Ikinji Patyşalar 23:1—37

  • Ýoşyýanyň aýgytly hereketi (1—20)

  • Pasha baýramy (21—23)

  • Ýoşyýanyň eden işleri (24—27)

  • Ýoşyýanyň ölümi (28—30)

  • Ýahuda patyşasy Ýehogahaz (31—33)

  • Ýahuda patyşasy Ýehoýakym (34—37)

23  Patyşa habar ýollap, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularyny ýygnady+.  Ol tutuş Ýahuda we Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan⁠-⁠kiçä ähli adamlar bilen Ýehowanyň öýüne gitdi. Patyşa olara Ýehowanyň öýünden tapylan+ äht+ kitabyny+ okap berdi.  Ol sütüniň ýanynda durup, kitapda ýazylan sözlere* görä Ýehowa bilen äht baglaşdy*+. Ýehowanyň ýolundan ýöräp, tabşyryklaryny, öwüt⁠-⁠ündewlerini*, kanunlaryny bütin ýüregi, bütin jany* bilen ýerine ýetirip, şol ähte görä ýaşamagy söz berdi. Halk hem ähti makullady+.  Soňra Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa+, beýleki ruhanylara we garawullara buýruk berip, Bagala, keramatly pürse*+, asman jisimlerine* sežde etmek üçin ulanylýan ähli gap⁠-⁠gaçlary Ýehowanyň ybadathanasyndan çykartdy. Patyşa olary Iýerusalimiň daşyndaky Kidron jülgesiniň ýapgydynda ýakyp, külüni Beýtele+ äkitdi.  Şeýle⁠-⁠de ol öňki patyşalaryň Ýahudanyň şäherlerindäki, Iýerusalimiň töweregindäki seždegählerde* ýalan taňrylara gurbanlyk ýakmak üçin bellän ruhanylaryny we Bagala, Güne, Aýa, täleý ýyldyzlaryna, asman jisimlerine* gurbanlyk ýakýanlary kowdy+.  Ýehowanyň öýündäki keramatly pürsi*+ hem Iýerusalimiň daşyndaky Kidron jülgesinde ýakyp+ kül etdi, külüni bolsa garamaýak adamlaryň mazarlarynyň üstüne sowurdy+.  Ol Ýehowanyň öýünde azgynlyk edýän erkekleriň*+ jaýlaryny⁠-⁠da ýumurdy. Şol jaýlarda aýallar keramatly pürs* üçin çadyr dokardylar.  Soňra ol Ýahuda şäherlerindäki ruhanylary ýygnap, Gebadan+ tä Beýer⁠-⁠şeba+ çenli ähli seždegähleri ulanylmaz ýaly etdi*. Şol seždegählerde ruhanylar gurbanlyk ýakýardy. Şäher derwezesinden giren ýeriňde çep tarapda, Ýuşa häkimiň derwezesiniň agzynda hem seždegähler bardy. Patyşa olary⁠-⁠da ýumurdy.  Şol seždegählerdäki ruhanylar beýleki ruhanylar bilen petir çörekden* iýseler⁠-⁠de, Iýerusalimde Ýehowanyň gurbanlyk ojagynda* hyzmat etmeýärdiler+. 10  Hiç kim Molek taňrysy üçin ogul⁠-⁠gyzyny otda ýakmaz ýaly+, Ýoşyýa patyşa Hennem+ ogullarynyň jülgesindäki* Topeti+ ulanylmaz ýaly etdi*. 11  Ýahuda patyşalarynyň Güne bagyşlan atlaryny bolsa Ýehowanyň öýüne salmagy gadagan etdi. Olary Natanmälik weziriň eýwanyndan* ybadathana salardylar. Ýoşyýa patyşa Güne+ bagyşlanan arabalary⁠-⁠da otlady. 12  Ahazyň ýokarky otagynyň üçeginde Ýahuda patyşalary gurbanlyk ojaklaryny goýupdy+. Manaşa hem Ýehowanyň öýüniň iki howlusynda gurbanlyk ojaklaryny ýasapdy+. Ýoşyýa olaryň ählisini çym⁠-⁠pytrak edip, gumuny Kidron jülgesinde sowurdy. 13  Şeýle⁠-⁠de ol Iýerusalimiň gabadyndaky, Heläkçilik* dagynyň günortasyndaky* seždegähleri ulanylmaz ýaly etdi*. Ysraýyl patyşasy Süleýman olary sidonlylaryň nejis aýal taňrysy Aştoret, mowaplaryň nejis taňrysy Kemoş, ammonlaryň ýigrenji taňrysy+ Milkom+ üçin gurupdy. 14  Ýoşyýa patyşa keramatly sütünleri çym⁠-⁠pytrak edip, keramatly pürsleri* çapdy+. Olaryň duran ýerini bolsa adam süňklerinden doldurdy. 15  Ol Beýteldäki gurbanlyk ojagyny, Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň guran seždegähini ýumurdy+. Soňra ol seždegähi otlap, kül etdi, keramatly pürsi* hem ýakdy+. 16  Ýoşyýa daş⁠-⁠töweregine göz aýlap, dagda duran mazarlygy gördi. Ol merhumlaryň süňklerini çykardyp, gurbanlyk ojagynda ýakdy⁠-⁠da, ulanylmaz ýaly etdi*. Şeýdip, Ýehowanyň pygamberi arkaly aýdan sözi berjaý boldy+. 17  Soňra patyşa: «Şol duran daş kimiň mazary?» diýip sorady. Şäheriň ýaşaýjylary: «Ýahudaly pygamberiň*+ mazary. Ol seniň Beýteldäki gurbanlyk ojagyny ýok etjegiňi öňünden aýdypdy» diýdiler. 18  Patyşa: «Pygamberiň mazaryna degmäň, süňklerini gozgamaň» diýdi. Şeýlelikde, ýahudaly pygamberiňem, Samariýadan gelen pygamberiňem süňklerine degmediler+. 19  Ýoşyýa patyşa Samariýanyň şäherleriniň depelerinde gurlan seždegähleri⁠-⁠de aýyrdy+. Ysraýyl patyşalary şol seždegähleri gurup, Hudaýyň göwnüne degipdiler. Ýoşyýa bolsa Beýtelde edişi ýaly, olaryň ählisini ýumurdy+. 20  Seždegählerde hyzmat edýän ruhanylary bolsa gurbanlyk ojaklarynda gurban berip, üstünde adam süňklerini ýakdy+. Soňra patyşa Iýerusalime dolandy. 21  Patyşa tutuş halka: «Äht kitabynda ýazylyşy ýaly+, Ýehowa Hudaýyňyz üçin Pasha baýramyny belläň»+ diýip tabşyrdy. 22  Ysraýylda serdarlaryň kazylyk eden döwründe⁠-⁠de, Ysraýyl bilen Ýahuda patyşalarynyň höküm süren döwründe⁠-⁠de Pasha baýramy hiç wagt şeýle uludan bellenilmändi+. 23  Ýoşyýanyň hökümdarlygynyň 18⁠-⁠nji ýylynda, Iýerusalimde Ýehowanyň şanyna Pasha baýramy bellendi. 24  Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Ýehowanyň öýünden tapan Kanun kitabyna+ eýerip+, jadygöýleri, bilgiçleri*+, maşgala butlaryny*+, nejis* heýkelleri, Ýahuda bilen Iýerusalimdäki ýigrenji zatlary ýok etdi. 25  Ýoşyýa ýaly bütin ýüregi, bütin jany*+, bütin güýji bilen Ýehowa dolanyp, Musanyň kanunyny ýerine ýetiren patyşa öňde⁠-⁠soňda bolmandy. 26  Emma Ýehowanyň Ýahuda gelen gahary köşeşmedi, sebäbi Manaşa köp ýigrenji işleri edip, Hudaýyň göwnüne degipdi+. 27  Ýehowa: «Ysraýyly gözümiň alnyndan aýryşym ýaly+, Ýahudany hem aýraryn+. Saýlan şäherim Iýerusalimden, „Adymy göterer“ diýen öýümden ýüz öwrerin»+ diýdi. 28  Ýoşyýanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 29  Ýoşyýanyň döwründe Müsür faraony Neho Assiriýa patyşasyna kömek etmek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap gitdi. Ýoşyýa patyşa hem Neho bilen söweşmek üçin çykdy. Olar Megiddoda+ sataşdylar, şonda Neho Ýoşyýany öldürdi. 30  Hyzmatkärler Ýoşyýanyň jesedini araba ýükläp, Megiddodan Iýerusalime getirdiler⁠-⁠de, öz mazarynda jaýladylar. Soňra halk Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazyň başyna ýag guýup, kakasynyň ýerine patyşa belledi+. 31  Ýehogahaz+ 23 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde üç aý höküm sürdi. Ejesi Hamutal+ libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 32  Ýehogahaz ata⁠-⁠babalary ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip başlady+. 33  Neho+ faraon Ýehogahazy Iýerusalimde tagtdan düşürip, Hamatyň Ribla+ şäherindäki zyndana taşlady, ilatyna bolsa 100 batman* kümüş we bir batman altyn salgyt saldy+. 34  Soňra Neho Ýoşyýanyň ogly Alyýakymy kakasynyň ýerine patyşa belläp, adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Ýehogahazy bolsa Müsüre äkitdi+, ol şol ýerde aradan çykdy+. 35  Ýehoýakym patyşa faraona altyn⁠-⁠kümüş berdi. Ol faraonyň talap eden puluny tölemek üçin halka salgyt salmaly boldy. Faraona salgyt tölemek üçin, her adamdan belli bir mukdarda altyn⁠-⁠kümüş ýygnady. 36  Ýehoýakym+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi+. Ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy. 37  Ýehoýakym ata⁠-⁠babalary ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ähte.
Ýa⁠-⁠da: täzeden äht baglaşdy.
Ýa⁠-⁠da: ýatlatmalaryny.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlaryna.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: gögüň goşunlaryna.
Sözlüge serediň.
Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: haram etdi; zaýalady.
Ýa⁠-⁠da: hamyrmaýasyz çörekden.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: haram etdi; zaýalady.
Sözlüge serediň: Jähennem.
Ýa⁠-⁠da: naharhanasyndan.
Ýa⁠-⁠da: haram etdi; zaýalady.
Sözme⁠-⁠söz: sag tarapyndaky.
Zeýtun dagy göz öňünde tutulýar. Günorta tarapyna Ynjytma dagy hem diýilýär.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: haram etdi; zaýalady.
Ýa⁠-⁠da: hak Hudaýyň gulunyň.
Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.