Ikinji Patyşalar 21:1—26

  • Ýahuda patyşasy Manaşanyň döken gany (1—18)

    • Iýerusalimiň weýran edilmegi (12—15)

  • Ýahuda patyşasy Amon (19—26)

21  Manaşa+ 12 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 55 ýyl höküm sürdi+. Ejesiniň ady Hepzybady.  Manaşa Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşup, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi+.  Ol kakasy Hizkiýanyň ýumran seždegählerini*+ dikeltdi. Ysraýyl patyşasy Ahap ýaly, Bagal üçin gurbanlyk ojaklaryny* gurup+, keramatly pürs*+ dikdi. Asman jisimlerine* tagzym etdi, sežde etdi+.  Ýehowa: «Iýerusalim meniň adymy göterer»+ diýipdi. Manaşa bolsa Ýehowanyň öýünde ýalan taňrylar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+.  Ýehowanyň öýüniň iki howlusynda⁠-⁠da+ asman jisimleri üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+.  Ol hatda ogluny hem otda ýakyp gurban berdi, jadygöýlik edip, täleýe garady, jadygöýleri hem bilgiçleri* belledi+. Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi.  Manaşa keramatly pürsüň*+ oýma butuny ýasap, Hudaýyň öýünde goýdy. Ýehowa Dawut bilen ogly Süleýmana: «Şu öý, ysraýyl taýpalarynyň arasyndan saýlan şäherim Iýerusalim hemişe meniň adymy göterer+.  Ysraýyllar tabşyryklarymy birkemsiz ýerine ýetirseler, gulum Musa arkaly beren kanunyma doly eýerseler+, olary ata⁠-⁠babalaryna beren ýurdumdan hiç wagt kowmaryn»+ diýipdi.  Emma halk gulak asmady, Manaşa hem olary ýoldan çykardy. Olar Ýehowanyň ýurtdan ýok eden halklaryndan+ hem beter erbet işleri etdiler. 10  Ýehowa bolsa pygamberlerini gaýta⁠-⁠gaýta ýollap+: 11  «Ýahuda patyşasy Manaşa ýigrenji işlere baş goşup, birwagt ýaşan+ amorlardan+ hem geçirdi. Nejis butlary* bilen Ýahuda halkyna günä etdirdi. 12  Şol sebäpli Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Iýerusalime we Ýahuda şeýle bir betbagtçylyk indererin+ welin, eşidenleriň ini tikenekläp gider*+. 13  Iýerusalimi Samariýada+ ulanan ölçeg ýüpüm+ bilen, Ahabyň öýünde ulanan ölçeg daşym* bilen ölçärin+. Tabagyň içini⁠-⁠daşyny süpürip, düňderip goýuşlary ýaly, Iýerusalimi syryp süpürerin+. 14  Galanja mirasymy+ terk edip, duşmanlaryň eline bererin. Olary ýesir alarlar, zatlaryny talarlar+. 15  Sebäbi olar ata⁠-⁠babalaryny Müsürden çykaran günümden bäri ýigrenýän işlerimi edip, göwnüme degýärler“»+ diýdi. 16  Manaşa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip, Ýahuda halkyna günä etdirenini az görýän ýaly, Iýerusalimiň o çetinden bu çetine çenli gan çaýkap, birgiden bigünä adamy öldürdi+. 17  Manaşanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri we günäleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 18  Soňra Manaşa aradan çykyp, köşgündäki Uzza bagynda jaýlandy+, ýerine ogly Amon patyşa boldy. 19  Amon+ 22 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde iki ýyl höküm sürdi+. Ejesi Meşulemet ýotbaly Harusyň gyzydy. 20  Amon kakasy Manaşa ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 21  Ol kakasynyň ýaman ýolundan ýöräp, nejis butlaryna çokunýardy, sežde edýärdi+. 22  Ol ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowadan ýüz öwürdi, Ýehowanyň ýolundan ýöremedi+. 23  Ahyrsoňy hyzmatkärleri dil düwşüp, köşkde Amony öldürdiler. 24  Emma adamlar Amon patyşa garşy dil düwşenleri öldürip, ýerine ogly Ýoşyýany patyşa bellediler+. 25  Amonyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 26  Amony Uzza bagynda, öz mazarynda jaýladylar+, ýerine ogly Ýoşyýa+ patyşa boldy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Gögüň goşunlaryna.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözme⁠-⁠söz: gulagy şaňlar.
Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.