Ikinji Şamuwel 22:1—51
22 Ýehowa Dawudy ähli duşmanlaryndan+ we Şawuldan halas eden güni+, ol Ýehowanyň şanyna
2 şeýle aýdym aýtdy:
«Ýehowa penam, galam+, dadyma ýetişýän Hudaýym+.
3 Hudaýym arkadagym+, penakärim,Galkanym+, arkam*, daýanjym*+,Gaçybatalgam+, halasgärim+,Zalymlardan halas edýän Hudaýym.
4 Ýehowa alkyşa mynasypdyr,Çagyrsam, duşmanlardan halas eder.
5 Ölüm tolkunlary üstüme abandy+,Dereksiz adamlar sil deý gorkuzdy+.
6 Mazaryň* ýüpleri maňa oraldy+,Öňümde ölüm duzaklary guruldy+.
7 Agyr dert içinde Ýehowany çagyrdym+,Kömek sorap, Hudaýyma ýalbardym.
Ybadathanasyndan sesimi eşitdi,Perýadym gulagyna ýetdi+.
8 Şonda ýer sarsdy hem titredi+,Gögüň binýatlary lerzana geldi+.Gazabyndan eýläk-beýläk yrandy+.
9 Burnundan tüsse,Agzyndan ot çykdy+,Alladan közler syçrady.
10 Ol aşak inende, gökler baş egdi+,Gara bulut aýagynyň astyna ýazyldy+.
11 Kerubyň*+ üstünde uçup geldi,
Perişdäniň*+ ganatynda geldi.
12 Tümlügi çadyr kimin bürendi+,Aňyrsy görünmeýän gara buluda orandy.
13 Huzuryndaky nurdan közler tutaşdy.
14 Ýehowa gökden gürledi+,Allatagala gepledi+.
15 Peýkam atyp+, duşmanlaryny dargatdy,Ýyldyrym çakdyryp, howsala saldy+.
16 Ýehowa käýände, gahar bilen dem alanda,Deňziň düýbi göründi+,Ýer ýaryldy+.
17 Ol ýokardan elini uzadyp, meni tutdy,Ummanyň içinden çekip çykardy+.
18 Meni güýçli duşmanlardan+,Ganymlardan halas etdi,Olar menden has güýçlüdi.
19 Agyr günümde garşyma çykdylar+,Emma Ýehowa daýanjym boldy.
20 Meni giň sähra* alyp çykdy+,Menden razy bolup, janymy gutardy+.
21 Ýehowa dogruçyl bolanym üçin sylaglady+,Halallygym üçin bereket berdi+.
22 Ýehowanyň ýolundan sowulmadym,Hudaýymy terk edip, günä etmedim.
23 Hökümleri+ hakda hemişe oýlanýaryn,Kanunlaryny hiç wagt taşlamaryn+.
24 Onuň öňünde päkligime galaryn+,Günäli işlere baş goşmaryn+.
25 Ýehowa dogruçyl bolanym üçin sylaglasyn+,Päk bolanym üçin bereket bersin+.
26 Wepaly adama senem wepalysyň+,Dogruçyl adam bilen senem dogruçylsyň*+.
27 Akýürekli adama ýagşylyk edýärsiň+,Mekir adam seni aldap bilmez+.
28 Pesgöwünlini halas edýärsiň+,Gopbamsyny ýigrenip peseldýärsiň+.
29 Eý Ýehowa, ýoluma nur saçýarsyň!+Ýehowa, gijämi gündiz edýän sensiň+.
30 Seniň kömegiň bilen galtamanlara garşy çykaryn,Hudaýyň güýji bilen diwardan aşyp geçerin+.
31 Hak Hudaýyň ýoly kämildir+,Ýehowanyň sözi päkdir*+.
Hudaý pena gözleýänlere galkandyr+.
32 Ýehowadan başga Hudaý barmy?+
Arkadagymyz ýeke-täk Hudaýdyr!+
33 Hak Hudaý berk galamdyr+,Ýörejek ýolumy tekizlär+.
34 Aýagymy keýigiňki deý çalasyn edýär,Depelerde duruzýar+.
35 Ellerime söweşmegi öwredýär,Gollarym mis ýaýy egreldýär.
36 Maňa gutulyş galkanyny berýärsiň,Sen pesgöwünli bolup, meni beýgeldýärsiň+.
37 Ýolumy arassaladyň, indi aýagym taýmaz+.
38 Duşmanlarymy kowalap, derbi-dagyn ederin,Ählisini gyrýançam, yza çekilmerin.
39 Ýer bilen ýegsan edip, şeýle bir uraryn,Ýerinden galmazlar+,Aýagymyň astynda serlip ýatarlar.
40 Söweşmäge güýç-kuwwat berersiň+,Duşmanymy dyza çökerersiň+.
41 Duşmanlarymy kowarsyň+,Meni ýigrenýänleri ýok ederin+.
42 Olar kömek sorar, ýardam beren tapylmaz,Ýehowany çagyrar, olara jogap bermez+.
43 Olary tozan ýaly kül-owram ederin,Palçyk kimin basgylap mynjyradaryn.
44 Halkymyň töhmetinden halas edersiň+,
Janymy gorap, halklara baş edersiň+,Ýat adamlar maňa hyzmat ederler+.
45 Keseki halklar öňümde baş egerler+.Şöhratymy eşidip, tabyn bolarlar.
46 Ýat halklar güýçden gaçarlar,Galasyndan titreşip çykarlar.
47 Ýehowa Biribardyr! Arkadagyma şöhrat bolsun!+
Halasgär Hudaýyma alkyş bolsun!+
48 Hak Alla arymy alýar+,Halklary öňümde boýun egdirýär+.
49 Meni duşmanlardan halas edýär,
Hüjüm edýänlerden üstün çykarýar+.Zalymlaryň elinden gutarýar+.
50 Eý Ýehowa, halklaryň arasynda saňa şükür ederin+,Adyňy taryplap, aýdym aýdaryn+.
51 Patyşasyna beýik ýeňiş berýär+.Saýlany Dawuda hem onuň nesline,Wepaly söýgüsi* bakydyr»+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: howpsuz galam.
^ Ýa-da: Perişdäniň.
^ Ýa-da: Şemalyň.
^ Ýa-da: howpsuz ýere.
^ Ýa-da: Päk adam päkligiňi görer.
^ Ýa-da: otdan geçirilip arassalanandyr.