Ikinji Şamuwel 12:1—31

  • Natan pygamber Dawudy ýazgarýar (1—15a)

  • Batşebanyň oglunyň ölümi (15b—23)

  • Batşeba Süleýmany dogurýar (24, 25)

  • Ammonlaryň Rapa şäheri basylyp alynýar (26—31)

12  Ýehowa Natany+ Dawudyň ýanyna iberdi+. Ol Dawuda şeýle diýdi: «Bir şäherde iki adam ýaşaýan eken. Olaryň biri baý, beýlekisi garypdy.  Baýyň süri⁠-⁠süri maly bardy+.  Garybyň bolsa satyn alan ýekeje guzusyndan* başga zady ýokdy+. Ol guzusynyň aladasyny edip, öz ogullary bilen deň tutardy. Iýýän bir döwüm çöreginden, içýän suwundan berip, gujagynda ýatyrardy, gyzy ýaly eý görerdi.  Günlerde bir gün baýyň öýüne myhman gelipdir. Emma ol öz malyndan soýmaga dözmän, ýaňky garybyň guzusyny alyp soýupdyr we myhmanyna nahar bişiripdir»+.  Şonda Dawudyň gaty gahary gelip, Natana: «Ýehowa diri şaýatdyr+, muny eden adamyň başy ölümlidir!  Ol eden zalymlygy üçin guzynyň bahasyny dört esse edip gaýtarmaly bolar»+ diýdi.  Natan bolsa Dawuda: «Şol adam sen! Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa belledim+, Şawulyň elinden halas etdim+.  Hojaýynyň öý⁠-⁠içerisini+, aýallaryny eliňe berip+, Ysraýyl bilen Ýahuda öýüni saňa tabşyrdym+. Şolary az görýän bolsaň, üstüne ýene goşardym+.  Ýehowanyň ýigrenýän işini edip, näme üçin kanunyny bozduň? Het halkyndan Uryýany gylyçdan geçirdiň!+ Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürip+, aýalyny aldyň+. 10  Het halkyndan Uryýanyň aýalyny alyp, meni äsgermezlik edeniň üçin, öý⁠-⁠içeriňden hiç wagt gylyç aýrylmaz“+. 11  Ýehowa şeýle diýýär: „Sen öz maşgalaňdan ýamanlyk görersiň+. Aýallaryňy gözüň alnynda başga birine bererin+. Ol hem ulus⁠-⁠iliň öňünde* aýallaryň bilen ýatar+. 12  Sen zalymlygy gizlin etdiň+, men bolsa gündiziň günortany tutuş Ysraýylyň öňünde ederin“» diýdi. 13  Şonda Dawut: «Men Ýehowanyň öňünde günä etdim»+ diýdi. Natan: «Ýehowa günäňi geçýär+, sen ölmersiň+. 14  Ýöne Ýehowany äsgermezlik edeniň üçin, ýaňy doglan ogluň öler» diýdi. 15  Soňra Natan öýüne gaýtdy. Ýehowa Uryýanyň aýalynyň Dawuda dogrup beren çagasyny keselletdi. 16  Dawut oguljygy üçin hak Hudaýa dileg edip, agyz bekledi. Ol uzak gije otagynda bagryny ýere berip ýatdy+. 17  Köşk emeldarlary baryp, Dawudy ýerinden galdyrjak boldular. Emma ol ne ýerinden turdy, ne⁠-⁠de çörek iýdi. 18  Ýedinji gün diýlende, çaga ýogaldy. Dawudyň hyzmatkärleri çaganyň ölenini aýtmaga gorkdular. Olar: «Çaga dirikä, patyşa gepimize gulak asmady. Indi oňa çaganyň ölenini nädip aýdaly? Ol özüne bir zat edäýmesin» diýişdiler. 19  Dawut hyzmatkärleriniň pyşyrdaşýanyny görüp, çaganyň ýogalandygyna düşündi. Ol: «Çaga öldümi?» diýip sorady. Olar: «Hawa» diýdiler. 20  Şonda Dawut turup, ýuwnup⁠-⁠ardyndy⁠-⁠da, ýakymly ysly ýag çalnyp+, eşigini çalyşdy, Ýehowanyň çadyryna*+ gidip, tagzym etdi. Soňra köşge geldi⁠-⁠de, iýip içdi. 21  Hyzmatkärleri: «Çaga dirikä, agyz bekläp, agladyň, ýogalandan soňam turup, çörek iýdiň. Näme üçin beýdýäň?» diýdiler. 22  Dawut: «Hawa, çaga dirikä, agyz bekledim+, agladym, sebäbi Ýehowa rehim edip, çagany diri galdyrar+ öýtdüm. 23  Çaga ýogalansoň, agyz beklemek nämä gerek? Çagany yzyna getirip bilmerin ahyryn+. Bir gün özümem ölüp giderin+, ýöne ony direldip bilmerin»+ diýip jogap berdi. 24  Soňra Dawut aýaly Batşeba+ göwünlik berdi. Ol aýalynyň ýanyna girip, oňa ýanaşdy*. Birnäçe wagtdan Batşebanyň ogly boldy, adyna Süleýman*+ dakdylar. Ýehowa çagany gowy gördi+. 25  Ol Natan pygamberi+ iberip, oglanjygyň adyna Ýedidýa* goýdurdy, sebäbi Ýehowa çagany eý görýärdi. 26  Ýowap ammonlaryň+ Rapa şäherine+ çozup, paýtagty basyp aldy+. 27  Ol Dawuda: «Men Rapa çozup+, şäheriň çeşmelerini* eýeledim. 28  Sen galan esgerleri alyp gel⁠-⁠de, tutuş şäheri basyp al. Özüm basyp alsam, bar abraý meniň adyma gider*» diýip habar ýollady. 29  Dawut esgerlerini ýygnady⁠-⁠da, Rapa şäherine gitdi. Ol şähere çozup, ony basyp aldy. 30  Malkamyň* gymmatbaha gaşlar bilen bezelen täjini hem aldy; ondaky altynyň agramy bir batmandy*. Täji Dawudyň başyna geýdirdiler. Ol şäherden+ birgiden olja aldy+. 31  Ilatyna bolsa şäheriň daşynda daş ýondurdy, ýiti demir gurallar we paltalar bilen işletdi, kerpiç guýdurdy. Ol ammonlaryň beýleki şäherlerinde hem şeýle etdi. Soňra Dawut esgerleri bilen Iýerusalime dolandy.

Çykgytlar

Urkaçy mal göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: gündiziň günortany.
Sözme⁠-⁠söz: öýüne.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýewreý sözünden gelip çykyp, «Parahatlyk» diýmegi aňladýar.
Manysy: Ýahyň eý görýäni.
Sözme⁠-⁠söz: suwlar şäherini.
Sözme⁠-⁠söz: oňa meniň adymy dakarlar.
Ammonlaryň taňrysy göz öňünde tutulýan bolmaly. Molek ýa⁠-⁠da Milkom hem diýilýär.