Ikinji Patyşalar 3:1—27

  • Ysraýyl patyşasy Ýehoram (1—3)

  • Mowap Ysraýyla garşy aýaga galýar (4—25)

  • Mowaplar ýeňilýär (26, 27)

3  Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň hökümdarlygynyň 18⁠-⁠nji ýylynda, Ahabyň ogly Ýehoram+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol 12 ýyl höküm sürdi.  Ýehoram Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi, ýöne kakasy bilen ejesi ýaly öte geçmändi. Ol kakasynyň Bagal üçin goýan keramatly sütünlerini aýrypdy+.  Emma Ýehoram Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň erbet işlerine baş goşup+, olardan el çekmeýärdi.  Mowap patyşasy Meşa maldarçylyk bilen meşgullanýardy. Ol Ysraýyl patyşasyna 100 000 guzy bilen 100 000 goç* salgyt töleýärdi.  Ahap aradan çykansoň+, Mowap patyşasy Ysraýyl patyşasyna garşy aýaga galdy+.  Şonda Ýehoram patyşa Samariýadan çykyp, tutuş Ysraýyly söweşe ýygnady.  Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapata hem habar ýollap: «Mowap patyşasy maňa garşy aýaga galdy. Meniň bilen Mowaba söweşe gitjekmi?» diýip sorady. Ýehoşapat: «Elbetde, giderin!+ Nökerlerimem, atlarymam seniňki»+ diýdi.  Ol Ýehoramdan: «Haýsy ýoldan gideris?» diýip soranda, patyşa: «Edom çölüne barýan ýoldan» diýip jogap berdi.  Şeýlelikde, Ysraýyl patyşasy Ýehoram ýanyna Ýahuda hem⁠-⁠de Edom+ patyşalaryny alyp, ýola düşdi. Olar aýlawly ýollardan ýedi gün ýörediler. Esgerlere we mal⁠-⁠garalara berer ýaly hiç hili suw galmady. 10  Şonda Ysraýyl patyşasy: «Işimiz gaýtdy! Ýehowa üçimizi⁠-⁠de mowaplaryň eline bermek üçin ýygnapdyr!» diýdi. 11  Ýehoşapat bolsa: «Ýehowadan sorap görer ýaly, bärde Ýehowanyň pygamberi ýokmuka?»+ diýdi. Ysraýyl patyşasynyň bir hyzmatkäri: «Şapatyň ogly Alyşa+ bar, ol Ylýas pygambere hyzmat edipdi*»+ diýdi. 12  Ýehoşapat: «Geliň, şondan sorap göreliň. Ol bize Ýehowanyň sözüni aýdar» diýdi. Soňra Ýehoşapat we Ysraýyl patyşasy Ýehoram Edom patyşasy bilen Alyşa pygamberiň ýanyna gitdiler. 13  Alyşa pygamber Ysraýyl patyşasyna: «Näme üçin geldiň? Gidip, kakaň bilen ejeň pygamberlerine ýüz tutmaly ekeniň⁠-⁠dä!»+ diýdi. Ysraýyl patyşasy: «Beý diýmesene, Ýehowa üç patyşany mowaplaryň eline bermek üçin ýygnapdyr» diýdi. 14  Şonda Alyşa: «Meniň gulluk edýän Serkerdebaşy Hudaýym Ýehowa diri şaýatdyr, ýanyňda Ýahuda patyşasy Ýehoşapat+ bolmadyk bolsa, seniň bilen gepleşmezdim, ýüzüňe⁠-⁠de seretmezdim+. 15  Hany, onda maňa bir sazanda*+ tapyň» diýdi. Sazanda arfa çalyp başlan badyna, Alyşanyň üstüne Ýehowanyň ruhy indi*+. 16  Şonda Alyşa: «Ýehowa şeýle diýýär: „Şu jülgäniň hemme ýerine çukur gazyp çykyň. 17  — Ýehowa yglan edýär — ýel turmasa⁠-⁠da, ýagyş ýagmasa⁠-⁠da, jülge suwdan dolar+. Özüňizem, malyňyzam şol suwdan içersiňiz“. 18  Size suw bermek Ýehowa üçin kyn däldir+. Ol Mowap ýurduny hem eliňize berer+. 19  Olaryň galalaryny+, iň gowy şäherlerini ýykan⁠-⁠ýumran ediň, ähli gowy agaçlaryny çapyň, çeşmelerini gömüň, mes topraklaryny daşdan dolduryň»+ diýdi. 20  Ertesi gün irdenki galla sadakasynyň berilýän wagty+, birdenkä Edom tarapdan suw akyp başlap, jülgäniň içi suwdan doldy. 21  Üç patyşanyň söweşe gelendigini eşidip, mowaplar söweşe ukyply* adamlaryny ýygnadylar⁠-⁠da, ýurduň serhedinde durdular. 22  Irden turup görseler, suwuň ýüzüne Gün düşüp durdy. Şonda beýleki tarapdaky mowaplara suw gyzyl gan ýaly bolup göründi. 23  Olar: «Serediň, gan ýaly⁠-⁠la! Patyşalar öz aralarynda urşup, bir⁠-⁠birlerini gylyçdan geçirendir. Mowaplar, ýörüň, olary talalyň!»+ diýip gygyryşdylar. 24  Ysraýyllaryň düşelgesine baranlarynda, ysraýyl esgerleri aýaga galyp, mowaplary gyryp başladylar, olar hem gaçdylar+. Ysraýyllar mowaplary kowalap, Mowaba çenli gyrdylar. 25  Mowaplaryň şäherlerini ýer bilen ýegsan etdiler. Ysraýyl esgerleri daş zyňyp, olaryň ekin meýdanlaryny daşdan doldurdylar, çeşmelerini gömüp+, gowy agaçlaryny çapdylar+. Diňe Hir⁠-⁠harasetiň+ daşdan salnan diwarlary galdy. Sapanly* esgerler ony hem gabap, weýran etdiler. 26  Mowap patyşasy ýeňilýändigini görüp, gylyçly 700 esgerini aldy⁠-⁠da, Edom+ patyşasynyň goşunynyň arasyndan böwsüp geçjek boldy, emma başarmady. 27  Şonda ol özünden soň patyşa boljak nowbahar ogluny alyp, diwaryň üstünde ýakyp gurban berdi+. Adamlar ysraýyllara gahar⁠-⁠gazap bilen topuldylar. Şonda olar mowaplardan yza çekilip, ýurduna dolandylar.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: gyrkylmadyk goç.
Sözme⁠-⁠söz: Ylýasyň eline suw akydardy.
Sözme⁠-⁠söz: Ýehowa onuň üstüne elini goýdy.
Ýa⁠-⁠da: arfaçy.
Ýa⁠-⁠da: ýarag göterip bilýän.
Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.