Birinji Taryh 22:1—19
22 Soňra Dawut: «Ine şu ýerde hak Hudaý Ýehowanyň ybadathanasy we ysraýyl halky üçin gurbanlyk ojagy* gurlar»+ diýdi.
2 Ol tutuş Ysraýyldaky gelmişekleri+ ýygnamagy buýurdy. Dawut olara hak Hudaýyň ybadathanasyny gurmak üçin daş ýonmagy tabşyrdy+.
3 Şeýle-de ol derwezeler üçin çüýleri we petleleri ýasar ýaly birgiden demir bilen mis ýygnady+.
4 Ummasyz köp kedr agaçlaryny+ hem taýynlady. Sidonlylar+ bilen tirliler+ Dawuda juda köp kedr agaçlaryny getirip beripdi.
5 Dawut: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz+. Ýehowa üçin gurulmaly ybadathana bolsa gözelligi+ we kaşaňlygy bilen dünýäni haýran etjek+ ymarat bolmaly+. Şonuň üçin men ogluma gerek zatlary taýynlaýyn» diýdi. Şeýdip, Dawut aradan çykmanka, gurluşyk üçin birgiden zat taýynlady.
6 Dawut ogly Süleýmany çagyryp, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa üçin ybadathana gurmagy tabşyrdy.
7 Ol Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, men Ýehowa Hudaýymyň adyny göterjek öý gurmagy arzuw edýärdim+.
8 Ýöne Ýehowa maňa: „Sen ençeme söweşlere gatnaşyp, köp gan dökdüň. Adymy göterjek öýi sen gurmarsyň+, huzurymda köp gan dökdüň.
9 Seniň bir ogluň bolar+, ol parahatlyk söýüji adam bolar. Ony daş-töwerekdäki duşmanlardan goraryn*+, şonuň üçin adyna Süleýman*+ diýerler. Süleýmanyň höküm süren döwri ysraýyl halkyny parahat ýaşadaryn+.
10 Adymy göterjek öýi şol ogluň gurar+. Ol meniň oglum, men hem onuň atasy bolaryn+. Ysraýylda onuň patyşalygyny hiç wagt sarsdyrmaryn“+ diýdi.
11 Oglum, goý, Ýehowa seni goldasyn! Işiň ugruna bolsun, Hudaýyň aýdyşy ýaly, Ýehowa Hudaýyň üçin ybadathana gur+.
12 Ýehowa seni Ysraýyla hökümdar edip bellär. Ýehowanyň kanunyna berk ýapyşar ýaly+, goý, Hudaý saňa akyl-paýhas hem düşünje bersin+.
13 Eger sen Ýehowanyň Musa arkaly ysraýyllara beren kanunlaryny+, hökümlerini birkemsiz ýerine ýetirseň+, işiň ugruna bolar. Batyrgaý hem dogumly bol. Hiç zatdan gorkma, howsala düşme+.
14 Men köp azap çekip, Ýehowanyň öýi üçin 100 000 batman* altyn, 1 000 000 batman kümüş, ummasyz köp mis we demir ýygnadym+, olaryň agramyny ölçär ýaly däl. Agaç bilen daş hem taýynladym+. Indi senem olaryň üstüni ýetir.
15 Eliňde birgiden işçi, daş ýonýan, daş örýän+, agaç ussa we başga-da her dürli işe ussat adamlar bar+.
16 Altyn-kümşüň, misiň we demriň hetdi-hasaby ýok+. Oglum, işe başla, goý, Ýehowa seni goldasyn!»+.
17 Soňra Dawut ähli baştutanlara ogly Süleýmana kömek etmegi tabşyryp:
18 «Ýehowa Hudaý siziň bilen, ol sizi daş-töwerekdäki duşmanlardan gorap, ýurdy elime berdi. Tutuş ýurt Ýehowanyň we halkynyň elinde.
19 Indi Ýehowa Hudaýyňyza bütin ýüregiňiz, janyňyz* bilen gulluk etmegi ýüregiňize düwüň+. Gidiň-de, hak Hudaý Ýehowanyň mukaddes öýüniň gurluşygyna başlaň+. Soňra Ýehowanyň äht sandygyny, hak Hudaýyň mukaddes gap-gaçlaryny+ Ýehowanyň ady üçin guruljak ybadathana getiriň»+ diýdi.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: dynçlyk bererin.
^ Ýewreý sözünden gelip çykyp, «Parahatlyk» diýmegi aňladýar.
^ Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.