Ikinji Patyşalar 4:1—44
4 Bir pygamberiň*+ aýaly Alyşanyň ýanyna gelip: «Ärim ýogaldy, bilýänsiň, ol Ýehowadan gorkýan adamdy+. Indi algydarymyz gelip, iki çagamy gul edip äkitjek bolýar» diýip aglap başlady.
2 Şonda Alyşa: «Näme kömek gerek? Öýüňde nämäň bar?» diýip sorady. Aýal: «Bir küýze ýagdan başga zadym ýok»+ diýdi.
3 Alyşa oňa: «Bar, goňşy-golamyňdan gap sora. Näçe köp ýygnap bilseň, şonça gowy.
4 Soňam ogullaryň bilen içerik girip, gapyňy ýap-da, ýygnan gaplaryňy ýagdan doldur, dolduran gabyňy gyra süýşürip goý» diýdi.
5 Aýal hem Alyşanyň ýanyndan gaýtdy.
Ol ogullaryny alyp, öýe girdi-de, gapyny ýapdy. Ogullary gaplary uzadyp durdy, ol bolsa ýag guýdy+.
6 Gaplaryň hemmesi doldy. Aýal ogullarynyň birine: «Hany, ýene bir gap uzat»+ diýende, ol: «Başga gap ýok» diýdi. Ýag şol bada kesildi+.
7 Şonda aýal hak Hudaýyň gulunyň ýanyna gidip, bolan zatlary gürrüň berdi. Alyşa oňa: «Git-de, ýagy satyp, bergiňi ber, galan pulam iýjek çöregiňe ýeter» diýdi.
8 Günlerde bir gün Alyşa Şuneme+ gitdi. Şunemde ýaşaýan bir abraýly aýal Alyşany nahara çagyrdy+. Alyşa soň-soňlaram ýol ugruna olaryň öýüne myhmançylyga barardy.
9 Ýaňky aýal ärine: «Öýümize gelýän adam Hudaýyň pygamberi.
10 Gel, oňa üçekden bir kiçiräk otag+ gurup bereli, içine ýorgan-düşek, saçak*, oturgyç, şemdan goýaly. Her gezek bize gelende, şol ýerde bolaýsyn»+ diýdi.
11 Bir gün Alyşa gelip, ýokarky otagda ýatdy.
12 Soňra ol hyzmatkäri Geýhaza+: «Şunemli+ aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkär çagyryp geldi.
13 Alyşa pygamber Geýhaza: «Bar-da, aýala şeýle diý: „Sen bize kän ýagşylyk etdiň+, eden ýagşylygyňy nädip gaýtaraly?+ Seniň üçin patyşa+ ýa goşunbaşy bilen gepleşip bereýinmi?“» diýdi. Aýal: «Ýok, men halkymyň arasynda sag-aman ýaşap ýörün» diýdi.
14 Şonda Alyşa: «Aýalyň ýagşylygyny nädip gaýtarsa bolarka?» diýdi. Geýhaz: «Onuň çagasy* ýok+, äri hem garry» diýdi.
15 Alyşa şol bada: «Hany, aýaly bärik çagyr» diýdi. Hyzmatkär ony çagyrdy. Aýal gelip, gapynyň agzynda duranda,
16 Alyşa oňa: «Indiki ýyl şu wagtlar gujagyňda ogul bäbegiň bolar»+ diýdi. Aýal bolsa: «Agam, sen hak Hudaýyň guly ahyryn, gyrnagyňa boş umyt berme» diýdi.
17 Alyşanyň aýdyşy ýaly, aýal göwreli bolup, indiki ýylyň şol wagtlary ogul dogurdy.
18 Çaga ösüp ulalýardy. Bir gün ol kakasynyň ýanyna, ekin meýdanyna bardy. Şol wagt kakasy orakçylaryň ýanyndady.
19 Ol kakasyna gaýta-gaýta: «Kelläm agyrýar, kelläm» diýdi. Şonda kakasy hyzmatkärine: «Bar, ony ejesiniň ýanyna äkit» diýdi.
20 Hyzmatkär çagany ejesiniň ýanyna äkitdi. Ol günortana çenli ejesiniň gujagynda oturdy, soň jan berdi+.
21 Ejesi ogluny ýokarky otaga eltip, hak Hudaýyň gulunyň düşeginde ýatyrdy+. Soňra çykyp, otagyň gapysyny ýapdy.
22 Ol ärini çagyryp: «Gaýrat edip, hyzmatkärleriň birine eşek ber-de, ýanyma iber. Derrew hak Hudaýyň gulunyň ýanyna baryp gaýdaýyn» diýdi.
23 Äri bolsa: «Näme üçin gitjek bolýaň? Täze aý baýramy+ ýa Sabat günem-ä däl» diýdi. Aýal: «Alada etme, hemme zat gowulyk» diýip jogap berdi.
24 Soňra ol eşegi gaňňalady-da, hyzmatkärine: «Tiz bol, dur diýýänçäm, eşegiň badyny gowşatma» diýdi.
25 Şeýlelikde, ol Karmel dagyna, hak Hudaýyň gulunyň ýanyna gitdi. Hak Hudaýyň guly aýaly uzakdan görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Hanha, seret, şunemli aýal gelýär.
26 Ylga, öňünden çyk-da: „Eýgilikmi? Äriňem, çagaňam gowumy?“ diýip sora» diýdi. Aýal: «Hawa, gowy» diýip jogap berdi.
27 Ol daga çykyp, hak Hudaýyň gulunyň ýanyna bardy-da, aýagyna ýykyldy*+. Geýhaz aýaly çekip aýyrjak bolanda, hak Hudaýyň guly: «Degme, onuň şu wagt derdi agyr, Ýehowa muny menden gizläp, hiç zat aýtmandyr» diýdi.
28 Aýal Alyşa pygambere: «Agam, heý, men senden ogul diledimmi? Maňa boş umyt berme diýdim-ä»+ diýdi.
29 Şonda Alyşa Geýhaza: «Biliňi berk guşa-da*+, eliňe hasamy alyp, ýola düş. Ýolda birine duşsaň, salam berme, biri salamlaşjak bolsa-da, salamyny alma. Baryp, hasamy oglanyň ýüzünde goý» diýdi.
30 Ýöne çaganyň ejesi: «Biribar Ýehowadan hem seniň janyňdan ant içýärin, sensiz şu ýerden bir ädimem ätmerin»+ diýdi. Alyşa ýerinden turup, aýal bilen ýola düşdi.
31 Geýhaz bolsa öňden gidip, hasany oglanyň ýüzünde goýdy, emma çagadan ses-seda çykmady+. Geýhaz Alyşanyň öňünden çykyp: «Oglan-a oýanmady» diýdi.
32 Alyşa öýe girip görse, ölen oglanjyk onuň düşeginde ýatan eken+.
33 Alyşa ýeke özi otaga girip, gapyny ýapdy-da, Ýehowa doga edip başlady+.
34 Soňra düşekde ýatan çaganyň ýanyna baryp egildi-de, agzyny agzyna, gözüni gözüne, elini eline goýup, oglanyň üstünde ýazylyp ýatdy. Şonda çaganyň bedeni ýylap başlady+.
35 Alyşa turup, otagyň içinde iki ýana ýöredi. Onsoň ýene çaganyň ýanyna baryp, üstünde ýazylyp ýatdy. Oglanjyk ýedi gezek asgyryp, gözüni açdy+.
36 Şonda Alyşa Geýhaza: «Ejesini çagyr» diýdi. Ol hem çagyryp geldi. Aýal otaga girende, Alyşa: «Ynha ogluň!»+ diýdi.
37 Aýal hem gelip, Alyşanyň aýagyna ýykylyp, tagzym etdi-de, ogluny alyp gitdi.
38 Soňra Alyşa Gilgala gaýtdy. Şol wagt ýurda açlyk düşüpdi+. Bir gün pygamberler*+ Alyşanyň öňünde otyrka, ol hyzmatkärine+: «Uly gazany atar-da, olara çorba bişirip ber» diýdi.
39 Şonda olaryň biri meýdana ot ýygmaga gitdi. Ol ýabany miwe* tapyp, donunyň etegini dolduryp gaýtdy. Ol nämedigini bilmese-de, miwäni dograp, gazana atdy.
40 Nahar bişensoň, oturanlara guýup berdiler. Olar çorbadan dadyp: «Hak Hudaýyň guly, nahar zäherlenipdir!*» diýip gygyryşdylar. Olar nahary iýip bilmediler.
41 Şonda Alyşa: «Biraz un getiriň» diýdi. Ol uny gazana guýup: «Indi nahary paýlaň» diýdi. Şeýdip, nahar zäherden arassalandy+.
42 Bagal-şalyşdan+ bir adam gelip, hak Hudaýyň guluna arpanyň ilkinji hasylyndan bişirilen 20 çörek+, bir halta täze däne getirdi+. Alyşa pygamber: «Adamlara paýlaň, goý, iýsinler» diýdi.
43 Emma hyzmatkäri: «Muny 100 adama nädip ýetireli?»+ diýdi. Şonda Alyşa: «Arkaýyn paýla, Ýehowa: „Olar iýip doýar, artyp hem galar“+ diýýär» diýdi.
44 Hyzmatkär olary adamlaryň öňünde goýdy. Hemmeler iýip doýdy, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, artyp hem galdy+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Pygamber ogullarynyň.
^ Ýa-da: stol.
^ Sözme-söz: ogly.
^ Ýa-da: ýapyşdy.
^ Ýa-da: Donuň etegini biliňe daň-da.
^ Sözme-söz: pygamber ogullary.
^ Ýabany garpyz göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Sözme-söz: gazanda ölüm bar.