Ikinji Şamuwel 24:1—25

  • Dawudyň ilat ýazuwyny geçirip, günä etmegi (1—14)

  • Mergi keselinden 70 000 adam ölýär (15—17)

  • Dawudyň guran gurbanlyk ojagy (18—25)

    • Mugt düşen zat gurban berilmeýär (24)

24  Biri gelip, Dawuda: «Ysraýyl bilen Ýahuda halkyny+ sanap çyk»+ diýip öjükdirdi. Şonda Ýehowanyň Ysraýyla ýene⁠-⁠de gahary geldi+.  Dawut goşunbaşysy Ýowaba+: «Men halkyň sanyny biljek. Dandan Beýer⁠-⁠şeba+ çenli Ysraýyl taýpalaryna aýlanyp, ilat ýazuwyny geçiriň» diýdi.  Emma Ýowap: «Goý, Ýehowa Hudaý halkyny 100 esse köpeltsin! Şa hezretleri⁠-⁠de muny gözi bilen görsün. Patyşahym, halky sanamak nämä gerek?» diýdi.  Emma patyşa Ýowaby⁠-⁠da, serkerdeleri⁠-⁠de diňlemek islemedi. Ýowap serkerdeler bilen patyşanyň huzuryndan çykyp, Ysraýylda ilat ýazuwyny geçirmäge gitdi+.  Olar Iordandan geçip, Arogerde+ düşlediler, ol jülgäniň ortasyndaky şäheriň günortasynda* ýerleşýärdi. Soňra Gada we Ýazere+ bardylar.  Ol ýerden Gileada+, soňra Tahtym⁠-⁠hoş topragyna we Dan⁠-⁠ýegana gitdiler, soňam Sidona+ aýlandylar.  Soňra Tir galasyna+, hiwileriň+ we kenganlaryň şäherlerine aýlanyp çykdylar. Ahyry Ýahudadaky Negepde+ ýerleşýän Beýer⁠-⁠şeba+ bardylar.  Olar 9 aý 20 günde tutuş ýurdy aýlanyp, Iýerusalime geldiler.  Ýowap halkyň sanyny patyşa habar berdi. Ysraýyllardan söweşe ukyply 800 000 esger, ýahudalardan 500 000 esger çykdy+. 10  Emma ilat ýazuwyny geçirensoň, Dawudyň ynsaby* ezýet berip başlady+. Ol Ýehowa: «Men agyr günä etdim+. Ýehowa, ýalbarýaryn, günämi geç+, akmaklyk etdim»+ diýdi. 11  Ertesi irden Ýehowa Dawudyň görgüri* Gad pygambere+ şeýle diýdi: 12  «Git⁠-⁠de, Dawuda: „Ýehowa şu üç jezadan birini saýla diýýär“+ diý». 13  Gad pygamber Dawudyň ýanyna baryp: «Şu üç jezanyň birini saýla: ýurduňa ýedi ýyl açlyk düşsünmi?+ Ýa üç aý duşmanlaryňdan gaçyp gezjekmi?+ Ýa⁠-⁠da ýurduňda üç gün mergi keseli bolsunmy?+ Gowy oýlan⁠-⁠da, meni iberen Biribara näme diýmelidigimi aýt» diýdi. 14  Şonda Dawut: «Wah, agyr derde galdym. Ynsanyň eline düşenden+, gowusy, Ýehowanyň eline düşeli+, sebäbi ol rehim⁠-⁠şepagatlydyr»+ diýdi. 15  Ýehowa şol gün irdenden tä aýdylan wagta çenli ysraýyllary mergi keseline duçar etdi+. Şonda Dandan Beýer⁠-⁠şeba+ çenli 70 000 adam heläk boldy+. 16  Perişde Iýerusalim ilatyny gyrmak üçin elini uzadanda, Ýehowa betbagtçylyga gynanyp*+, halky gyryp ýören perişdä: «Besdir, eliňi çek!» diýdi. Şol wagt Ýehowanyň perişdesi ýabuslardan+ Arunanyň harmanyna+ ýetipdi. 17  Dawut halky gyryp ýören perişdäni görende, Ýehowa ýüzlenip: «Günä edenem, erbetlik edenem men. Görgüli halk*+ näme etdi? Ýalbarýaryn, olardan eliňi çekip, maňa we atamyň öýüne jeza ber»+ diýdi. 18  Şol gün Gad pygamber Dawudyň ýanyna gelip: «Git⁠-⁠de, ýabuslardan Arunanyň harmanynda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gur»+ diýdi. 19  Dawut Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, Gad pygamberiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. 20  Dawut patyşanyň hyzmatkärleri bilen gelýänini gören Aruna ylgap çykdy⁠-⁠da, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 21  Ol: «Şa hezretleri gulunyň ýanyna näme üçin geldikä?» diýip sorady. Dawut: «Halkyň başyndan gyrgynçylyk aýrylar ýaly+ harmanyňy satyn alyp, Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurmaga geldim» diýdi. 22  Emma Aruna: «Patyşahym, harmany saňa mugt bereýin. Islän zadyňy gurban ber. Ine ýakma gurbanlygy üçin öküz, odun üçin harman döwülýän tagta bilen boýuntyrygam bar. 23  Men* olary şa hezretlerine berýärin» diýdi. Soňra ol: «Goý, Ýehowa saňa ak pata bersin!» diýdi. 24  Emma Dawut: «Ýok, men satyn aljak. Mugt düşen zady Ýehowa Hudaýyma ýakma gurbanlygy edip berip bilmerin» diýdi. Ol harmany we öküzleri 50 şekel* kümşe satyn aldy+. 25  Dawut şol harmanda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup+, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürledi. Şondan soň Ýehowa halkyň ýurt üçin edýän ahy⁠-⁠nalasyny eşitdi+. Ysraýylda gyrgynçylyk togtady.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: sag tarapynda.
Sözme⁠-⁠söz: ýüregi.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ökünip.
Sözme⁠-⁠söz: Goýunlar.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Aruna.