Ikinji Şamuwel 15:1—37
15 Şondan soň Abselim özüne şa arabasyny ýasadyp, atlar bilen 50 sany nöker* edindi+.
2 Abselim her gün irden şäher derwezesine barýan ýoluň ugrunda durardy+. Biri patyşa arzyny aýtmaga gelse+, Abselim ony çagyryp: «Sen nireli?» diýip sorardy. Ol: «Guluňyz Ysraýylyň pylan taýpasyndan» diýende,
3 Abselim: «Dawada seniňki dogry eken, ýöne patyşanyň huzurynda arzyňy diňlejek adam ýok» diýerdi.
4 Soňra ol: «Wah, ýurda özüm kazylyk eden bolsam, arz-şikaýat bilen gelenleriň işini adalatly çözerdim» diýerdi.
5 Biri oňa tagzym etjek bolsa, Abselim ony saklardy-da, gujaklap ogşardy+.
6 Ol patyşa arzyny aýtmaga gelýän ysraýyllaryň ählisi bilen özüni şeýle alyp barardy. Şeýdip, Abselim kem-kemden halkyň göwnüni awlady*+.
7 Dört ýyldan soň*, Abselim Dawuda: «Hebrona+ gidip, Ýehowa beren wadamy berjaý edeýin.
8 Siriýanyň Geşur galasyndakam+: „Ýehowa meni yzyma Iýerusalime eltse, Ýehowa gurbanlyk bererin*“ diýip söz beripdim»+ diýdi.
9 Patyşa: «Sag-aman gidip gel» diýdi. Şeýdip, Abselim Hebrona gitdi.
10 Abselim Ysraýylyň ähli taýpasyna içaly ýollap: «Surnaý* çalnan badyna: „Abselim Hebronda+ patyşa boldy!“ diýip jar ediň» diýdi.
11 Iýerusalimden 200 adam Abselim bilen gitdi. Ýöne olar hiç zatdan habarsyz, ýagşy niýet bilen gidipdi.
12 Abselim gurbanlyklary berip, Dawudyň maslahatçysy+ Ahytopeli+ dogduk şäheri Gilodan+ çagyrmak üçin adam iberdi. Patyşanyň garşysyna gurnalýan dildüwşük gitdigiçe güýjeýärdi. Abselime goşulýanlaryň sany barha artýardy+.
13 Biraz wagtdan çapar gelip, Dawuda: «Ysraýyllar Abselimiň tarapyna geçdi» diýdi.
14 Şonda Dawut Iýerusalimdäki hyzmatkärlerine: «Ýörüň, gaçalyň+, ýogsam Abselimiň elinden diri sypmarys! Tizräk ýola düşmesek, ol yzymyzdan ýetip, bizi gyrar, şäherde gan çaýkar!»+ diýdi.
15 Olar: «Şa hezretleri näme diýse, şony hem ederis»+ diýdiler.
16 Patyşa tutuş maşgalasy bilen ýola düşdi, on gyrnagyny+ bolsa köşge seretmäge goýup gitdi.
17 Ol ýanyndaky adamlary bilen biraz ýöräp, Beýtmerakda* saklandy.
18 Şol ýerde patyşa hyzmatkärlerini, keretleri, peletleri+ we getlileri+, Getden+ yzyna düşüp gaýdan 600 adamy gözden geçirdi*.
19 Ol getli Yttaýy+ görüp: «Sen biz bilen gidip oturma. Gowusy, täze patyşanyň ýanynda gal. Şonsuzam ýurduňdan kowlup, gelmişek bolup ýörsüň.
20 Geleniň düýn dälmi, indi seni yzyma düşürip, sergezdan edeýinmi? Onsoňam, nirä barýanymy özümem bilemok. Adamlaryň bilen yzyňa dolan. Goý, Ýehowa saňa wepaly bolsun, senden söýgüsini* gaýgyrmasyn!»+ diýdi.
21 Emma Yttaý: «Biribar Ýehowadan we şa hezretleriniň janyndan ant içýärin, ölmeli bolsam-da, ýanyňdan aýrylmaryn!»+ diýip jogap berdi.
22 Şonda Dawut: «Ýör, onda» diýdi. Getli Yttaý+ adamlaryny we çagalaryny alyp, Dawut patyşa bilen jülgä tarap gitdi.
23 Patyşa bilen adamlar ýola düşende, tutuş Iýerusalim ilaty ses edip aglady. Dawut Kidron jülgesiniň+ golaýyna baryp durdy, adamlar bolsa çöle tarap ýöräp ugradylar.
24 Şol ýerde Sadyk+ ruhany we hak Hudaýyň äht sandygyny+ göterýän lewiler+ hem bardy. Olar hak Hudaýyň äht sandygyny ýerde goýdular. Abyýatar+ bolsa halk şäherden çykyp bolýança, garaşyp durdy.
25 Patyşa Sadyga: «Hak Hudaýyň äht sandygyny yzyna şähere äkit+. Eger Ýehowany razy edip bilsem, ol meni yzyma getirip, äht sandygy bilen mekanyny+ ýene-de görkezer.
26 Ýöne Hudaýy razy edip bilmesem, ol maňa näme etse-de kaýyldyryn» diýdi.
27 Soňra Dawut Sadyk ruhana: «Sen Hudaýyň welisi*+ ahyryn. Abyýatary, ogluň Ahymagasy we Abyýataryň ogly Ýonatany+ al-da, şähere dolan. Alla ýaryň bolsun!
28 Men bolsa sizden habar gelýänçä, çölüň golaýynda, derýanyň ýalpak ýerinde garaşaryn»+ diýdi.
29 Sadyk bilen Abyýatar hak Hudaýyň äht sandygyny Iýerusalime äkidip, şol ýerde galdylar.
30 Dawut aglap, başyny örtüp, Zeýtun dagyna+ aýakýalaňaç çykyp barýardy. Ýanyndakylaram başyny örtüp, aglap barýardy.
31 Dawuda: «Abselim+ bilen dil düwşenleriň+ arasynda Ahytopelem bar» diýip habar berdiler. Şonda ol: «Eý Ýehowa+, goý, Ahytopeliň maslahaty puja çyksyn!*»+ diýdi.
32 Dawut birwagtlar Hudaýa sežde edilen depä bardy. Şonda öňünden arhytlardan+ Huşaý+ çykdy. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy.
33 Dawut oňa: «Ýanymda gitseň-ä, maňa kän kömegiň degmez.
34 Gowusy, şähere dolan. Abselimiň ýanyna bar-da: „Patyşahym, men seniň sadyk guluň!+ Öň kakaňa hyzmat etdim, indi saňa hyzmat edeýin“ diý. Şonda Ahytopeliň maslahatyny puja çykaryp, maňa uly kömek edersiň+.
35 Ruhanylardan Sadyk bilen Abyýatar ýanyňda bolar. Köşkde näme gep-gürrüň bolsa, olara habar ber+.
36 Sadygyň ogly Ahymagas+ bilen Abyýataryň ogly Ýonatan+ hem şol ýerdedir. Eşiden zatlaryňy şolaryň üsti bilen maňa ýetirip dur» diýdi.
37 Şeýdip, Dawudyň dosty Huşaý+ Iýerusalime bardy. Şol wagt Abselim şähere girip gelýärdi.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: öňünden ylgar ýaly 50 adam. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: ýüregini ogurlady.
^ Başga manysy: 40 ýyldan soň. Dawudyň mukaddes ýag bilen bellenen ýylyndan hasaplanýan bolmaly. 1Şm 16:13-e serediň.
^ Ýa-da: sežde ederin.
^ Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
^ Manysy: Çetdäki öý.
^ Ýa-da: öňünden geçirdi.
^ Ýa-da: wepaly söýgüsini.
^ Ýa-da: akmaklyk hasaplansyn!