Ikinji Şamuwel 18:1—33
18 Dawut esgerlerini sanap, ýüzbaşylary we müňbaşylary belledi+.
2 Ol esgerlerini üç topara bölüp, birinji topara Seruýanyň+ ogly Ýowaby+, ikinjisine dogany Abyşaýy+, üçünjisine bolsa getli Yttaýy+ ýolbaşçy edip goýdy. Patyşa: «Menem siz bilen söweşe gitjek» diýdi.
3 Emma olar: «Ýok, sen gal+, biz ýeňlip gaçsagam, deň ýarymyz gyrylsagam, duşmanyň biz bilen işi bolmaz, olara sen gerek. Sen 10 000 esgeriň ornuny tutýaň+. Gowusy, şäherde galyp, bize gerekli kömegi berip dur» diýdiler.
4 Dawut: «Goý, siziň diýeniňiz bolsun» diýdi. Esgerler ýüz-ýüzden, müň-müňden çykyp başlady. Patyşa şäher derwezesiniň ýanynda durdy.
5 Ol Ýowaba, Abyşaýa we Yttaýa: «Meniň hatyram üçin, oglum Abselime degmäň»+ diýip tabşyrdy. Patyşanyň serkerdelere Abselim hakda beren buýrugyny hemmeler eşitdi.
6 Esgerler ysraýyllara garşy söweşe çykdy. Uruş Efraýym tokaýynda+ boldy.
7 Dawudyň esgerleri ysraýyllary+ derbi-dagyn etdiler+. Şol gün uly gyrgynçylyk bolup, 20 000 adam öldi.
8 Söweş güýjäp, daş-töwerege ýaýrady. Şol gün tokaýda ölenleriň sany gylyçdan ölenlerden hem köp boldy.
9 Abselim gatyrly gaçyp barýarka, Dawudyň esgerlerine duşdy. Gatyr gür şahaly uly agajyň aşagyndan geçende, Abselimiň saçy şahalara ilişip, agaçdan asylyp galdy, gatyry bolsa gaçyp gitdi.
10 Biri muny görüp: «Abselim bir uly agaçdan sallanyp dur» diýip, Ýowaba+ habar berdi.
11 Ýowap oňa: «Gören bolsaň, näme üçin öldürmediň? Saňa on kümüş teňňe bilen bir guşak serpaý bererdim» diýdi.
12 Emma ol: «Maňa 1 000 kümüş teňňe berselerem, patyşanyň ogluna el galdyrmazdym. Şa hezretleri saňa, Abyşaýa hem Yttaýa: „Abselime degmäň“+ diýip buýruk berdi ahyryn.
13 Patyşanyň tabşyrygyny bozup, ogluny öldüren bolsam, ol muny iru-giç bilerdi. Sen bolsa meni patyşanyň gazabyndan halas etmezdiň» diýdi.
14 Ýowap: «Aý, beýdip seniň bilen gepleşip durmaga wagtym ýok!» diýdi-de, üç peýkam* alyp, uly agaçdan sallanyp duran Abselimiň ýanyna bardy. Ýowap peýkamlary heniz jany çykmadyk Abselimiň ýüreginden geçirdi.
15 Soňra Ýowabyň ýarag göterýän on nökeri gelip, Abselimi tä ölýänçä urdular+.
16 Ýowap surnaý* çalyp, söweşi saklady. Dawudyň esgerleri ysraýyllary kowalamagy bes etdiler.
17 Olar Abselimiň jesedini tokaýdaky uly çukura taşlap, üstüne daş üýşürdiler+. Ysraýyllar bolsa öýlerine gaçyp gitdiler.
18 Abselim dirikä: «Adymy ýöretjek oglum ýok»+ diýip, Şa jülgesinde+ bir sütün goýduryp, öz adyny dakypdy. Şoňa henizem Abselimiň ýadygärligi diýilýär.
19 Sadygyň ogly Ahymagas+ Ýowaba: «Rugsat berseň, gidip, patyşa buşlaýyn. Ýehowa ony duşmanlaryndan halas edip, adalaty dikeltdi»+ diýdi.
20 Emma Ýowap: «Ýok, sen habar berme, bu gün patyşanyň ogly öldi+. Sen başga bir gün habarçy bolarsyň» diýdi.
21 Ýowap kuşly bir adama+: «Bar, gören zatlaryňy patyşa aýt» diýdi. Ol Ýowaba tagzym edip, ylgap gitdi.
22 Sadygyň ogly Ahymagas ýene-de Ýowaba: «Näme bolsa, şo bolsun, menem kuşlynyň yzyndan galmaýyn» diýdi. Ýowap: «Oglum, yzyndan gidip näme etjek? Buşlara zadyňam-a ýok» diýdi.
23 Emma ol şonda-da: «Näme bolsa-da, meni goýber, gidäýin» diýip özelendi. Şonda Ýowap: «Bar, git!» diýdi. Ahymagas Iordan düzlüginden geçýän ýoldan ylgap, kuşly adamy ozup geçdi.
24 Dawut şäheriň iki derwezesiniň+ arasynda otyrdy. Garawul+ derwezäniň ýokarsyna çykyp, bir adamyň ylgap gelýänini gördi-de,
25 patyşa habar berdi. Patyşa: «Ýeke bolsa, habarçydyr» diýdi. Ýaňky adam golaýlap gelýärkä,
26 garawul ýene biriniň gelýänini gördi. Garawul derwezebana: «Seret, ýene biri gelýär!» diýip gygyrdy. Şonda patyşa: «Ol hem habarçydyr» diýdi.
27 Garawul: «Öňden gelýäniň ylgaýşy Sadygyň ogly Ahymagasa+ meňzeýär» diýdi. Şonda patyşa: «Ol gowy adam, gowy habaram getirer» diýdi.
28 Ahymagas ylgap gelşine: «Buşluk!» diýip gygyrdy. Ol ýüzüni ýere berip, tagzym etdi-de: «Hökümdarym, Ýehowa Hudaýa şöhrat bolsun! Ol duşmanlaryňy* boýun egdirdi»+ diýdi.
29 Patyşa: «Oglum Abselime hiç zat bolan däldir-ä?» diýip sorady. Ahymagas: «Ýowap meni bir hyzmatkäriňiz bilen iberdi, şonda bir galmagal-a bardy, ýöne näme bolanyny bilemok»+ diýip jogap berdi.
30 Patyşa oňa: «Hany, bir gyra çekil» diýdi. Ol gyra çekildi.
31 Soňra kuşly adam gelip+: «Şa hezretlerine habar getirdim. Bu gün Ýehowa sizi duşmanlaryňyzdan halas edip, adalaty dikeltdi»+ diýdi.
32 Patyşa: «Oglum Abselime hiç zat bolan däldir-ä?» diýip sorady. Kuşly adam: «Şa hezretleriniň duşmanlary, size garşy çykanlaryň ählisi şol ýigidiň gününe düşsün!»+ diýdi.
33 Muny eşidip, patyşanyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Ol derwezäniň üstündäki otaga çykdy-da, iki ýana ýöräp: «Wah, oglum Abselim, jan balam Abselim! Seniň ýeriňe men ölsem bolmaýarmy, oglum Abselim, jan oglum!»+ diýip aglady.
Çykgytlar
^ Başga manysy: kiçi naýza.
^ Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: saňa el galdyranlary.