Ikinji Patyşalar 17:1—41

  • Ysraýyl patyşasy Hoseýa (1—4)

  • Ysraýylyň weýran edilmegi (5, 6)

  • Hudaýdan ýüz öwren ysraýyllar ýesirlikde (7—23)

  • Samariýanyň şäherlerinde ýaşan halklar (24—26)

  • Samariýalylaryň dinleri (27—41)

17  Ýahuda patyşasy Ahazyň hökümdarlygynyň 12⁠-⁠nji ýylynda, Elahyň ogly Hoseýa+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy bolup, dokuz ýyl höküm sürdi.  Hoseýa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi, ýöne öňki Ysraýyl patyşalary ýaly öte geçmändi.  Assiriýa patyşasy Şalmaneser üstüne çozup+, Hoseýany tabyn etdi. Hoseýa Şalmanesere salgyt töläp başlady+.  Soňabaka ol Assiriýa patyşasyna öňküsi ýaly salgyt tölemegini goýdy, sebäbi Hoseýa Müsür faraony Soguň ýanyna wekil ýollap, dil düwşüpdi+. Assiriýa patyşasy muny bilip, Hoseýany zyndana taşlady.  Assiriýa patyşasy Ysraýyl ýurduna çozdy. Ol Samariýany üç ýyllap gabawda saklady.  Hoseýanyň hökümdarlygynyň dokuzynjy ýylynda, Assiriýa patyşasy Samariýany basyp aldy+. Ol ysraýyllary Assiriýa ýesirlige äkidip+, Halahda, Gozan derýasynyň boýundaky Haborda+ we midiýalylaryň şäherlerinde ýaşatdy+.  Ysraýyl halky Ýehowa Hudaýa garşy günä edeni üçin şeýle güne düşdi. Hudaý olary faraonyň elinden azat edip, Müsür ýurdundan çykarypdy+. Olar bolsa başga taňrylara sežde edip+,  Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň we Ysraýyl patyşalarynyň girizen däp⁠-⁠dessurlaryna eýerdiler.  Ysraýyllar Ýehowa Hudaýyň ýigrenýän işlerini edýärdiler. Olar garawul diňinden tä gala çenli* ähli şäherlerde seždegähleri* gurýardylar+. 10  Her baýyrda, uly agajyň+ aşagynda keramatly sütünleri we keramatly pürsleri* dikýärdiler+. 11  Olar Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklary ýaly, her bir seždegähde gurbanlyk ýakýardylar+. Erbet işleri edip, Ýehowanyň göwnüne degýärdiler. 12  Ýehowa: «Butlara sežde etmäň!»+ diýip tabşyrsa⁠-⁠da, ýigrenji butlara* çokunýardylar+. 13  Ýehowa pygamberleri we görgürleri* arkaly Ysraýyl bilen Ýahuda halkyna: «Ýaman ýoluňyzy goýuň! Pygamberlerim arkaly ata⁠-⁠babalaryňyza we size beren tabşyryklarymy, permanlarymy, tutuş kanunymy berjaý ediň» diýip duýdurýardy+. 14  Ýöne olar gulak asmadylar, Ýehowa Hudaýa iman etmedik ata⁠-⁠babalary ýaly, boýnuýogynlyk etdiler+. 15  Hudaýyň kanunlaryny, ata⁠-⁠babalary bilen baglaşan ähtini+, öwüt⁠-⁠ündewlerini* äsgermezlik etdiler+. Ýehowa goňşy halklara meňzemäň diýse⁠-⁠de+, şol halklaryň yzyna eýerdiler. Dereksiz butlara sežde edip+, özleri⁠-⁠de dereksiz boldular+. 16  Ýehowa Hudaýyň tabşyryklaryny bozup, iki göläniň butuny ýasadylar+, keramatly pürs* dikdiler+, asman jisimlerine* tagzym etdiler+ we Bagala sežde etdiler+. 17  Hatda ogul⁠-⁠gyzlaryny hem otda ýakyp gurban berdiler+, palçylyk edip+, täleýe garadylar. Ýehowanyň ýigrenýän işlerine bütin ýüregi bilen berlip*, Hudaýyň göwnüne degdiler. 18  Şol sebäpli Ýehowanyň Ysraýyla gahary gelip, olary huzuryndan ýok etdi+, diňe ýahuda taýpasyny galdyrdy. 19  Emma ýahudalar hem Ýehowanyň tabşyryklaryny bozdular+. Olar hem ysraýyllaryň däp⁠-⁠dessurlaryna eýerdiler+. 20  Şonda Ýehowa bütin Ysraýyl neslinden ýüz öwürdi. Olary kemsidip, talaňçylaryň eline berdi, bütinleý ýok etdi*. 21  Hudaý Ysraýyly Dawudyň öýünden sogrup aldy. Ysraýyllar Nebatyň ogly Ýerobgamy patyşa bellediler+. Ýerobgam bolsa halky ýoldan çykardy, Ýehowadan daşlaşdyryp, agyr günä etdirdi. 22  Ysraýyllar Ýerobgamyň erbet işlerine baş goşup, olardan el çekmedi+. 23  Ahyry Ýehowa pygamberleri arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyllary huzuryndan kowdy+. Ysraýyllar Assiriýa ýesirlige äkidildi+, olar häzirem şol ýerde ýaşaýar. 24  Soňra Assiriýa patyşasy ysraýyllara derek Samariýanyň şäherlerine Wawilondan, Kutahdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan+ adamlary getirdi. Olar Samariýany eýeläp, şäherlerinde ýaşap başladylar. 25  Göçüp gelen halklar başda Ýehowadan gorkmaýardy. Ýehowa olaryň üstüne ýolbarslary iberip+, adamlary öldürtdi. 26  Şonda Assiriýa patyşasyna: «Ýesir alyp, Samariýanyň şäherlerine göçüren halklaryň ýerli Hudaýa nädip sežde etmelidigini* bilmeýän eken. Hudaý hem ýolbarslary iberip, olary birýandan gyryp otyr, sebäbi hiç kim ýerli Hudaýa nädip sežde etmelidigini bilenok» diýip habar berdiler. 27  Şonda Assiriýa patyşasy: «Ýesir düşen ruhanylaryň birini yzyna iberiň. Goý, ol adamlara ýerli Hudaýa nädip sežde etmelidigini öwretsin» diýip buýruk berdi. 28  Şeýlelikde, Samariýadan ýesir alnan ruhanylaryň biri yzyna gidip, Beýtelde+ ýaşap başlady we şol halklara Ýehowadan gorkmagy öwretdi+. 29  Emma olar haýsy şäherde ýaşasalar⁠-⁠da, öz taňrylaryny ýasadylar, samariýalylaryň depelerde guran seždegählerinde butlaryny goýdular. 30  Wawilonlylar Sukot⁠-⁠benot butuny, kutlylar Nergal butuny, hamatlylar+ Aşyma butuny, 31  awalylar bolsa Nephaz bilen Tartag butuny ýasadylar. Separwaýymlylar Adrammälik we Anamälik taňrylary üçin ogullaryny⁠-⁠da otda ýakýardylar+. 32  Olar Ýehowadan gorksalar⁠-⁠da, ýönekeý halkdan ruhanylary belleýärdiler, olar bolsa depelerdäki seždegählerde hyzmat edýärdiler+. 33  Şol halklar Ýehowadan gorksalar⁠-⁠da, watanyndaky dini däp⁠-⁠dessurlara eýerip, öz taňrylaryna çokunýardylar+. 34  Olar häzire çenli öňki dinlerine uýýarlar. Hiç biri Ýehowa sežde etmeýär, Ýehowanyň Ýakubyň ogullaryna beren düzgünlerini, hökümlerini, kanunlaryny we tabşyryklaryny ýerine ýetirmeýär. Hudaý Ýakubyň adyna Ysraýyl goýupdy+. 35  Ýehowa olar bilen äht baglaşanda+: «Başga taňrylara sežde etmäň*, tagzym etmäň, sygynmaň we gurbanlyk bermäň+. 36  Güýç⁠-⁠kuwwatly goly bilen sizi Müsür ýurdundan çykaran Ýehowa sežde ediň, diňe oňa tagzym edip, gurbanlyk beriň+. 37  Hudaýyň size ýazyp beren düzgünlerini, hökümlerini, kanunlaryny we tabşyryklaryny birkemsiz berjaý ediň+, başga taňrylara sežde etmäň*. 38  Siz bilen baglaşan ähtimi ýatdan çykarmaň+, başga taňrylara sežde etmäň. 39  Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkuň, sizi ähli duşmanlaryňyzdan diňe ol halas eder» diýipdi. 40  Emma halklar gulak asmadylar, öňki dinlerine uýdular+. 41  Olar Ýehowadan gorkýardylar+, ýöne öz butlaryna⁠-⁠da çokunýardylar. Çagalary, agtyklary hem häzire çenli ata⁠-⁠babalarynyň edenini gaýtalaýar.

Çykgytlar

Az adamly we köp ilatly ýerler göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ýatlatmalaryny.
Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlaryna.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: özlerini satyp.
Sözme⁠-⁠söz: huzuryndan kowdy.
Ýa⁠-⁠da: dini däp⁠-⁠dessurlaryny.
Sözme⁠-⁠söz: gorkmaň.
Sözme⁠-⁠söz: gorkmaň.