Ikinji Şamuwel 16:1—23

  • Zybanyň Mepiboşete atan töhmeti (1—4)

  • Dawuda gargan Şimeý (5—14)

  • Abselim Huşaýy kabul edýär (15—19)

  • Ahytopeliň maslahaty (20—23)

16  Dawut depeden düşüp gelýärkä+, öňünden Mepiboşetiň+ hyzmatkäri Zyban+ çykdy. Ol iki eşege 200 çörek, 100 sany kişmişli külçe, 100 sany injirli we hurmaly külçe, uly küýze şerap ýükläp gelipdir+.  Patyşa: «Munça zady näme üçin getirdiň?» diýip sorady. Zyban: «Patyşahym, eşekler maşgalaňa ýolda gerek bolar. Çörekleri, ir⁠-⁠iýmişleri ýigitleriň iýer, şeraby bolsa çölde ysgyndan gaçanlar içer»+ diýip jogap berdi.  Şonda patyşa: «Hojaýynyň agtygy* nirede?»+ diýip sorady. Zyban: «Ol: „Ysraýyllar indi atamyň tagtyny maňa gaýtaryp berer“ diýip, Iýerusalimde galdy»+ diýdi.  Patyşa: «Mepiboşetiň bar zadyny saňa berýärin»+ diýdi. Zyban: «Öňüňizde baş egýärin, hökümdarym. Mundan beýlägem siziň göwnüňizden turaýyn»+ diýdi.  Dawut patyşa Bahurime ýetende, Şawulyň garyndaşy* Geranyň ogly Şimeý+ çykyp, Dawuda gargap başlady+. Ol gygyryp,  Dawuda, hyzmatkärlerine, nökerlerine we iki gapdalyndaky batyr ýigitlerine daş zyňýardy.  Ol Dawuda gargap: «Güm bol, ganhor, güm bol! Sen adam däl!  Şawulyň maşgalasynyň ganyna galyp, patyşalygy elinden alanyň üçin, Ýehowa saňa göz görkezýär. Ýehowa patyşalygyňy ogluň Abselime berýär. Sen ganhor bolanyň üçin şu güne düşdüň!»+ diýdi.  Şonda Seruýanyň ogly Abyşaý+ Dawuda: «Şa hezretlerine gargar ýaly+, ol it ogly kimmişin?+ Rugsat berseň, baryp, kellesini alaýyn»+ diýdi. 10  Emma patyşa: «Eý Seruýanyň ogullary, Şimeý bilen işiňiz bolmasyn+, goý, gargasyn+. Ýehowa oňa: „Dawuda garga!“ diýen bolsa+, hiç kim saklap bilmez» diýdi. 11  Soňra Dawut Abyşaýa we hyzmatkärlerine: «Bagrymdan önen oglum kastyma çykýarka+, benýaminlerden+ nämä garaşjak?! Degmäň, gargasa gargasyn, muny Ýehowa tabşyrandyr. 12  Belki, Ýehowa çekýän jebrimi görer+. Ýehowa onuň gargyşyny alkyşa öwrer»+ diýdi. 13  Dawut adamlary bilen ýoluny dowam etdi. Şimeý bolsa dagyň eňňidi bilen yzlaryndan galman, gargynyp+, daş bilen gum zyňyp barýardy. 14  Ahyry patyşa adamlary bilen barmaly ýerine ýetdi. Olar halys ýadap, dynç aldylar. 15  Şol wagt Abselim ysraýyllar bilen Iýerusalime gelipdi, ýanynda Ahytopelem+ bardy. 16  Dawudyň dosty arhytlardan+ Huşaý+ Abselimiň huzuryna baryp: «Ýaşasyn patyşa!+ Ýaşasyn patyşa!» diýdi. 17  Şonda Abselim: «Hany dostuňa wepadarlygyň?* Näme üçin onuň bilen gitmediň?» diýdi. 18  Huşaý: «Men Ýehowanyň, şu märekäniň we tutuş ysraýyl halkynyň saýlan adamynyň tarapynda. Seni taşlap, hiç ýere gitmerin. 19  Dostumyň ogluna hyzmat etmän, kime edeýin?! Kakaňa hyzmat edişim ýaly, saňa⁠-⁠da hyzmat ederin!»+ diýip jogap berdi. 20  Abselim Ahytopele: «Aýt hany, näme maslahat+ berýäň?» diýdi. 21  Ahytopel: «Kakaň gyrnaklaryny+ köşkde goýup gitdi, şolar bilen ýat+. Şonda bütin Ysraýyl kakaňa duşman bolandygyňy eşider, tarapdarlaryň hem has dogumlanar» diýdi. 22  Köşgüň üçeginde+ Abselim üçin çadyr dikdiler. Ol tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda+ kakasynyň gyrnaklary bilen ýatdy+. 23  Şol wagtlar Ahytopeliň maslahaty+ hak Hudaýdan gelen maslahat ýaly hasaplanardy. Dawudam, Abselimem Ahytopeliň berýän maslahatlaryny iki elläp kabul ederdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ogly.
Ýa⁠-⁠da: hojalygyndan.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiň?