Birinji Taryh 29:1—30

  • Ybadathana üçin sadakalar (1—9)

  • Dawudyň dogasy (10—19)

  • Halkyň şatlyk⁠-⁠şagalaňy; Süleýmanyň patyşalygy (20—25)

  • Dawudyň ölümi (26—30)

29  Dawut patyşa halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Hudaý oglum Süleýmany saýlady+. Ýöne ol ýaş hem tejribesiz+, edilmeli iş bolsa köp. Ybadathana adam üçin däl⁠-⁠de, Ýehowa Hudaý üçin gurulmaly+.  Men elimde baryny edip, Hudaýymyň öýi üçin altyndan ýasaljak zatlara altyn, kümüşden ýasaljak zatlara kümüş, misden ýasaljak zatlara mis, demirden ýasaljak zatlara demir+, agaçdan ýasaljak zatlara agaç+ taýynladym. Şeýle⁠-⁠de oniks we oturtma daşlary, bezeg daşlary, her dürli gymmatbaha daşlary we birgiden alebastr daşlary ýygnadym.  Hudaýymyň öýüne söýgim güýçli bolansoň+, şol zatlary hem az görüp, hazynamdaky+ altyn⁠-⁠kümüşden bermek isleýärin. Ybadathananyň gurluşygy üçin taýýarlan zatlarymyň üstüne  diwarlara çaýmak üçin ýene⁠-⁠de 3 000 batman* Ofer altyny+ bilen 7 000 batman arassa kümüş goşýaryn.  Altyn⁠-⁠kümüşden ýasaljak we ussalaryň ýasajak zatlary üçin altyn⁠-⁠kümüş berýärin. Adamlar, siziň haýsyňyz Ýehowa sadaka bermek isleýäňiz?»+  Şonda ysraýyl taýpalarynyň baştutanlary, tirebaşylary, müňbaşylary, ýüzbaşylary+ we patyşanyň iş dolandyryjylary+ sadaka bermek islediler.  Olar hak Hudaýyň öýi üçin 5 000 batman altyn, 10 000 teňňe*, 10 000 batman kümüş, 18 000 batman mis we 100 000 batman demir berdiler.  Käbirleri bolsa gymmatbaha daşlaryny Ýehowanyň öýüniň hazynasyna berdi. Hazyna gerşonlardan+ Ýehiýel+ gözegçilik edýärdi.  Ýehowa üçin göwnünden çykaryp, ýürekden sadaka beren adamlar diýseň begendiler+, Dawut patyşa⁠-⁠da muňa juda begendi. 10  Soňra Dawut halkyň öňünde Ýehowany şöhratlandyryp, şeýle diýdi: «Atamyz Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa, saňa ezelden ebedä çenli şöhrat bolsun! 11  Ýehowa, beýiklik+, güýç⁠-⁠kuwwat+, gözellik, şan⁠-⁠şöhrat, at⁠-⁠abraý+ seniňkidir, sebäbi ýerde⁠-⁠gökde ähli zat seniň eliňde+. Eý Ýehowa, patyşalyk hem seniňki+, sen hemmeden beýik! 12  Baýlyk hem şan⁠-⁠şöhrat senden gelýär+, ähli zadyň üstünden sen höküm sürýäň+. Güýç+ hem gujur⁠-⁠gaýrat+ seniň eliňde, adamy beýgeldýänem+, güýç⁠-⁠kuwwat berýänem+ sensiň. 13  Eý Hudaýymyz, saňa alkyş aýdyp, beýik* adyňy şöhratlandyrýarys. 14  Eýsem, Hudaýa sadaka berer ýaly, men kim, halkym kim? Ähli zady sen berýäň ahyryn. Biz saňa öz beren zatlaryňy gaýtaryp berýäris. 15  Biz hem ata⁠-⁠babalarymyz ýaly, seniň öňüňde gelmişekdiris+. Ömrümiz kölege deý+ umytsyz geçip gidýär. 16  Ýehowa Hudaýymyz, mukaddes adyňy göterjek öýüň gurluşygy üçin taýýarlan ähli zadymyzy sen berdiň, olar şonsuzam seniňki. 17  Sen ýürekleri barlaýan+ Hudaý, akýürekli adamlary görüp begenýäň+. Menem ähli zady ak ýürekden berdim. Halkyň hem höwes bilen sadaka berenine begendim. 18  Ata⁠-⁠babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa, goý, halkyň yhlasy hiç wagt gowşamasyn. Saňa hemişe ýürekden gulluk etmäge kömek et*+. 19  Oglum Süleýmana⁠-⁠da tabşyryklaryňy+, öwüt⁠-⁠ündewleriňi* we kanunlaryňy bütin ýüregi+ bilen berjaý etmäge kömek et. Meniň taýýarlan zatlarym+ bilen ybadathanany doly gurup biler ýaly, işini ugruna et». 20  Soňra Dawut halka: «Ýehowa Hudaýy şöhratlandyryň!» diýdi. Tutuş halk ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowany şöhratlandyrdy. Olar dyza çöküp, Ýehowa we patyşa tagzym etdiler. 21  Şol gün hem, ertesi gün hem Ýehowa gurbanlyk berdiler. Olar 1 000 öküzçäni, 1 000 goçy, 1 000 erkek toklyny Ýehowa ýakma gurbanlygy+ edip berdiler, şerap sadakalaryny+ hem hödürlediler. Olar tutuş Ysraýyl üçin juda köp gurbanlyklary berdiler+. 22  Şol gün Ýehowanyň huzurynda iýip⁠-⁠içip, şatlyk⁠-⁠şagalaň etdiler+. Dawudyň ogly Süleýmanyň patyşa bolandygyny ýene⁠-⁠de jar çekdirip, ony Ýehowanyň huzurynda halka baştutan edip bellediler+. Sadygy bolsa ruhany bellediler+. 23  Süleýman kakasy Dawudyň ýerine patyşa bolup, Ýehowanyň tagtynda+ oturdy. Süleýmanyň edeni ugruna bolýardy, tutuş halk oňa tabyn bolýardy. 24  Baştutanlar+, gaýduwsyz esgerler+, Dawut patyşanyň ogullary+ hem Süleýmana tabyn boldular. 25  Ýehowa Süleýmany halkyň öňünde juda beýgeltdi we Ysraýylyň öňki patyşalarynyň hiç birinde bolmadyk şan⁠-⁠şöhrat berdi+. 26  Ýessäniň ogly Dawut tutuş Ysraýyla hökümdarlyk etdi. 27  Dawut Ysraýylyň üstünden 40 ýyl höküm sürdi. Ol Hebronda 7 ýyl+, Iýerusalimde bolsa 33 ýyl höküm sürdi+. 28  Dawut baýlyga we şan⁠-⁠şöhrata eýe bolup, uzak ýaşap+, durmuşyndan razy bolup, aradan çykdy. Dawudyň ýerine ogly Süleýman patyşa boldy+. 29  Dawut patyşanyň durmuşynda bolan wakalar Şamuwel weliniň*, Natan+ pygamberiň we Gad+ görgüriň* kitaplarynda başdan⁠-⁠aýak ýazylandyr. 30  Şol ýazgylarda Dawudyň patyşalygy, şan⁠-⁠şöhraty, höküm süren döwründe Ysraýylda we beýleki patyşalyklarda bolan wakalar gürrüň berilýär.

Çykgytlar

Sözme-söz: darik. Pars altyn teňňesi. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: owadan.
Ýa-da: olaryň ýüregini özüňe gönükdir.
Ýa-da: ýatlatmalaryňy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.