Ikinji Patyşalar 20:1—21

  • Hizkiýanyň kesellemegi we sagalmagy (1—11)

  • Wawilondan gelen emeldarlar (12—19)

  • Hizkiýanyň ölümi (20, 21)

20  Şol wagtlar Hizkiýa agyr keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy+. Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýanyň ýanyna gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Maşgalaňa wesýet et, sen sagalmarsyň, ölersiň“»+ diýdi.  Şonda Hizkiýa ýüzüni diwara öwrüp, Ýehowa doga etdi.  Ol: «Ýehowa, ýalbarýaryn, saňa bütin ýüregim bilen wepaly bolanymy, öňüňde ýagşy işleri edenimi ýadyňa sal»+ diýip, möňňürip aglady.  Işaýa pygamber köşgüň ortaky howlusyna ýetmänkä, Ýehowa oňa şeýle diýdi+:  «Yzyňa dolan⁠-⁠da, halkymyň baştutany Hizkiýa: „Ataň Dawudyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Dilegiňi eşitdim, gözýaşyňy gördüm+, seni sagaldaryn+. Birigün* Ýehowanyň öýüne bararsyň+.  Ömrüňi ýene 15 ýyl uzaldaryn, seni⁠-⁠de, şäheri⁠-⁠de Assiriýa patyşasynyň elinden halas ederin+. Öz adymyň we gulum Dawudyň hatyrasyna şäheri goraryn“+ diý».  Soňra Işaýa pygamber hyzmatkärlere: «Kak edilen injir getiriň» diýdi. Olar hem getirip, Hizkiýanyň ýarasyna ýapdylar. Hizkiýa kem⁠-⁠kemden gutulyp başlady+.  Hizkiýa Işaýadan: «Ýehowanyň meni sagaltjakdygyny, birigün* Ýehowanyň öýüne barjakdygymy görkezýän alamat+ bolarmy?» diýip sorapdy.  Işaýa: «Ýehowa beren sözünde durar. Ýehowa saňa bir alamat görkezer. Hany aýt, şu basgançakdaky* kölege on ädim öňe süýşsünmi ýa yza?»+ diýdi. 10  Hizkiýa: «Kölege barybir on ädim öňe süýşer. Goý, kölege on ädim yza süýşsün» diýdi. 11  Şonda Işaýa pygamber Ýehowa dileg etdi, Hudaý Ahazyň basgançagyna düşýän kölegäni on ädim yza süýşürdi+. 12  Wawilon patyşasy Balahanyň ogly Berotbalahan Hizkiýanyň keselländigini eşidip, hat ýazyp, sowgat⁠-⁠serpaý iberdi+. 13  Hizkiýa gelen myhmanlary garşy alyp, olara hazynasyndaky altyn⁠-⁠kümşüni, melhem ýagyny, başga⁠-⁠da gymmatbaha ýaglaryny, ok⁠-⁠ýaraglaryny we genji⁠-⁠hazynasyny görkezdi+. Köşgünde we patyşalygynda Hizkiýanyň olara görkezmedik zady galmady. 14  Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip: «Olar nireli, näme üçin gelipdir?» diýip sorady. Hizkiýa: «Olar uzak ýurtdan, Wawilondan gelipdirler»+ diýdi. 15  Işaýa: «Köşkde nämeleri görkezdiň?» diýip sorady. Hizkiýa: «Hemme zady, hazynamda görkezmedik zadym galmady» diýdi. 16  Şonda Işaýa: «Ýehowanyň sözüni diňle+. 17  Ýehowa şeýle diýýär: „Şeýle bir günler geler, köşgüň ähli zady, ata⁠-⁠babalaryň şu çaka çenli ýygnan zatlary Wawilona äkidiler+, ýekeje zat hem galmaz. 18  Ogullaryň käbirini hem ýesirlige äkiderler+, olar Wawilon patyşasynyň köşk emeldarlary bolarlar“»+ diýdi. 19  Hizkiýa patyşa Işaýa: «Ýehowanyň aýdan sözleri hakdyr»+ diýdi. Soňra ol: «Meniň döwrümde parahatlygyň we asudalygyň boljagyna şükür»+ diýdi. 20  Hizkiýanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, şan⁠-⁠şöhraty, howdan+ we aryk gazdyryp, şähere suw çekdirendigi+ hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 21  Soňra Hizkiýa aradan çykyp+, ýerine ogly Manaşa+ patyşa boldy+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Üçünji gün.
Sözme⁠-⁠söz: üçünji gün.
Basgançaklar kölegäniň ugruna görä wagty kesgitlemek üçin ulanylýardy. Gün sagady ýaly bolmaly.