Ikinji Patyşalar 10:1—36

  • Ýehuw Ahabyň maşgalasyny gyrýar (1—17)

    • Ýehonadap Ýehuwyň tarapynda (15—17)

  • Ýehuw Bagala sežde edýänleri gyrýar (18—27)

  • Ýehuwyň hökümdarlygy (28—36)

10  Ahabyň+ Samariýada 70 ogly bardy. Ýehuw Ýizregeliň han⁠-⁠beglerine, ýaşulularyna+ we Ahabyň çagalaryna seredýänlere* hat ýazyp, Samariýa iberdi. Hatda şeýle sözler bardy:  «Hökümdaryň ogullary, söweş arabalary, atlary, ýaraglary, galalary siziň eliňizde. Şu haty alan badyňyza,  hökümdaryň iň gowy, adalatly* ogluny saýlap, kakasynyň ýerine tagta çykaryň. Soňra hökümdaryňyzyň öýi üçin söweşiň».  Olar gorkup, öz aralarynda: «Iki patyşa onuň öňünde durup bilmedik bolsa+, biz nädip duraly?» diýdiler.  Soňra köşk dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň çagalaryna seredýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň guluň, diýeniňden çykmarys. Hiç kimi patyşa bellemeris, nämäni makul bilseň, ediber» diýdiler.  Şonda Ýehuw olara ýene⁠-⁠de hat ýollap: «Meniň tarapyma geçip, tabyn bolmak isleseňiz, onda hökümdaryň ogullarynyň kellesini alyp, ertir şu wagtlar Ýizregele geliň» diýdi. Ahap patyşanyň 70 ogly şäheriň at⁠-⁠abraýly adamlarynyň elinde ulalypdy. Olar şol adamlaryň ýanynda bolýardy.  Hat gelip gowşan badyna, şol adamlar patyşanyň 70 ogluny öldürip+, kellesini sebede saldylar⁠-⁠da, Ýizregeldäki Ýehuwa iberdiler.  Ýehuwa: «Şa ogullarynyň kellesini getirdiler» diýip habar berdiler. Ýehuw: «Olary iki üýşmek ediň⁠-⁠de, şäher derwezesinde irdene çenli goýuň» diýdi.  Ertesi ir bilen Ýehuw halkyň öňüne çykyp: «Munda siziň günäňiz ýok. Hökümdara garşy dil düwşüp, öldüren men+. Ýöne şa ogullaryny kim öldürendir öýdýäňiz? 10  Bilip goýuň, Ýehowanyň ýekeje sözi⁠-⁠de, Ýehowanyň Ahabyň maşgalasy barada aýdan sözleriniň biri⁠-⁠de ýerine ýetmän galmaz*+. Ýehowa Ylýas pygamber arkaly aýdan sözlerini berjaý etdi»+ diýdi. 11  Soňra Ýehuw Ýizregelde Ahabyň maşgalasynda aman galanlary, at⁠-⁠abraýly adamlaryny, dost⁠-⁠ýarlaryny, ruhanylaryny+ öldürdi, ýekejesini⁠-⁠de diri goýmady+. 12  Soňra Ýehuw Samariýa gitdi. Ýoluň ugrunda çopanlaryň goýun gyrkýan ýeri bardy. 13  Ýehuw şol ýerden geçip barýarka, Ýahuda patyşasy Ahazýanyň+ doganlaryna duşup, olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar hem: «Biz Ahazýanyň doganlary, patyşamyzyň ogullarynyň hem⁠-⁠de şa aýalynyň* ogullarynyň hal⁠-⁠ýagdaýyny soramaga barýarys» diýdiler. 14  Ýehuw muny eşiden badyna: «Tutuň olary!» diýdi. Şonda olaryň hemmesini tutup, goýun gyrkylýan ýerdäki howdanyň ýanynda öldürdiler; olar jemi 42 adamdy. Ýehuw olaryň ýekejesini⁠-⁠de diri galdyrmady+. 15  Ýehuw ýene⁠-⁠de ýola düşdi. Ol gidip barýarka, Rehabyň+ ogly Ýehonadaba+ duşdy. Ýehonadap ony garşylamaga gelýän eken. Ýehuw onuň bilen salamlaşyp: «Men bütin ýüregim bilen seniň tarapyňda, sen hem meniň tarapymdamy?» diýip sorady. Ýehonadap: «Hawa, seniň tarapyňda!» diýip jogap berdi. Şonda Ýehuw: «Hany, onda eliňi ber» diýdi. Ol elini uzatdy welin, Ýehuw çekip, arabasyna mündürdi⁠-⁠de: 16  «Ýör, meniň bilen git, Ýehowa yhlasymyň nähili güýçlüdigini* görersiň»+ diýdi. Şeýdip, Ýehonadaby Ýehuwyň söweş arabasyna mündürip alyp gitdiler. 17  Ýehuw Samariýa baryp, Ýehowanyň Ylýas pygamber arkaly aýdyşy ýaly+, Ahabyň tohum⁠-⁠tijinden diri galanlaryň ählisini gyrdy+. 18  Ýehuw tutuş halky ýygnap: «Ahap Bagala onçakly gowy sežde etmändir, indi Ýehuwyň Bagala+ sežde edişini görüň. 19  Bagala sežde edýän ähli adamlary, pygamberleri+, ruhanylary+ ýanyma çagyryň, ýekejesini⁠-⁠de galdyraýmaň. Bagal üçin uly gurbanlyk berjekdirin. Gelmedik adamyň başy ölümlidir» diýdi. Ýehuw Bagala sežde edýänleri bütinleý ýok etmek isleýärdi. 20  Soňra Ýehuw: «Bagalyň şanyna uly baýram etjek» diýip, bütin halka jar çekdirdi. 21  Ýehuw tutuş Ysraýyl topragyna habar ýollady. Şeýlelikde, Bagala sežde edýän ähli adamlar ýygnandy, ýekejesi hem galmady. Olar Bagalyň buthanasyna+ girdiler. Buthananyň içinde adamlardan ýaňa aýak basara ýer ýokdy. 22  Ýehuw egin⁠-⁠eşik saklanýan jaýyň gözegçisine: «Bagala sežde edýänlere don getirip ber» diýdi. Ol hemmelere don paýlap çykdy. 23  Soňra Ýehuw Rehabyň ogly Ýehonadap+ bilen Bagalyň buthanasyna girdi. Ol Bagala sežde edýänlere ýüzlenip: «Töweregiňize seredişdirip görüň, araňyzda Ýehowanyň gullukçylaryndan hiç kim bolmasyn, diňe Bagala sežde edýänler bolmalydyr» diýdi. 24  Olar ýakma gurbanlyklary, sadakalary berip başladylar. Ýehuw 80 nökerini daşarda goýup: «Olaryň ýekejesini gaçyraýsaňyz, öz janyňyzy alaryn!» diýdi. 25  Ýakma gurbanlygy berlen badyna, Ýehuw sakçylaryna* we nökerlerine: «Giriň⁠-⁠de, hemmesini öldüriň, birinem gaçyraýmaň!»+ diýdi. Şonda sakçylar bilen nökerler olary gylyçdan geçirip, daşaryk zyňyp başladylar. Olar Bagalyň buthanasynyň içki otagyna* çenli girip, hemmesini gyrdylar. 26  Soňra buthanadaky keramatly sütünleri+ çykaryp ýakdylar+. 27  Bagalyň keramatly sütünini+ hem kül⁠-⁠owram etdiler, buthanany+ ýumurdylar, ol häli⁠-⁠häzire çenli hajathana hökmünde ulanylýar. 28  Şeýdip, Ýehuw Ysraýylda Bagala edilýän seždäniň soňuna çykdy. 29  Ýöne Ýehuw Beýtelde we Danda duran altyn göleleri aýyrmady+, Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň günäli işlerinden el çekmedi. 30  Ýehowa oňa: «Sen öňümde dogry iş etdiň, Ahabyň maşgalasyny bütinleý ýok edip+, ýürek islegimi ýerine ýetirdiň. Şonuň üçin nesliň dört arka çenli Ysraýyl tagtynda oturar»+ diýdi. 31  Emma Ýehuw Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Kanunyna bütin ýüregi bilen ýapyşmady+. Ol Ysraýyla günä etdiren Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+. 32  Şol döwürde Ýehowa Ysraýyl ýurduny kem⁠-⁠kemden duşmanlaryň eline berip başlady. Hazaýyl patyşa Ysraýylyň hemme ýerine çozýardy+. 33  Ol Iordanyň gündogaryndan başlap, gadlaryň, rubenleriň we manaşalaryň+ ýaşaýan Gilead topragyny, Arnon jülgesiniň golaýyndaky Arogerden tä Gilead bilen Başana çenli aralygy basyp aldy+. 34  Ýehuwyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri we şan⁠-⁠şöhraty hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 35  Soňra Ýehuw aradan çykyp, Samariýada jaýlandy, ýerine ogly Ýehogahaz+ patyşa boldy. 36  Ýehuw Samariýada Ysraýylyň üstünden 28 ýyl höküm sürdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ahabyň goragçylaryna.
Ýa⁠-⁠da: dogruçyl; mynasyp.
Sözme⁠-⁠söz: ýere gaçmaz.
Izabel göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: Ýehowa biwepalyk edilmegine göz ýummaýandygymy.
Sözme⁠-⁠söz: ylgaýanlara. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: şäherine. Diň şekilli bina göz öňünde tutulýan bolmaly.