Ikinji Patyşalar 24:1—20

  • Ýehoýakymyň gozgalaňy we ölümi (1—7)

  • Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn (8, 9)

  • Wawilona ilkinji sürgün (10—17)

  • Ýahuda patyşasy Sadykýaryň gozgalaňy (18—20)

24  Ýehoýakymyň döwründe Wawilon patyşasy Nawuhodonosor+ Ýahuda çozdy. Ýehoýakym üç ýyllap Nawuhodonosoryň golastynda boldy. Soňra Ýehoýakym gozgalaň turuzdy.  Emma Ýehowa Ýehoýakymyň üstüne siriýa, mowap, ammon we haldeý+ halkyndan talaňçylary iberip başlady. Ýehowa muny pygamberleri arkaly aýdyşy ýaly, Ýahudany ýok etmek üçin edýärdi+.  Ýehowa Ýahudanyň başyna betbagtçylyk inderdi. Manaşanyň eden günäleri üçin+, Hudaý olary ýok etjek bolýardy+.  Manaşa nähak ýere gan döküp+, Iýerusalimi bigünä adamlaryň ganyndan doldurdy. Şol sebäpli Ýehowa olary bagyşlamak islemedi+.  Ýehoýakymyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr+.  Soňra Ýehoýakym aradan çykyp+, ýerine ogly Ýehoýakyn patyşa boldy.  Wawilon patyşasy Nawuhodonosor faraonyň+ tutuş ýurduny, Müsür jülgesinden+ tä Ýewfrat derýasyna+ çenli basyp aldy. Şol sebäpli faraon hiç ýere çozup bilmedi.  Ýehoýakyn+ 18 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde üç aý höküm sürdi+. Ejesi Nehuşta iýerusalimli Elnatanyň gyzydy.  Ýehoýakyn ata⁠-⁠babalary ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. 10  Şol wagtlar Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň nökerleri Iýerusalimi gabadylar+. 11  Nökerler şäheri gabap otyrka, Wawilon patyşasy Nawuhodonosor hem Iýerusalime geldi. 12  Şonda Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, han⁠-⁠begleri, köşk emeldarlary+ bilen Wawilon patyşasyna boýun egdi+. Wawilon patyşasy hökümdarlygynyň sekizinji ýylynda, Ýehoýakyny ýesir aldy+. 13  Wawilon patyşasy Ýehowanyň öýüniň we köşgüň ähli hazynalaryny talady+, Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Ýehowanyň ybadathanasy üçin altyndan ýasadan gap⁠-⁠gaçlaryny+ döwdi. Ähli zat Ýehowanyň aýdyşy ýaly boldy. 14  Ol tutuş Iýerusalim ilatyny, han⁠-⁠begleri+, edermen esgerleri, senetçileri, demirçi ussalary*+, jemi 10 000 adamy ýesirlige äkitdi. Ýurtda diňe garyp⁠-⁠gasarlar galdy+. 15  Şeýdip, Nawuhodonosor Ýehoýakyny Wawilona+ ýesirlige äkitdi+, ejesi bilen aýallaryny, köşk emeldarlaryny, ýurduň at⁠-⁠abraýly adamlaryny hem Iýerusalimden Wawilona sürgün etdi. 16  Wawilon patyşasy gaýduwsyz we söweşe ukyply adamlary: 7 000 edermen esgeri, 1 000 senetçi we demirçi ussalary* Wawilona ýesirlige äkitdi. 17  Ýehoýakynyň ýerine agasy*+ Mattanýany patyşa belläp, adyny Sadykýar+ diýip üýtgetdi. 18  Sadykýar 21 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi. Ejesi Hamutal+ libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 19  Sadykýar Ýehoýakym ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 20  Ýehowanyň muňa gahary gelip+, Iýerusalime we Ýahuda betbagtçylyk inderdi. Ahyrsoňy Hudaý olary huzuryndan kowdy. Soňra Sadykýar Wawilon patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy+.

Çykgytlar

Başga manysy: gorag diwaryny gurýanlary.
Başga manysy: gorag diwaryny gurýanlary.
Ýehoýakynyň kakasynyň inisi göz öňünde tutulýar.