Ikinji Patyşalar 16:1—20

  • Ýahuda patyşasy Ahaz (1—6)

  • Ahazyň assiriýalylara sowgat⁠-⁠serpaýy (7—9)

  • Ahaz ýalan taňrynyň gurbanlyk ojagynyň nusgasyny alýar (10—18)

  • Ahazyň ölümi (19, 20)

16  Remalyň ogly Pekasyň hökümdarlygynyň 17⁠-⁠nji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýotamyň ogly Ahaz+ patyşa boldy.  Ahaz 20 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ol atasy Dawut ýaly, Ýehowa Hudaýynyň öňünde dogry işleri etmedi+.  Gaýtam Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşdy+, hatda ogluny hem otda ýakyp gurban berdi+.  Şeýle⁠-⁠de ol seždegählerde*+, baýyrlarda we her bir uly agajyň+ aşagynda gurbanlyk ýakýardy.  Şol wagtlar Siriýanyň patyşasy Resin we Ysraýylyň patyşasy Remal ogly Pekas Ahaz bilen söweşmek üçin Iýerusalimiň daşyny gabady+. Emma olar şäheri basyp alyp bilmediler.  Şonda Siriýa patyşasy Resin Elatda+ ýaşaýan ýehudylary* kowup, ony edomlylara gaýtaryp berdi. Edomlylar häzire çenli Elatda ýaşaýar.  Ahaz Assiriýa patyşasy Tiglatpilesere+: «Men seniň guluň, ogluň ýalydyryn. Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasy üstüme çozdy, gel⁠-⁠de, meni olardan halas et» diýip habar ýollady.  Soňra Ahaz Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky altyn⁠-⁠kümüşleri Assiriýa patyşasyna sowgat edip iberdi+.  Assiriýa patyşasy hem Ahazyň haýyşyny bitirip, Damasga çozdy⁠-⁠da, basyp aldy, ilatyny Hire ýesirlige äkitdi+. Resini bolsa öldürdi+. 10  Ahaz patyşa Assiriýa patyşasy Tiglatpileser bilen görüşmek üçin Damasga bardy. Ol Damaskdaky gurbanlyk ojagyny* görüp, gurluşyny we çyzgysyny Uryýah ruhana iberdi+. 11  Uryýah+ ruhany hem Ahaz patyşanyň Damaskdan ýollan çyzgylary boýunça gurbanlyk ojagyny gurdy+. Ahaz patyşa Damaskdan gelýänçä, ol gurbanlyk ojagyny doly gurup gutardy. 12  Patyşa Damaskdan gelip, gurbanlyk ojagynda gurban berdi+, 13  ýakma gurbanlyklary we galla sadakalary ýakdy. Soňra üstüne şerap sadakalaryny guýup, parahatlyk gurbanlyklaryň ganyny sepdi. 14  Ahaz Ýehowanyň huzurynda duran mis gurbanlyk ojagyny+ ybadathananyň öňünden aýyrdy. Mis gurbanlyk ojagy Ahazyň ýasadan gurbanlyk ojagy bilen Ýehowanyň öýüniň aralygynda durdy. Ahaz ony öz gurbanlyk ojagynyň demirgazygyna süýşürdi. 15  Ol Uryýah+ ruhana: «Irdenki ýakma gurbanlygyny+, agşamky galla sadakasyny+, patyşanyň ýakma gurbanlygy bilen galla sadakasyny, tutuş halkyň hem ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny we şerap sadakalaryny indi uly gurbanlyk ojagynda ýak. Ýakma gurbanlyklaryň we beýleki gurbanlyklaryň ganyny üstüne sep. Mis gurbanlyk ojagyny bolsa näme etmelidigini soň aýdaryn» diýdi. 16  Uryýah ruhany ähli zady Ahaz patyşanyň tabşyryşy ýaly etdi+. 17  Ahaz patyşa ybadathanadaky arabalary+ söküp, gapdallaryny bölekledi⁠-⁠de, üstündäki legenleri+ aýyrdy. Misden ýasalan öküzleriň üstündäki howzy*+ hem alyp, daş düşelen ýerde goýdy+. 18  Ol ybadathanada Sabat güni üçin gurlan bassyrmany* aýyrdy, Ýehowanyň öýüne barýan şa geçelgesini ýapdyrdy. Ahaz şol zatlary Assiriýa patyşasyndan gorkýandygy üçin edipdi. 19  Ahazyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr+. 20  Soňra Ahaz aradan çykyp, Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Hizkiýa*+ patyşa boldy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ýahudalary.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: deňzi.
Ýa⁠-⁠da: üsti ýapyk ýeri.
Manysy: Ýehowa güýç⁠-⁠kuwwat berýär.