Birinji Timoteos 3:1—16
3 Şu aýdýanlarym dogrudyr: kim gözegçi+ bolmak isleýän bolsa, gowy zady arzuw edýär.
2 Gözegçi ýazyksyz bolmaly, bir aýaly bolmaly, ähli zatda çägini bilýän, sagdyn düşünjeli+, tertip-düzgünli, myhmansöýer+, öwretmäge ukyply bolmaly+.
3 Ol arakhor+ we zalym* bolmaly däl, gaýtam paýhasly*+, dawalaşmaýan+, pula gyzmaýan+,
4 maşgalasy hakda gowy alada edýän*, çagalary hem gulak asýan we edepli* bolmaly+.
5 Eger ol maşgalasy hakda gowy alada edip bilmeýän bolsa, Hudaýyň ýygnagy hakda nädip alada etsin?
6 Ýaňy-ýakynda mesihçi bolan adam gözegçi bellenmesin+, ýogsam ulumsylyk edip, Iblise çykarylan höküme sezewar bolar.
7 Mundan başga-da, adamlaryň* arasynda gowy abraýy bolmaly+, şonda hiç kim oňa dil ýetirip bilmez we Iblisiň duzagyna düşmez.
8 Ýygnagyň hyzmatçylary hem jogapkärli bolmaly. Olar ikiýüzli*, köp şerap içýän bolmaly däl we açgözlük bilen haram gazanç edýän bolmaly däl+.
9 Olar imanyň mukaddes syryny päk ynsap bilen saklap bilmeli+.
10 Ýöne olary başda barlap görüň*. Eger olary hiç kim ýazgarmasa+, hyzmatçy bolup gulluk etsin.
11 Aýallar hem edep-ekramly*, töhmet atmaýan*+, ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolmaly+.
12 Hyzmatçynyň bir aýaly bolmaly. Ol maşgalasy, esasan-da, çagalary hakda gowy alada edýän* adam bolmaly.
13 Ýygnaga gowy hyzmat edýän doganlar abraý gazanýandyr we Isa Mesihe imany hakda batyrgaý* gürrüň berýändir.
14 Men tizden ýanyňa barmakçy bolsam-da, şeýle tabşyrygy berýärin.
15 Eger birden eglensem, Hudaýyň maşgalasynyň agzasy+ hökmünde özüňi nähili alyp barmalydygyňy bilersiň, sebäbi Biribaryň ýygnagy hakykatyň diregi hem daýanjydyr.
16 Hudaýa wepaly bolmagyň mukaddes syry örän uludyr: «Isa ynsan bedeninde geldi+, soňra täzeden ruh bolup, dogruçyl hasaplandy+, perişdeleriň ýanyna gitdi+. Ol hakda başga halklara wagyz edildi+, adamlar oňa iman etdi+, ol şan-şöhrat bilen göge galdy».
Çykgytlar
^ Ýa-da: urýan; dili bilen çakýan.
^ Sözme-söz: ýumşak; eglişikli.
^ Ýa-da: hojalygyny gowy dolandyrýan.
^ Ýa-da: agras; jogapkärli.
^ Mesihçi däl adamlar göz öňünde tutulýar.
^ Ýa-da: iki sözli.
^ Ýa-da: olaryň talaba laýyk gelýändigini synap görüň.
^ Ýa-da: agras; hormata mynasyp.
^ Ýa-da: gep-gybat etmeýän.
^ Ýa-da: hojalygyny gowy dolandyrýan.