Ikinji Patyşalar 19:1—37

  • Hizkiýa Işaýa pygamber arkaly Hudaýdan kömek soraýar (1—7)

  • Iýerusalime haýbat atan Sanherip (8—13)

  • Hizkiýanyň dogasy (14—19)

  • Hudaý Işaýa pygamber arkaly jogap berýär (20—34)

  • Perişde assiriýalylaryň 185 000 esgerini gyrýar (35—37)

19  Hizkiýa patyşa muny eşiden badyna, ýakasyny ýyrtyp, jul geýip, Ýehowanyň öýüne gitdi+.  Soňra ol baş wezir* Alyýakymy, Şebna kätibi we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa+ pygamberiň ýanyna iberdi, olaram jul geýipdi.  Olar Işaýanyň ýanyna baryp şeýle diýdiler: «Hizkiýa şeýle diýýär: „Biz kyn güne düşdük, kemsidildik*, masgara bolduk. Şu wagt biziň ýagdaýymyz burgusy tutup, çagasyny dogurmaga ysgyn⁠-⁠mydary galmadyk aýalyňka meňzeýär+.  Assiriýa patyşasynyň iberen baş şerapçysy* Biribaryň üstünden gülýär+. Ýehowa Hudaý onuň sözlerini eşitsin. Goý, Ýehowa Hudaý oňa jeza bersin. Sen bolsa aman galanlar üçin dileg et“»+.  Emeldarlar Hizkiýa patyşanyň sözlerini Işaýa pygambere gürrüň berdiler+.  Işaýa pygamber şeýle jogap berdi: «Gidiň⁠-⁠de, hökümdara Ýehowanyň şu habaryny aýdyň: „Assiriýa patyşasynyň geňeşçileri* maňa dil ýetirdi, olaryň sözlerinden gorkma+.  Men Assiriýa patyşasynyň ýüregine bir pikir guýaryn. Ol bir habar eşidip, ýurduna dolanar. Ony öz ýurdunda gylyçdan geçirderin“»+.  Assiriýa patyşasy Lakyşdan+ gidip, Libna çozdy. Baş şerapçy muny eşidip, patyşanyň ýanyna gitdi+.  Assiriýa patyşasyna: «Efiopiýa patyşasy Tirkahan bize garşy söweşe çykdy» diýip habar berdiler. Şonda ol Hizkiýanyň ýanyna ýene⁠-⁠de çaparlaryny ýollap+, şeýle diýdi: 10  «Ýahuda patyşasy Hizkiýa aýdyň: „Sen Hudaýyňa bil baglama, „Iýerusalim Assiriýa patyşasynyň eline berilmez“ diýen sözlerine aldanma+. 11  Assiriýa patyşalarynyň ähli ýurtlary weýran edendigini bilýänsiň+. Indi gel⁠-⁠gel sen halas bolaryn öýdýäňmi? 12  Ata⁠-⁠babalarym birgiden halklary ýok etdi, taňrylary olary halas edip bildimi? Gozan, Haran+, Resep we Telasarda ýaşan Erem halky nirede? 13  Hamatyň, Arpatyň patyşalary, Separwaýym, Hena we Ywah şäherleriniň patyşalary nirede?“»+. 14  Hizkiýa habarçylaryň elinden hatlary alyp okady. Ol Ýehowanyň öýüne baryp, hatlary Ýehowanyň öňünde açyp goýdy+. 15  Hizkiýa Ýehowa şeýle doga etdi+: «Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, keruplaryň üstünde*+ tagtda oturan Hudaý! Sen bütin ýer ýüzündäki patyşalyklaryň ýeke⁠-⁠täk hak Hudaýysyň+. Ýeri⁠-⁠gögi ýaradan sensiň! 16  Ýehowa, ýalbarýaryn, dogamy diňle!+ Ýehowa, nazar sal!+ Eý Biribar, Sanheribiň seni ýaňsylap aýdan sözlerini eşit! 17  Ýehowa, Assiriýa patyşalary birgiden halklary gyryp, ýurduny weýran etdi+. 18  Olaryň taňrylaryny⁠-⁠da otda ýakdylar, aslynda, olar hudaý hem däldi+, ynsan eliniň işidi, agaçdan we daşdan ýasalan butlardy+. Şonuň üçin olar ýok edildi. 19  Ýehowa Hudaýymyz, bizi Assiriýa patyşasynyň elinden halas et! Ýehowa, goý, ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary seniň ýeke⁠-⁠täk Alladygyňy bilsinler»+ diýdi. 20  Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle habar ýollady: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Assiriýa patyşasy Sanherip hakda eden dogaňy eşitdim+. 21  Ýehowa oňa şeýle diýýär: „Sion gyzy seni kemsidip, üstüňden gülýär. Iýerusalim gyzy saňa seredip, başyny ýaýkaýar. 22  Sen kimi kemsidýärsiň? Kime dil ýetirýärsiň?+ Kime haýbat atýarsyň?+Kime göwnüýetmezçilik edýärsiň? Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynamy?+ 23  Çaparlaryňy iberdiň+.Ýehowanyň üstünden gülüp, şeýle diýdiň+:„Birgiden söweş arabam bilen,Daglaryň depesine çykaryn,Liwanyň aňry çetine baryp ýeterin. Beýik kedr agaçlaryny, owadan arça agaçlaryny çaparyn. Çet ýerlerine, gür tokaýlaryna bararyn. 24  Guýular gazyp, başga halklaryň suwuny içerin,Müsüriň çeşmelerini* dabanym bilen guradaryn“. 25  Sen näme eşitmänmidiň?Muny gadym günlerde ýüregime düwüpdim+. Birmahallar niýet edipdim+. Indi bolsa amala aşyraryn+. Sen galalary weýran edip, haraba öwrersiň+. 26  Olaryň ilaty güýçden gaçarlar,Gorkup, masgara bolarlar. Sähradaky ot⁠-⁠çöpe dönerler+,Gündogardan öwüsýän ýeliň howruna guran üçekdäki ot kimin bolarlar. 27  Seniň her ädimiňi*,Maňa gaharlanýandygyňy gowy bilýärin+. 28  Gahar+ bilen turzan gopgunyň gulagyma gelip ýetdi+. Burnuňa çeňňek ildirip, agzyňa agyzzyryk geýdirip+,Seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn“+. 29  Hizkiýa, seniň üçin şeýle alamat bolar: şu ýyl öz⁠-⁠özünden biten hasyly iýersiňiz, indiki ýyl bolsa ýere gaçan dänelerden gögeren gallany iýersiňiz+. Üçünji ýyl tohum sepip, hasyl alarsyňyz we üzüm agaçlaryny oturdyp, miwesini iýersiňiz+. 30  Ýahuda halkynyň halas bolanlary we aman galanlary+ kök urup, miwe berer. 31  Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gaýdar. Serkerdebaşy Ýehowa muny höwes* bilen eder+. 32  Ýehowa Assiriýa patyşasy hakda şeýle diýýär+: „Ol şähere girmez+,Ok hem atmaz.Galkany bilen söweşe çykmaz,Gabaw depelerini galdyrmaz+. 33  Gelen ýoly bilen yzyna gider,Şähere aýagyny hem sekmez“. Muny Ýehowa aýdýandyr. 34  „Öz adymyň we gulum Dawudyň hatyrasyna+,Şäheri gorap, halas ederin“»+. 35  Şol gije Ýehowanyň perişdesi gelip, assiriýalylaryň düşelgesinde 185 000 esgeri öldürdi+. Adamlar irden turup görseler, duşmanlaryň ählisi gyrlypdyr+. 36  Şonda Assiriýa patyşasy Sanherip Ninewiýa+ dolandy+. 37  Ol öz taňrysy Nisrohyň buthanasynda sežde edip durka, ogullary Adrammälik bilen Şareser ony gylyçdan geçirdiler+. Olar Ararat+ ýurduna gaçyp gitdiler. Sanheribiň ýerine ogly Esarhadon+ patyşa boldy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: köşk dolandyryjy.
Sözme⁠-⁠söz: käýinç eşitdik.
Ýa⁠-⁠da: rabşagy. Baş şerapça şeýle diýilýärdi.
Ýa⁠-⁠da: hyzmatkärleri.
Başga manysy: arasynda.
Ýa⁠-⁠da: Nil derýasynyň şahalaryny.
Sözme⁠-⁠söz: oturýan, girip⁠-⁠çykýan wagtyňy.
Ýa⁠-⁠da: yhlas.