Birinji Taryh 18:1—17

  • Dawudyň ýeňişleri (1—13)

  • Dawudyň emeldarlary (14—17)

18  Birnäçe wagtdan Dawut piliştliler bilen söweşip, olary boýun egdirdi. Ol piliştlileriň Get şäherini+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalaryny basyp aldy+.  Dawut mowaplary+ hem derbi⁠-⁠dagyn etdi. Mowaplar Dawuda gul bolup, salgyt töläp başladylar+.  Soba+ patyşasy Hadatgezer+ Ýewfrat derýasynyň+ aňyrsynda hökümdarlygyny dikeltmäge barýarka, Dawut Hamatyň+ golaýynda oňa hüjüm etdi.  Ol Hadatgezeriň 1 000 söweş arabasyny, 7 000 atlysyny, 20 000 pyýada esgerini ýesir aldy+. Araba goşulýan atlaryň+ 100 sanysyndan galanyny maýyp etdi.  Damaskda ýaşaýan siriýalylar Soba patyşasy Hadatgezere kömege geldi. Emma Dawut olaryň hem 22 000 esgerini gyrdy+.  Ol Siriýanyň Damask şäherinde goşun bölümlerini goýdy. Siriýalylar hem Dawuda gul bolup, salgyt töläp başladylar. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+.  Ol Hadatgezeriň hyzmatkärlerinden tegelek altyn galkanlary alyp, Iýerusalime getirdi.  Dawut patyşa Hadatgezeriň golastyndaky Tibhat we Kun şäherlerinden ummasyz köp mis aldy. Süleýman patyşa şol mislerden howzy*+, sütünleri we gap⁠-⁠gaçlary ýasady+.  Hamat patyşasy Tohut Dawut patyşanyň Soba patyşasy Hadatgezeriň+ goşunyny derbi⁠-⁠dagyn edenini eşitdi+. 10  Ol Dawudyň hal⁠-⁠ýagdaýyny soramak we Hadatgezeriň üstünden gazanan ýeňşi bilen gutlamak üçin, ogly Hadoramy iberdi. Sebäbi Hadatgezer Tohut bilen häli⁠-⁠şindi söweşerdi. Hadoram Dawuda altyn⁠-⁠kümüşden we misden ýasalan her dürli sowgatlary äkitdi. 11  Dawut olary Ýehowa bagyş etdi*+. Ol başga milletlerden, ýagny edomlylardan, mowaplardan, ammonlardan+, piliştlilerden+ we amaleklerden+ alan altyn⁠-⁠kümüşlerini hem Hudaýa bagyş etdi. 12  Seruýanyň+ ogly Abyşaý+ Duz jülgesinde 18 000 edomlyny gyrdy+. 13  Ol Edomda goşun bölümlerini goýdy. Şeýdip, ähli edomlylar Dawudyň guly boldy+. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+. 14  Dawut tutuş Ysraýyly dolandyrýardy+. Ol halkyň üstünden adalatly we dogruçyl höküm sürýärdi+. 15  Seruýanyň ogly Ýowap goşunbaşydy+, Ahylutyň ogly Ýehoşapat+ bolsa mürzedi*. 16  Ahytubyň ogly Sadyk bilen Abyýataryň ogly Agamälik ruhanydy, Şawah kätipdi. 17  Ýehoýadanyň ogly Binaýa keretler+ bilen peletleriň*+ baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa patyşanyň baş emeldarydy.

Çykgytlar

Sözme-söz: deňzi.
Sözme-söz: mukaddes etdi.
Ýa-da: patyşanyň ýazgylaryny ýöredýän emeldardy.
Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.