Birinji Taryh 14:1—17
14 Tir patyşasy Huram+ Dawudyň ýanyna wekillerini ýollap, Dawuda köşk salmak üçin kedr agaçlaryny, daş ýonujylary we agaç ussalary iberdi+.
2 Dawut Ýehowanyň öz halkynyň hatyrasyna Ysraýylyň üstünden patyşalygyny berkidendigine+ we beýgeldendigine göz ýetirdi+.
3 Dawut Iýerusalimde birnäçe aýal aldy+, ençeme ogul-gyzy boldy+.
4 Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary şulardyr+: Şamuw, Şobap, Natan+, Süleýman+,
5 Ybhar, Alyşuw, Alpelet,
6 Nogan, Nepek, Ýapa,
7 Alyşam, Bilýada we Alypelet.
8 Dawudyň Ysraýyla patyşa bolanyny+ eşidip, piliştliler ony öldürjek boldular+. Dawut muny bilip, olara gaýtawul bermäge çykdy.
9 Piliştliler gelip, Refaýim jülgesinde+ ýaşaýanlaryň üstüne çozdular.
10 Dawut Hudaýdan: «Piliştliler bilen söweşmäge gideýinmi? Olary elime berermiň?» diýip sorady. Ýehowa: «Hawa, git, olary hökman eliňe bererin» diýdi+.
11 Şonda Dawut Bagal-perazime+ çozup, piliştlileri derbi-dagyn etdi. Dawut: «Suwuň bendi böwsüp geçişi ýaly, hak Hudaý duşmanlarymy elime berip, derbi-dagyn etdi» diýdi. Şol ýere Bagal-perazim* diýip at goýdular.
12 Piliştliler butlaryny şol ýerde taşlap gidipdiler. Dawudyň buýrugy bilen, olaryň ählisini ýakdylar+.
13 Biraz wagtdan piliştliler ýene-de gelip, jülgede ýaşaýanlaryň üstüne çozdular+.
14 Dawut ýene Hudaýa ýüz tutdy, emma hak Hudaý: «Piliştlileriň öňünden däl-de, arka tarapyndan aýlanyp, agaçlaryň* öňünden hüjüm et+.
15 Agaçlaryň üstünden aýak sesine meňzeş şygyrdy eşideniňde, hüjüme geç. Hak Hudaý Pilişt goşunyny derbi-dagyn etmek üçin öňüňden ýörär»+ diýdi.
16 Dawut ähli zady hak Hudaýyň tabşyryşy ýaly etdi+. Olar piliştlileri Gibgondan Gezere+ çenli gyrdylar.
17 Dawudyň at-owazasy bütin dünýä ýaýrady. Ýehowa başga halklary Dawutdan gorkar ýaly etdi+.
Çykgytlar
^ Manysy: Derbi-dagyn edýänleriň Hojaýyny.
^ Sözme-söz: baka agaçlarynyň. Nähili agaçdygy anyk belli däl.