyr ýigidiň başydy+. Bir gezek Ýaşobam naýzasy bilen 300 esgeri öldürdi+.
12 Üç batyr ýigidiň ikinjisi ahohlardan+ Dodonyň ogly Algazardy+. Ol üç gaýduwsyz esgeriň biridi.
13 Piliştliler ysraýyllar bilen söweşmek üçin Pas-damime+ ýygnananda, Algazar hem Dawudyň ýanyndady. Şol ýerde arpa ekilen meýdan bardy. Ysraýyl esgerleri duşmanlardan gaçyp başladylar.
14 Emma Algazar ekini piliştlilere bermejek bolup, ekiniň ortasynda durdy-da, piliştlileri gyrdy. Şonda Ýehowa halkyna uly ýeňiş berdi+.
15 Otuz serkerdäniň üçüsi Dawudyň ýanyna, Adullam gowagyna bardy+. Şol wagt piliştliler Refaýim jülgesinde düşelge gurupdy+.
16 Dawut gowakda bolup ýördi, Beýtullahamda bolsa piliştlileriň goşun bölümi bardy.
17 Bir gün Dawut: «Wah, Beýtullahamyň+ guýusyndan suw içäýsem!» diýdi.
18 Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesinden geçip, Beýtullaham derwezesiniň ýanyndaky guýudan Dawuda suw getirip berdiler. Emma Dawut suwy içmän, Ýehowanyň öňünde ýere dökdi.
19 Ol: «Men muny içip bilmerin! Içsem, Hudaýym asla halamaz! Janyndan geçip* giden adamlaryň ganyny içeýinmi?+ Olar janlaryny howp astyna saldy ahyryn» diýip, suwy içmedi. Dawudyň üç batyr ýigidi şeýle edermenlik görkezipdi.
20 Ýowabyň dogany Abyşaý+ başga üç gaýduwsyz ýigidiň başydy. Bir gezek ol naýzasy bilen 300 esgeri öldürdi. Abyşaýyň üç batyr ýigidiňki ýaly abraýy bardy+.
21 Üç batyr ýigidiň biri Abyşaý beýleki ikisinden has meşhur bolup, olara baştutanlyk etse-de, başdaky üç batyr ýigidiň derejesine ýetip bilmändi.
22 Ýehoýadanyň ogly Binaýa+ batyr adamdy. Ol Kabzeýelde+ köp edermenlik görkezdi we mowaplardan Arygeliň iki ogluny öldürdi. Gar ýagan güni suwly çukura girip, ýolbarsy öldürdi+.
23 Ol boýy bäş tirsek*+ äpet müsürlini hem öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy+, Binaýa bolsa taýakly çykdy. Ol müsürliniň naýzasyny elinden gaňryp alyp, ony şol naýza bilen öldürdi+.
24 Ýehoýadanyň ogly Binaýa şeýle edermenlikleri görkezipdi, abraýy başdaky üç batyr ýigidiňkiden kem däldi.
25 Ol otuz ýigitden saýlanyp dursa-da, beýleki üç batyr ýigidiň derejesine ýetip bilmändi+. Emma Dawut şonda-da Binaýany garawullaryň baştutany edip belledi.
26 Goşundaky batyr esgerler şulardyr: Ýowabyň dogany Asahel+, beýtullahamly Dodonyň ogly Alhanan+,
27 harorly Şamot, pelonly Heles,
28 tekoýaly Ikeşiň ogly Yrak+, anatotly Abygezer+,
29 huşaly Sibekaý+, ahohlardan Ylaý,
30 netopaly Mahraý+, netopaly Baganaýyň ogly Helet+,
31 benýaminleriň+ Gibeýa galasyndan Ribaýyň ogly Ythaý, piratonly Binaýa,
32 Gagaş+ jülgesinden Huraý, arbaly Abyýel,
33 bahurimli Azmawet, şegalbimli Alyýahba,
34 gizonly Haşemiň ogullary, hararly Şageniň ogly Ýonatan,
35 hararly Sakaryň ogly Ahyýam, Uruň ogly Alypal,
36 mekeratly Heper, pelonly Ahyýar,
37 karmelli Hezra, Ezbaýyň ogly Naraý,
38 Natanyň dogany Ýowel, Hagranyň ogly Mibhar,
39 ammonlardan Zelek, beýrotly Naharaý, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýarag göterýän nökeri,
40 itralardan Yrak bilen Garep,
41 hetlerden Uryýa+, Ahlaýyň ogly Zabat,
42 rubenlerden Şizanyň ogly Adynaý baştutan we ýanynda 30 adam,
43 Magagyň ogly Hanan, mitnilerden Ýoşapat,
44 aştarotly Uzyý, arogerli Hotamyň ogullary Şama bilen Ýegel,
45 Şimriniň ogly Ýedgaýyl, dogany titseli Ýohan,
46 mahawaly Alygel, Elnagamyň ogullary Ýeribaý bilen Ýoşawýa, mowaplardan Ytmah,
47 Alygel, Abyt we mesobaly Ýagaşel.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: öz süýegiňden we teniňden.
^ Sözme-söz: baýyrdan. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.
^ Ýa-da: Ölümini boýnuna alyp.
^ Takmynan 2 m 23 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.