Ikinji Şamuwel 11:1—27
11 Ýylyň başynda*, şalaryň söweşe çykýan wagty Dawut Ýowaby, nökerlerini we tutuş ysraýyl goşunyny ammonlaryň üstüne çozmaga iberdi. Olar Rapa şäheriniň daşyny gabadylar+. Dawut bolsa Iýerusalimde galypdy+.
2 Bir gün agşam Dawut ýatan düşeginden turup, köşgüň üçeginde gezmelemäge çykdy. Şonda suwa düşüp duran bir aýala gözi düşdi, ol diýseň owadandy.
3 Dawut onuň kimdigini anyklamak üçin adam iberdi. Habarçy gelip: «Ol Alyýamyň* gyzy+, hetlerden+ Uryýanyň+ aýaly Batşeba»+ diýdi.
4 Şonda Dawut hyzmatkärlerini iberip, ony getirtdi+. Batşeba gelende, Dawut onuň bilen ýatdy+. Şol wagt Batşebanyň tämizlenýän wagtydy*+. Soňra ol öýüne gaýtdy.
5 Batşeba göwreli bolup, Dawuda: «Senden göwreli boldum» diýip habar ýollady.
6 Şonda Dawut Ýowaba: «Hetlerden Uryýany ýanyma ugrat» diýip habar ýollady. Ýowap hem ony Dawudyň ýanyna iberdi.
7 Uryýa gelende, Dawut ondan Ýowabyň, esgerleriň hal-ýagdaýyny we urşuň gidişini sorady.
8 Soňra ol Uryýa: «Öýüňe git-de, dynjyňy al» diýdi. Uryýa köşkden gaýdan badyna, patyşa yzyndan sowgat-serpaý iberdi.
9 Emma Uryýa öýüne gitmän, patyşanyň nökerleri bilen köşgüň agzynda ýatdy.
10 Dawuda: «Uryýa öýüne gitmedi» diýip habar berdiler. Şonda ol Uryýa: «Özüň-ä ýaňy ýoldan geldiň, näme üçin öýüňe gaýtmadyň?» diýdi.
11 Uryýa bolsa: «Äht sandygy+, Ysraýyl we Ýahuda goşuny çadyrda bolup ýörkä, hojaýynym Ýowap bilen nökerleri düşelgedekä, men neneň öýe gidip, iýip içeýin, aýalym bilen ýataýyn?!+ Janyňdan ant içýärin, beýle zady etmerin!» diýdi.
12 Dawut oňa: «Bu günem bärde gal, ertir yzyňa gidersiň» diýdi. Uryýa şol günem, ertesi günem Iýerusalimde galdy.
13 Soňra Dawut Uryýany nahara çagyryp, onuň bilen iýip içdi-de, serhoş bolýança içirdi. Uryýa serhoş bolsa-da, şol gije öýüne gitmän, patyşanyň nökerleriniň ýanynda ýatdy.
14 Ertesi ir bilen Dawut Ýowaba hat ýazyp, Uryýanyň eline berip goýberdi.
15 Şol hatda: «Uryýany söweşiň iň gazaply ýerinde, öňdäki hatarda goý. Soňam yza çekiliň, goý, ol ýaralanyp ölsün»+ diýip ýazylgydy.
16 Ýowap şäheriň daşyny gabapdy. Ol duşmanyň güýçli esgerleriniň nirede söweşýänini bilýärdi. Uryýany hem şol ýerde goýdy.
17 Duşmanlar şäherden çykyp, Ýowaba hüjüm edende, Dawudyň birnäçe esgeri wepat boldy. Olaryň arasynda hetlerden Uryýa hem bardy+.
18 Ýowap bolan zatlar hakda Dawuda habar ýollady.
19 Ol çapara: «Şa hezretlerine urşuň gidişini gürrüň ber.
20 Onuň gahary gelip: „Şähere näme üçin golaý bardyňyz? Bilýäňiz-ä, olar diwaryň üstünden oka tutýarlar.
21 Ýerubeşetiň*+ ogly Abymäligi+ kimiň öldüreni ýadyňyzdan çykdymy? Ony Tebesde bir aýal diwardan degirmen daşyny* zyňyp öldüripdi. Diwara näme üçin golaý bardyňyz?“ diýäýse: „Hetlerden guluňyz Uryýa-da öldi“ diýip habar ber» diýdi.
22 Çapar gidip, Ýowabyň aýdanlaryny Dawuda ýetirdi.
23 Ol: «Duşman bizden güýçli eken. Olar şäherden çykyp, üstümize hüjüm etdiler. Ýöne biz olary derwezä çenli kowaladyk.
24 Şonda ýaýçylar diwaryň üstünden oka tutdular, patyşanyň nökerleriniň käbiri öldi, hetlerden Uryýa-da wepat boldy»+ diýdi.
25 Dawut bolsa: «Ýowaba aýt, bolan zatlara gynanmasyn, uruş ölüm-ýitimsiz bolmaz. Ol hüjümini güýçlendirsin-de, şäheri basyp alsyn+. Şu sözlerim bilen Ýowaby ruhlandyr» diýdi.
26 Batşeba äriniň ölendigini eşidip, ýas tutdy.
27 Ýas günleri tamamlananda, Dawut dessine adam iberip, ony köşge getirtdi. Batşeba Dawudyň aýaly bolup+, ogul dogurdy. Ýöne Ýehowa Dawudyň eden işini halamady*+.
Çykgytlar
^ Ýagny ýaz pasly.
^ Aýbaşysyndan arassalanýan döwri göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Degirmeniň ýokarky daşy göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: Dawudyň eden işi Ýehowanyň nazarynda erbetlikdi.