Birinji Taryh 9:1—44

  • Ýesirlikden gelenleriň nesil daragty (1—34)

  • Şawulyň nesil daragty gaýtalanýar (35—44)

9  Ähli ysraýyllar nesil daragtyna görä hasaba alnyp, Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna ýazyldy. Ýahuda halky biwepalyk edendigi üçin Wawilona ýesirlige äkidildi+.  Käbir ysraýyllar, ruhanylar, lewiler we ybadathana gullukçylary*+ ilkinji bolup şäherlerindäki mülküne dolanyp geldi.  Ýahudanyň+, Benýaminiň+, Efraýymyň we Manaşanyň nesilleriniň käbiri Iýerusalimde ýaşady.  Olar: Ýahudanyň ogly Pereziň+ neslinden Emihutyň ogly, Omranyň agtygy, Imriniň çowlugy, Banynyň ýuwlugy Uthaý;  Şelanyň neslinden nowbahar ogul Asaýa bilen ogullary;  Zeranyň neslinden+ Ýeguwel bilen 690 dogany.  Benýaminiň neslinden Meşullamyň ogly, Hodawýanyň agtygy, Hassanuwyň çowlugy Salluw;  Ýerohamyň ogly Ibneýa; Uzzynyň ogly, Mikriniň agtygy Elah; Şepatýanyň ogly, Reguweliň agtygy, Ibniýahyň çowlugy Meşullam.  Nesil daragtynda olaryň 956 dogany agzalýar. Olaryň ählisi tirebaşydy. 10  Ruhanylardan Ýedaýa, Ýehoýaryp, Ýahin+; 11  Hilkiýanyň ogly, Meşullamyň agtygy, Sadygyň çowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, hak Hudaýyň öýüne* gözegçilik eden Ahytubyň gowlugy Azarýa; 12  Ýerohamyň ogly, Paşhuryň agtygy, Mälikýaryň çowlugy Adaý; Adyýeliň ogly, Ýahzeranyň agtygy, Meşullamyň çowlugy, Meşlemitiň ýuwlugy, Imeriň gowlugy Magasaý 13  we olaryň doganlary tirebaşylar; jemi 1 760 adam. Olar hak Hudaýyň öýündäki işleri ýerine ýetirmäge ukyply, batyr adamlardy. 14  Olaryň arasynda lewilerden Meraryň neslinden Haşubyň ogly, Azrykamyň agtygy, Hasapýaryň çowlugy Şemaýa+; 15  Bakbakar, Hereş, Galal; Mikanyň ogly, Zikriniň agtygy, Asafyň çowlugy Mattanýa; 16  Şemaýanyň ogly, Galalyň agtygy, Ýedutunyň çowlugy Abdyýar; netopalylaryň+ obasynda ýaşan Asanyň ogly, Alkananyň agtygy Bereketýar hem bardy. 17  Derwezebanlardan+ Şalum, Akup, Talmon we Ahyman bardy. Olaryň dogany Şalum baştutandy. 18  Şol wagtlar ol gündogar tarapdaky şa derwezesinde+ durýardy. Olar lewi düşelgeleriniň derwezebanlarydy. 19  Koreniň ogly, Abyhasabyň agtygy, Karunyň çowlugy Şalum we karunlar çadyryň agzynda durýan garawullara gözegçi bellenipdi. Karunlar Şalumyň tiresindendi. Olaryň ata⁠-⁠babalary hem Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň* agzynda garawul bolupdy. 20  Öňler olara Algazaryň+ ogly Pinehas+ ýolbaşçylyk edýärdi, Ýehowa⁠-⁠da ony goldaýardy. 21  Meselimýaryň ogly Zekerýa+ hem ýygnak çadyrynyň* agzynda garawuldy. 22  Jemi 212 adam derwezeban edip saýlandy. Olar nesil daragtyna görä+ bölünip, obalarda ýaşadylar. Olaryň ata⁠-⁠babalaryny şol jogapkärçilige Dawut bilen Şamuwel weli*+ belläpdi. 23  Olar ogullary bilen Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň derwezelerinde durardy+. 24  Çadyryň dört tarapynda, ýagny gündogarynda, günbatarynda, demirgazygynda we günortasynda durardylar+. 25  Beýleki doganlary hem wagtal⁠-⁠wagtal obalaryndan gelip, ýedi gün olar bilen hyzmat ederdi. 26  Lewilerden başarjaň we ynamdar dört derwezebany hak Hudaýyň öýüniň hazynalaryna, naharhanalaryna* gözegçi edip goýdular+. 27  Olar uzak gije hak Hudaýyň öýüniň daş⁠-⁠töweregini garawullaýardylar. Hudaýyň öýüni goramak we her gün irden gapylary açyp, açara jogap bermek olaryň borjudy. 28  Olaryň käbiri çadyryň gap⁠-⁠gaçlaryna seretmelidi+, her gezek çykaryp salanlarynda sanamalydy. 29  Käbiri bolsa beýleki gap⁠-⁠gaçlara, mukaddes gap⁠-⁠gaçlara+, ýokary hilli una+, şeraba+, ýaga+, ladana*+ we melhem ýagyna+ gözegçilik etmelidi. 30  Ruhanylaryň käbir ogullary hoşboý ysly melhem ýagyny ýasaýardy. 31  Lewileriň karun tiresinden Şalumyň nowbahar ogly Matytýa çöregiň bişirilmegine+ gözegçilik etmelidi. 32  Olaryň garyndaşlary kohatlara bolsa her Sabat güni+ hödür çöregini+ bişirmek tabşyrylypdy. 33  Lewi tirebaşylaryň käbiri aýdym aýtmaga bellenipdi. Olar borjuny gije⁠-⁠gündiz ýerine ýetirmek üçin ybadathananyň otaglarynda* bolýardylar. Olar başga jogapkärçilikden boşadylýardy. 34  Lewileriň nesil daragtynda agzalýan şol tirebaşylar Iýerusalimde ýaşapdy. 35  Gibgonyň atasy Ýegel Gibgonda+ ýaşaýardy. Aýalynyň ady Magakdy. 36  Ýegeliň nowbahar ogly Abdondy, soňra Zur, Kiş, Bagal, Nur, Nadap, 37  Gedor, Ahyý, Zekerýa we Miklot doguldy. 38  Miklotyň Şimem diýen ogly boldy. Olar doganlary bilen Iýerusalimde garyndaşlarynyň ýanynda ýaşadylar. 39  Nur+ Kişiň atasydy, Kiş Şawulyň+ atasydy, Şawul Ýonatanyň+, Mälikşuwyň+, Abynadabyň+ we Eşbagalyň atasydy. 40  Ýonatanyň Meribagal+ atly ogly boldy. Meribagal Mikaýyň+ atasydy. 41  Mikaýyň ogullary: Pithon, Mälik, Tahreý we Ahaz. 42  Ahaz Ýaragyň atasydy, Ýarak Alamatyň, Azmawetiň we Zimriniň atasydy, Zimri Mozanyň atasydy, 43  Moza Bineýanyň atasydy. Bineýadan Repaýa, Repaýadan Algasan, Algasandan Asel doguldy. 44  Aseliň alty ogly bardy. Olar: Azrykam, Boher, Ysmaýyl, Şegaraý, Abdyýar we Hanan. Olar Aseliň ogullarydy.

Çykgytlar

Sözme-söz: bagyş edilenler.
Ýa-da: ybadathanasyna.
Ýa-da: düşelgesiniň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: otaglaryna.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: naharhanalarynda.