Ikinji Patyşalar 12:1—21

  • Ýahuda patyşasy Ýehoýaş (1—3)

  • Ýehoýaş ybadathanany bejerdýär (4—16)

  • Siriýalylaryň hüjümi (17, 18)

  • Ýehoýaşyň ölümi (19—21)

12  Ýehuwyň+ hökümdarlygynyň ýedinji ýylynda, Ýehoýaş+ patyşa bolup, Iýerusalimde 40 ýyl höküm sürdi. Ejesi Sibiýa beýer⁠-⁠şebalydy+.  Ýehoýada ruhanynyň öwüt⁠-⁠nesihat berýän wagty Ýehoýaş Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi.  Emma seždegähler*+ ýok edilmändi, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar.  Ýehoýaş ruhanylara şeýle tabşyryk berdi: «Ýehowanyň öýüne getirilýän mukaddes sadakalary+, ýagny her kimden alynýan puly+, adam başyna tölenýän bahany hem⁠-⁠de halkyň Ýehowanyň öýi üçin göwnünden çykaryp berýän puluny ýygnaň+.  Ruhanylar şol pullary tanyş⁠-⁠bilişlerinden ýygnap, Hudaýyň öýüniň jaýryk ýerlerini bejersinler»+.  Ýehoýaş patyşanyň höküm sürýänine 23 ýyl bolupdy. Ruhanylar henizem Hudaýyň öýüni bejermändiler+.  Şonda Ýehoýaş patyşa Ýehoýadany+ we beýleki ruhanylary çagyryp: «Hudaýyň öýüni näme üçin bejereňizok? Bejermejek bolsaňyz, adamlardan pul ýygnamaň»+ diýdi.  Şonda ruhanylar indi halkdan pul ýygnamajakdygyny aýdyp, Hudaýyň öýüni bejermekden boýun gaçyrdylar.  Soňra Ýehoýada ruhany bir sandygy+ alyp, gapagyny deşdi⁠-⁠de, gurbanlyk ojagynyň* gapdalynda goýdy. Sandyk Ýehowanyň öýüne giren ýeriňde sag tarapda durýardy. Gapyda durýan ruhanylar bolsa Ýehowanyň öýi üçin berilýän pullary sandyga atýardylar+. 10  Sandyk dolsa, patyşanyň kätibine we baş ruhana habar bererdiler. Olar hem Ýehowanyň öýi üçin berlen pullary alyp* sanardylar+. 11  Şol pullary Ýehowanyň öýüni bejerýän gözegçilere bererdiler. Olar hem Ýehowanyň öýünde işleýän agaç ussalara, gurluşykçylara+, 12  daş örýänlere we daş ýonýanlara hak tölärdiler. Şeýle⁠-⁠de Ýehowanyň öýüni bejermek üçin agaçlary, ýonulan daşlary we gurluşyk üçin başga⁠-⁠da zatlary satyn alardylar. 13  Ýehowanyň öýüne getirilýän şol pullar Ýehowanyň öýündäki kümüş legenleri, ot söndürgiçleri, tabaklary, surnaýlary+ we beýleki altyn⁠-⁠kümüş gaplary ýasamak üçin ulanylmaýardy+. 14  Olary diňe ussalara hak tölemek we Ýehowanyň öýüni bejermek üçin ulanýardylar. 15  Işçilere hak töleýän adamlar ynamdardy, şonuň üçin olardan hasabat soralmaýardy+. 16  Ýazyk gurbanlygy+ we günä gurbanlygy üçin getirilýän pullar bolsa Ýehowanyň öýündäki gurluşyk üçin ulanylmaýardy, olar ruhanylara berilýärdi+. 17  Şol wagtlar Siriýa patyşasy Hazaýyl+ Get galasyna+ çozup, basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime⁠-⁠de çozjak boldy+. 18  Ýahuda patyşasy Ýehoýaş we ata⁠-⁠babalary Ýehoşapat, Ýehoram, Ahazýa Hudaýa mukaddes sadakalary beripdi. Ýehoýaş şol sadakalary, Ýehowanyň öýüniň we köşgüň hazynalarynda duran ähli altynlary alyp, Siriýa patyşasy Hazaýyla ýollady+. Şonda Hazaýyl Iýerusalimden yza çekildi. 19  Ýehoýaşyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 20  Ýehoýaşyň hyzmatkärleri dildüwşük gurap+, ony Silla barýan ýolda, Beýt⁠-⁠millon*+ diňinde öldürdiler. 21  Ýehoýaşy Şimeýatyň ogly Ýozahar bilen Şomeriň ogly Ýehozabat öldürdi+. Ýehoýaşy Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýladylar, ýerine ogly Amazýa patyşa boldy+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: torbalara salyp. Sözme⁠-⁠söz: daňyp.
Sözme⁠-⁠söz: baýyr. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.