Ikinji Şamuwel 4:1—12
4 Abnuryň Hebronda ölendigini+ eşidip, Şawulyň ogly Işboşetiň+ ýüregi ýaryldy*, ysraýyllar hem howsala düşdi.
2 Şawulyň oglunyň alamançy esgerlerine baş bolan iki adamy bardy. Biriniň ady Baganaý, beýlekisiniňki Rehapdy. Olar benýaminlerden beýerotly Rimmonyň ogullarydy. Öňler Beýerot+ şäheri hem benýaminleriňkidi.
3 Beýerotlylar Gitaýyma+ gaçyp gidipdiler. Olar henizem şol ýerde gelmişek bolup ýaşaýarlar.
4 Şawulyň ogly Ýonatanyň+ iki aýagy-da agsak ogly bardy+. Ýizregelden+ Şawul bilen Ýonatanyň ölendigi barada habar gelende, ol bäş ýaşyndady. Şonda enekesi çagany alyp, gaçyp gidipdi. Ol ylgap barýarka, aljyrap, çagany elinden gaçyrýar. Şeýdip, oglanjyk maýyp bolýar, onuň ady Mepiboşetdi+.
5 Beýerotly Rimmonyň ogullary Rehap bilen Baganaý günortanyň jokrama yssysynda Işboşetiň öýüne bardylar. Şol wagt Işboşet dynç alyp ýatyrdy.
6 Olar+ bugdaý almaga gelen kişi bolup, öýe girdiler-de, Işboşeti gylyçdan geçirip, hiç kime bildirmän, gaçyp gitdiler.
7 Rehap bilen Baganaý içerik girende, Işboşet otagynda uklap ýatyrdy. Olar Işboşeti öldürip, kellesini kesip aldylar. Soňra Arabanyň ýoly bilen uzak gije ýöräp,
8 Işboşetiň+ kellesini Dawut patyşanyň ýanyna, Hebrona eltip: «Patyşahym, seniň kastyňa çykan+ duşmanyň Şawulyň+ ogly Işboşetiň kellesini getirdik. Ýehowa Şawuldan we onuň neslinden şa hezretleriniň aryny aldy» diýdiler.
9 Emma Dawut beýerotly Rimmonyň ogullary Rehap bilen Baganaýa: «Meni ähli bela-beterden dyndyran+ Ýehowa diri şaýatdyr,
10 öňem biri gelip, Şawulyň ölendigini aýdanda+, gowy habar getirendirin öýdüpdi. Ýöne men ony Ziklagda öldürdim+, getiren habary üçin şeýdip sylagladym.
11 Indi öz öýünde düşekde ýatan bigünä adamy öldüren zalymlary, heý, jezasyz goýarynmy?! Onuň ganyna galanyňyz üçin+, siziň hem janyňyzy alaryn!» diýdi.
12 Soňra Dawut ýigitlerine olary öldürmegi buýurdy+. Ýigitler olaryň el-aýagyny çapyp, jesetlerini Hebrondaky howdanyň ýanynda asdylar+. Işboşetiň kellesini bolsa Hebrona äkidip, Abnuryň mazarynda jaýladylar.
Çykgytlar
^ Ýa-da: ysgyn-mydary galmady.