Ikinji Şamuwel 1:1—27

  • Dawut Şawulyň ölenini eşidýär (1—16)

  • Dawudyň Şawul bilen Ýonatanyň hatyrasyna düzen ýas aýdymy (17—27)

1  Şawul ölüpdi. Amalekleri derbi⁠-⁠dagyn eden Dawut iki gün bäri Ziklagdady+.  Üçünji gün diýlende, Şawulyň düşelgesinden bir ýigit geldi. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy. Ol Dawudyň ýanyna gelip, dyza çökdi⁠-⁠de, tagzym etdi.  Dawut ondan: «Nireden gelýäň?» diýip sorady. Ol: «Ysraýyl düşelgesinden gaçyp gaýtdym» diýip jogap berdi.  Şonda Dawut: «Hany aýt, näme boldy?» diýdi. Ol: «Ysraýyllar söweş meýdanyndan gaçdy, köpüsi gyryldy. Şawul bilen ogly Ýonatanam öldi»+ diýdi.  Dawut habar getiren ýigitden: «Şawul bilen ogly Ýonatanyň ölenini nireden bilýäň?» diýip sorady.  Ýigit: «Men Gilbowa dagyndadym+, bir görsem, Şawul naýzasyna söýenip dur, duşmanyň at⁠-⁠arabalary bolsa golaýlaşyp gelýär+.  Şawul töweregine seretdi⁠-⁠de, meni görüp, ýanyna çagyrdy. Men: „How, agam!“ diýdim.  Ol: „Sen kim?“ diýip sorady. „Men amaleklerden“+ diýip jogap berdim.  Ol: „Gel, meni öldürsene, ölüp bilmän, kösenip durun“ diýdi. 10  Menem ýanyna baryp, ony öldürdim+, sebäbi ol agyr ýaralanypdy, barybir ölerdi. Hojaýyn, ynha täji bilen bilezigini saňa getirdim» diýdi. 11  Şonda Dawudam, ýanyndakylaram ýakasyny ýyrtdy. 12  Olar Şawul bilen ogly Ýonatan üçin, Ýehowanyň halky, Ysraýyl öýi+ üçin dady⁠-⁠perýat edip, aglaşyp, agşama çenli agyz beklediler+, sebäbi ysraýyllaryň köpüsi gylyçdan geçirilipdi. 13  Dawut habar getiren ýigitden: «Sen nireli?» diýip sorady. Ol: «Men bir gelmişek amalegiň ogly» diýdi. 14  Dawut: «Ýehowanyň bellänine nädip el galdyryp bildiň?»+ diýdi. 15  Soňra ýigitleriň birini çagyryp: «Gel⁠-⁠de, muny öldür» diýdi. Ýigit hem ony öldürdi+. 16  Dawut: «Ölümiňe özüň günäkär, Ýehowanyň bellänini öldürdim diýip, diliňden bela galdyň»+ diýdi. 17  Dawut Şawul bilen ogly Ýonatanyň hatyrasyna ýas aýdymyny aýtdy+. 18  «Ýaý» diýen şol nagma Ýaşer kitabyna+ ýazyldy. Dawut aýdymy Ýahuda halkyna öwretmegi tabşyrdy. Onda şeýle sözler bardy: 19  «Eý Ysraýyl, şan⁠-⁠şöhratlylar belent depeleriňde heläk boldy+. Seret, edermenler wepat boldy! 20  Get galasyna habar etmäň+,Aşkelonyň köçelerinde jar çekmäň,Ýogsam piliştli gyzlaryň ýüregi joşar,Sünnetsiz halkyň gyzlary heşelle kakar. 21  Eý Gilbowa daglary+,Goý, size çyg düşmesin, ýagmyr ýagmasyn,Ekinlerde Hudaýa hödür ediljek hasyl bitmesin+,Sebäbi gerçekleriň galkany aýak astynda galdy,Şawulyň galkanyna ýag çalynmaz indi. 22  Ýonatanyň ýaýy+, Şawulyň gylyjyDuşman ganyna boýalardy,Gerçekleriň janyny alman gaýtmazdy+. 23  Şawul bilen Ýonatan+ mähir⁠-⁠muhabbete ýugrulandy,Ölüm hem olary aýra salyp bilmedi+. Olar bürgütden çalasyn+,Arslandan rüstemdi+. 24  Eý Ysraýyl gyzlary, Şawul üçin aglaň,Ol size al⁠-⁠elwan* geýdirip, şaý⁠-⁠sepe besledi,Lybaslaryňyzy zer bilen bezedi. 25  Indi seret, edermenler söweşde wepat boldy! Ýonatan belent depeleriňde heläk edildi!+ 26  Wah, doganym Ýonatan, seniň üçin hasrat çekýärin,Sen maňa juda ezizdiň+. Dostluk söýgiň zenan söýgüsinden has gowudy+. 27  Seret, edermenleriň wepat boldy,Söweş ýaraglaryň çym⁠-⁠pytrak boldy!»

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: gyrmyzy mata.