Ikinji Patyşalar 14:1—29

  • Ýahuda patyşasy Amazýa (1—6)

  • Edomlylar we ysraýyllar bilen söweş (7—14)

  • Ysraýyl patyşasy Ýehoýaşyň ölümi (15, 16)

  • Amazýanyň ölümi (17—22)

  • Ysraýyl patyşasy Ýerobgam II (23—29)

14  Ysraýyl patyşasy Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşyň+ hökümdarlygynyň ikinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýa patyşa boldy.  Amazýa 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýehoýadin iýerusalimlidi+.  Amazýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri etse⁠-⁠de, atasy Dawut+ ýaly bolup bilmedi. Ol kakasy Ýehoýaşyň ýaman ýolundan ýöredi+.  Emma seždegähler* ýok edilmändi+, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar+.  Amazýa patyşalygy berkidensoň, kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi+.  Emma ol Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunynda: «Atalar ogullarynyň etmişi üçin, ogullar hem atalarynyň etmişi üçin öldürilmesin. Her kim öz eden günäsi üçin ölüme höküm edilmelidir»+ diýip tabşyryşy ýaly, şol ganhorlaryň ogullaryny öldürmedi.  Amazýa Duz jülgesinde+ edomlylar+ bilen söweşip, 10 000 adamy gyrdy. Selany basyp alyp+, adyna Ýokteýel goýdy, oňa henizem Ýokteýel diýilýär.  Soňra Amazýa Ysraýyl patyşasyna, Ýehuwyň agtygy, Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşa: «Gel, güýç synanyşaly»+ diýip habar ýollady.  Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş bolsa Ýahuda patyşasy Amazýa şeýle jogap berdi: «Liwanyň ýandagy Liwanyň kedr agajyna: „Gyzyňy ogluma bersene“ diýip, sawçy iberipdir. Emma Liwanyň ýyrtyjy haýwany şol ýandagy depeläp geçipdir. 10  Belki, edomlylary derbi⁠-⁠dagyn edeniň üçin+, özüňe göwnüň ýetýändir. Ýöne gazanan ýeňşiňe guwan⁠-⁠da, öýüňde oturyber. Başyňa bela satyn almak nämä gerek? Ýahudany hem özüň bilen ýok etjek bolýaňmy?» 11  Emma Amazýa gulak asmady+. Şonda Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş söweşe çykdy. Ol Ýahudanyň+ Beýtşemeş+ şäherinde Ýahuda patyşasy Amazýa bilen söweşdi. 12  Ýahudalar ysraýyllardan ýeňlip, öýli⁠-⁠öýüne gaçdylar. 13  Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş Ýahuda patyşasyny, Ahazýanyň agtygy, Ýehoýaşyň ogly Amazýany Beýtşemeşde ele salyp, Iýerusalime äkitdi. Ýehoýaş Efraýym derwezesinden+ Burç derwezesine+ çenli Iýerusalimiň diwarynyň 400 tirsek* aralygyny ýumurdy. 14  Ol Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky ähli altyn⁠-⁠kümüşleri, gap⁠-⁠gaçlary aldy. Ýesir alan adamlaryny hem Samariýa äkitdi. 15  Ýehoýaşyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, eden işleri, şan⁠-⁠şöhraty we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen söweşi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 16  Ýehoýaş aradan çykyp, Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy+, ýerine ogly Ýerobgam*+ patyşa boldy. 17  Ysraýyl patyşasy+ Ýehogahazyň ogly Ýehoýaş+ aradan çykypdy. Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýa+ bolsa ýene 15 ýyl ýaşady. 18  Amazýanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 19  Biraz wagtdan Iýerusalimde Amazýa garşy dildüwşük guradylar+, ol hem Lakyşa gaçyp gitdi. Emma yzyndan adam iberip, ony öldürdiler. 20  Jesedini atly arabada Iýerusalime getirip, Dawudyň şäherinde+, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýladylar. 21  Ýahudalar Amazýanyň+ ýerine ogly Azarýany*+ patyşa bellediler. Şol wagt Azarýa 16 ýaşyndady+. 22  Amazýa patyşa aradan çykansoň, Azarýa Elaty+ ýene⁠-⁠de yzyna alyp, gaýtadan dikeltdi+. 23  Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýanyň hökümdarlygynyň 15⁠-⁠nji ýylynda, Ysraýyl patyşasy Ýehoýaşyň ogly Ýerobgam+ Samariýada patyşa boldy. Ol 41 ýyl höküm sürdi. 24  Ýerobgam Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+. 25  Ol Lebo⁠-⁠hamatdan*+ Araba deňzine*+ çenli Ysraýylyň çäklerini gaýtadan dikeltdi. Şeýlelikde, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň get⁠-⁠heperli+ Emitaý ogly Ýunus pygamber+ arkaly aýdan sözi berjaý boldy. 26  Ýehowa ysraýyl halkynyň çekýän jebir⁠-⁠jepasyny görüpdi+. Şol wagt ysraýyllara arka çykar ýaly adam ýokdy, hatda garamaýak we ejiz adamlardan hem hiç kim galmandy. 27  Emma Ýehowa Ysraýylyň adyny gök astyndan öçürip taşlamajagyny söz beripdi+. Şol sebäpli ol Ýehoýaşyň ogly Ýerobgam arkaly ysraýyllary halas etdi+. 28  Ýerobgamyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri, şan⁠-⁠şöhraty, gatnaşan söweşleri, Damask+ bilen Hamaty+ ýene⁠-⁠de Ýahuda we Ysraýyla gaýtaryp berişi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 29  Soňra Ýerobgam aradan çykyp, Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Zekerýa+ patyşa boldy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýagny Ýerobgam II.
Manysy: Ýehowa kömek etdi. 2Pa 15:13; 2Tr 26:1—23; Işa 6:1; Zek 14:5⁠-⁠de Uzyýa.
Ýagny Duz deňzi ýa⁠-⁠da Öli deňzi.
Ýa⁠-⁠da: Hamatyň girelgesinden.