Birinji Taryh 19:1—19

  • Ammonlar Dawudyň hyzmatkärlerini kemsidýär (1—5)

  • Ammonlaryň we siriýalylaryň üstünden ýeňiş (6—19)

19  Birnäçe wagtdan ammonlaryň patyşasy Nahaş aradan çykyp, ogly patyşa boldy+.  Şonda Dawut: «Nahaşyň maňa ýagşylyk edişi* ýaly, menem ogly Hanuna ýagşylyk edeýin»+ diýip, kakasynyň ölümine gynanç bildirmek üçin, wekillerini ýollady. Emma Dawudyň hyzmatkärleri Hanuna göwünlik bermek üçin ammonlaryň+ ýurduna baranda,  ammon han⁠-⁠begleri Hanuna şeýle diýdiler: «Dawut hyzmatkärlerini kakaň pahyry sylap ugradandyr öýdýäňmi? Ol hyzmatkärlerini ýurdy gözden geçirip, bar zady anyklamaga iberendir. Dawut seni tagtdan düşürjek bolýandyr» diýdiler.  Şonda Hanun Dawudyň hyzmatkärleriniň sakgalyny gyrkyp+, eşikleriniň bilinden aşagyny kesip, yzyna ýollady.  Dawut muny eşiden badyna, adam iberip, olara: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihonda+ galyň, soň gelersiňiz» diýdi, sebäbi olar masgara bolupdy.  Şondan soň ammonlar Dawuda duşman bolandyklaryna düşündiler. Hanun bilen ammonlar Mesopotamiýanyň*, Aram⁠-⁠magagyň we Sobanyň+ söweş arabalaryny we atlylaryny hakyna tutmak üçin 1 000 batman* kümüş iberdiler.  Şeýlelikde, olar 32 000 söweş arabany, Magak patyşasy bilen nökerlerini hakyna tutdular. Olar Medeba+ baryp, düşelge gurdular. Ähli şäherlerdäki ammonlar söweşe ýygnandy.  Dawut muny eşidip, Ýowap+ bilen goşunyny we gaýduwsyz esgerlerini+ iberdi.  Ammonlar şäheriň öňünde hatara düzüldiler. Söweşe çykan patyşalar düzlükde aýratyn durdular. 10  Ýowap duşmanlaryň öňdenem, yzdanam çozup gelýänini görende, Ysraýylyň edermen esgerlerinden käbirini saýlap, siriýalylaryň garşysynda hatara düzdi+. 11  Galan esgerleri bolsa dogany Abyşaýa+ tabşyrdy. Abyşaý olary hatara durzup, ammonlara gaýtawul bermelidi. 12  Ýowap oňa: «Eger siriýalylar+ menden üstün çykyp başlasa, sen maňa kömege gelersiň. Ýöne ammonlar senden üstün çykyp başlasa, men saňa kömege bararyn. 13  Dogumly we batyrgaý boluň+, halk üçin, Hudaýymyzyň şäherleri üçin söweşiň! Galan zadam Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun!» diýdi. 14  Ýowap esgerleri bilen siriýalylara garşy hüjüme geçdi; duşmanlar gaçdylar+. 15  Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlaram onuň dogany Abyşaýdan gaçyp, şähere girdiler. Şondan soň Ýowap Iýerusalime gaýdyp geldi. 16  Ysraýyllardan ýeňlen siriýalylar wekil iberip, derýanyň*+ aňyrsyndaky siriýalylary çagyrdylar. Olar Hadatgezeriň goşunbaşysy Şopagyň ýolbaşçylygynda geldiler+. 17  Dawut muny eşiden badyna, Ysraýyl goşunyny ýygnady⁠-⁠da, Iordandan geçip, olaryň golaýyna bardy. Ol esgerlerini olaryň garşysynda hatara düzdi. Şeýlelikde, Dawut siriýalylar bilen söweşip başlady+. 18  Siriýalylar ysraýyllardan ýeňildiler. Dawut olaryň 7 000 söweş arabaly esgerini, 40 000 pyýada esgerini we goşunbaşysy Şopagy öldürdi. 19  Hadatgezeriň nökerleri ýeňlendigine+ düşünip, Dawut bilen ylalaşyk baglaşdylar⁠-⁠da, boýun egdiler+. Şondan soň siriýalylar ammonlara kömek etmek islemediler.

Çykgytlar

Ýa-da: wepaly söýgi bildirişi.
Sözme-söz: Aram-naharaýymyň.
Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýar.