Birinji Taryh 4:1—43

  • Ýahudanyň galan nesilleri (1—23)

    • Ýabez we dogasy (9, 10)

  • Şimgonyň nesilleri (24—43)

4  Ýahudanyň ogullary: Perez+, Hesron+, Karmi, Hur+ we Şobal+.  Şobalyň ogly Reýan Ýahatyň atasydy, Ýahat Ahymaý bilen Lahatyň atasydy. Olardan zoralaryň+ tireleri döredi.  Eýtamyň+ atasynyň* ogullary: Ýizregel, Yşma we Ybbaş, olaryň Haselelpon atly uýasy bardy;  Gedoryň atasy Penuwel, Huşanyň atasy Ezer. Olaryň hemmesi Efrafanyň nowbahar ogly Huruň+ ogullarydy. Hur Beýtullahamyň+ atasydy.  Tekoýanyň+ atasy Aşhuryň+ Hela we Nara atly iki aýaly bardy.  Nara Ahuzamy, Heperi, Temany we Hahaştary dogurdy. Olar Naranyň ogullarydy.  Hela Zareti, Ýyshary we Etnany dogurdy.  Kozuň nesilleri: Anup, Sobebah we Harumyň ogly Aharheliň nesli.  Ýabez doganlarynyň arasynda iň abraýlysydy. Ejesi: «Men muny agyry bilen dogurdym» diýip, adyna Ýabez* goýupdy. 10  Ýabez Ysraýyl Hudaýyna: «Maňa ak pata ber, mülkümi köpelt. Meni goldap, bela⁠-⁠beterden gora, ýamanlyk ýüzüni görmäýin» diýip doga etdi. Hudaý hem onuň dogasyna jogap berdi. 11  Şuhanyň dogany Kelup Mehiriň atasydy, Mehir Eştonyň atasydy. 12  Eşton Beýtrapanyň, Paseýanyň we Tehinanyň atasydy, Tehina Irnahaşyň atasydy. Olar Rekanyň ilatydy. 13  Kenazyň ogullary: Otnyýel+ bilen Seraýa. Otnyýeliň Hatat atly ogly* bardy. 14  Megonotaý Opranyň atasydy, Seraýa Ýowabyň atasydy, Ýowap bolsa Geharaşymyň* atasydy. Senetçileriň ýaşaýan şäherine Geharaşym diýýärdiler. 15  Ýepunnanyň ogly Kalebiň+ ogullary: Yruw, Elah we Nagym. Elahyň Kenaz diýen ogly* bardy. 16  Ýehaleliň ogullary: Zip, Zypa, Tirýa we Asarel. 17  Hydyrýaryň ogullary: Ýether, Meret, Eper we Ýalon. Merediň bir aýaly* Miriýamy, Şemaýy we Eştemowanyň atasy Işbahy dogurdy. 18  Olary faraonyň gyzy, Merediň aýaly Bitiýa dogrupdy. Merediň ýehudy aýaly bolsa Ýereti, Heberi we Ýekutyýeli dogurdy. Ýeret Gedoryň atasydy, Heber Sokonyň atasydy, Ýekutyýel Zanoganyň atasydy. 19  Hudaýaryň aýalynyň, Nahamyň uýasynyň ogullary garmitleriň Kegila şäheriniň we magakatlylaryň Eştemowa şäheriniň düýbüni tutdy*. 20  Şimonyň ogullary: Emin, Rinna, Benhanan we Tilon. Ýişginiň ogullary: Zohet bilen Benzohet. 21  Ýahudanyň ogly Şelanyň+ ogullary: Lekanyň atasy Er we Mareşanyň atasy Lada; dokma dokaýan aşbeýler hem Şeladan gelip çykdy, 22  Ýokym, Kozebanyň ilaty, Ýowaş, Sarap we Ýaşuplehem. Olar mowap gyzlaryna öýlenipdi. Şu maglumatlar gadym döwürden galan mirasdyr*. 23  Olaryň käbiri Netagymda we Gedarda ýaşapdy, küýzegärlik bilen meşgullanyp, patyşanyň golastynda işläpdi. 24  Şimgonyň+ ogullary: Nemuýel, Ýamin, Ýarep, Zera we Şewul+. 25  Şewuldan Şalum, Şalumdan Mibsam, Mibsamdan Mişma doguldy. 26  Mişmadan Hammuwel, Hammuwelden Zakur, Zakurdan bolsa Şimeý doguldy. 27  Şimeýiň 16 ogly, 6 gyzy bardy. Emma doganlarynyň ogly köp däldi. Olaryň hiç bir tiresi ýahuda taýpasynyň tireleri ýaly köpçülik däldi+. 28  Olar Beýer⁠-⁠şebada+, Moladda+, Hasar⁠-⁠şuwalda+, 29  Bilhada, Esemde+, Tolatda, 30  Betuwelde+, Hormada+, Ziklagda+, 31  Beýt⁠-⁠markabotda, Hasar⁠-⁠susymda+, Beýtbirde we Şaraýymda ýaşadylar. Dawut höküm sürüp başlaýança, şol şäherler olaryňky boldy. 32  Şeýle⁠-⁠de olar Eýtam, Aýn, Rimmon, Token we Aşan+ atly bäş şäherde ýaşadylar. 33  Şol şäherleriň daş⁠-⁠töweregindäki Bagala çenli obalar hem olaryňkydy. Olaryň nesil daragty we ýaşan ýerleri şundan ybaratdy. 34  Şimgonyň neslinden Meşobap, Ýamlek, Amazýanyň ogly Ýoşan, 35  Ýowel; Ýoşybyň ogly, Seraýanyň agtygy, Asyýeliň çowlugy Ýehuw, 36  Alygenaý, Ýakubah, Ýeşohaý, Asaýa, Adyýel, Ýesmiýel, Binaýa; 37  Şiphiniň ogly, Algonyň agtygy, Ýedaýanyň çowlugy, Şimriniň ýuwlugy, Şemaýanyň gowlugy Ziza 38  tirebaşydy. Olaryň tiresindäki maşgalalar juda köpeldi. 39  Olar sürülerine öri meýdan gözläp, Gedoryň girelgesine, jülgäniň gündogaryna çenli bardylar. 40  Ahyrsoňy olar asuda, rahat, giň we otluk meýdanlary tapdylar. Öňler şol ýerlerde Hamyň nesilleri+ ýaşapdy. 41  Ady agzalanlar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň+ döwründe gelip, çadyrda ýaşan Hamyň nesillerini we megunimlileri derbi⁠-⁠dagyn etdiler. Olaryň ählisini gyryp, ýerlerini eýelediler. Şeýdip, sürülerine öri meýdan edindiler. 42  Şimgonlardan 500 adam Ýişginiň ogullary Pelatýanyň, Neraýanyň, Repaýanyň we Uzyýeliň ýolbaşçylygynda Segir dagyna+ gitdi. 43  Olar amalekleriň+ galanjasyny hem gyrdylar. Olar häzire çenli şol ýerde ýaşaýar.

Çykgytlar

Şu bapdaky käbir atlar adamy däl-de, şäheri aňladýan bolmaly. «Atasy» diýen söz bolsa şäheriň düýbüni tutan adamy görkezýär.
«Agyry» diýmegi aňladýan ýewreý sözünden gelip çykan bolmaly.
Sözme-söz: ogullary.
Manysy: Senetçileriň jülgesi.
Sözme-söz: ogullary.
Sözme-söz: Ol. 18-nji aýatdaky Bitiýa göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: atasy boldy.
Ýa-da: dilden-dile geçip gelýän sözlerdir.