Birinji Timoteos 5:1—25

  • Ýaşlary we ululary sylamak (1, 2)

  • Dul aýallary goldamak (3—16)

    • Maşgala agzalaryň aladasyny etmek (8)

  • Köp zähmet çekýän ýaşululara hormat goýuň (17—25)

    • «Ýarawsyzlygyň sebäpli biraz şerap iç» (23)

5  Ýaşy uly adam bilen gödek gepleşme+. Onuň bilen kakaň ýaly, ýaş doganlar bilen iniň ýaly gepleş.  Ýaşy uly aýallara ejeň ýaly, ýaşy kiçilere bolsa uýaň ýaly garap, päk ýürekli* bol.  Kömege mätäç dul aýallaryň* aladasyny et*+.  Eger dul aýalyň çagalary ýa-da agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler+. Sebäbi kakasynyň, ejesiniň, atasynyň we enesiniň aladasyny etmek olaryň borjudyr+, Hudaý hem muny halaýandyr+.  Kömege mätäç hossarsyz dul aýallar Hudaýa bil baglaýarlar+, gije-gündiz doga-dileg edýärler hem-de ýalbarýarlar+.  Emma ten höweslerine eýerip ýaşaýanlar diri bolsa-da ölüdirler.  Şonuň üçin olar günäkär bolmaz ýaly, şu tabşyryklara eýermegi maslahat ber.  Dogan-garyndaşlarynyň, esasan-da, maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir, ol Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir+.  Ýaşy 60-dan geçen we ärine wepaly galan* dul aýallar hasaba alynsyn. 10  Olar çagalaryna gowy terbiýe beren+, myhmansöýer+, ýagşy işlere yhlasly, mukaddesleriň aýagyny ýuwup+, kynçylyk çekýänlere kömek edip+ abraý gazanan aýal bolmaly+. 11  Dul galan ýaş gelinler bolsa hasaba alynmasyn, sebäbi olar är küýsäp başlasa, Mesihe gulluk edip bilmezler. Şeýlelikde, durmuşa çykmagyň küýüne düşerler. 12  Olar ilkibaşda beren wadasyndan* dänip, höküme sezewar bolarlar. 13  Şeýle-de olar öýden-öýe aýlanyp, ýaltalygy öwrenýärler. Olar diňe ýalta bolmak bilen çäklenmän, gybat hem edýärler we başgalaryň işine goşulyp+, gep gezdirýärler*. 14  Şonuň üçin dul galan gelinleriň durmuş gurmagyny+, çaga dogurmagyny+, öý-içerisiniň aladasyny etmegini isleýärin. Şonda duşmanlar bize dil ýetirip bilmezler. 15  Dul aýallaryň käbiri dogry ýoldan azaşyp, Şeýtanyň yzyna eýerdiler. 16  Eger imanly aýalyň dul galan dogan-garyndaşy bar bolsa, olara kömek etsin, ýygnaga ýük bolmasyn. Şonda ýygnak kömege mätäç beýleki dul aýallaryň* aladasyny edip biler+. 17  Ýygnaga gowy gözegçilik edýän+, esasan-da, Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýän+ ýaşululara iki esse hormat goýuň+. 18  Sebäbi: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň»+, «Işçi hakyna mynasypdyr»+ diýlip ýazylandyr. 19  Iki ýa-da üç şaýat bolmasa, ýygnak ýaşulusyna atylýan töhmete ynanma+. 20  Günä edýänlere+ hemmeleriň öňünde käýinç ber+, şonda beýlekiler sapak edinerler*. 21  Men Hudaýyň, Isa Mesihiň we mukaddes* perişdeleriň öňünde şeýle tabşyryklary berýärin. Ýöne adalatly bol, hiç kimi ala tutma+. 22  Ýygnakda birini jogapkärli borja bellemekçi* bolanyňda, howlukma+. Başgalaryň günäli işlerine-de goşulma, özüňi arassa sakla. 23  Mundan beýläk diňe bir suw içmän, aşgazanyň agyrmazlygy we ýygy-ýygydan kesellemezligiň üçin biraz şerap iç. 24  Käbir adamlaryň edýän günäsini hemmeler bilýär, olar şol bada höküme sezewar bolýar, emma käbirleriniň günäsi gelejekde belli bolar+. 25  Şonuň ýaly-da ýagşy işleri hemmeler görýändir+, emma görünmeýän ýagşy işler hem gizlin galyp bilmez+.

Çykgytlar

Ýa-da: ahlak taýdan arassa.
Kömek etjek hossary bolmadyk dullar göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: hormat goý.
Sözme-söz: bir äriň aýaly bolan.
Sözme-söz: ilkibaşdaky imanyndan.
Ýa-da: etmesiz gürrüňleri edýärler.
Kömek etjek hossary bolmadyk dullar göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: beýlekiler gorkarlar.
Sözme-söz: saýlanan.
Sözme-söz: biriniň üstüne elleriňi goýmakçy.