Ikinji Patyşalar 8:1—29

  • Şunemli aýalyň mellegi (1—6)

  • Alyşa, Benhadat we Hazaýyl (7—15)

  • Ýahuda patyşasy Ýehoram (16—24)

  • Ýahuda patyşasy Ahazýa (25—29)

8  Alyşa direlen oglanyň+ ejesine: «Bar, maşgalaň bilen başga ýurda göç. Ýehowa bärde ýedi ýyl açlyk+ boljagyny aýtdy» diýdi.  Ol aýal hak Hudaýyň gulunyň aýdyşy ýaly, ýola düşdi. Ol maşgalasy bilen piliştlileriň+ ýurduna göçüp, ýedi ýyl ýaşady.  Ýedi ýyldan soň ýaňky aýal piliştlileriň ýurdundan gaýdyp geldi. Ol öýüni we mellegini yzyna almak üçin patyşanyň huzuryna bardy.  Şol wagt patyşa hak Hudaýyň gulunyň hyzmatkäri Geýhaz bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza: «Alyşanyň görkezen gudratlaryny gürrüň bersene»+ diýdi.  Geýhaz Alyşanyň bir ölini direldendigini gürrüň berip durka+, şol direlen oglanyň ejesi geldi. Ol patyşadan öýüni we mellegini yzyna alyp bermegi+ haýyş etjek bolýardy. Şonda Geýhaz: «Patyşahym, ine şol aýal! Alyşanyň direlden oglany hem ýanynda» diýdi.  Patyşa aýaldan bolan zatlary gürrüň bermegi haýyş etdi, aýal birin⁠-⁠birin gürrüň berdi. Soňra patyşa wezirini çagyryp: «Aýalyň ähli zadyny, ýurtdan giden gününden bäri melleginden alnan hasylyna çenli yzyna gaýtaryp beriň» diýip tabşyrdy.  Alyşa Damasga+ baranda, Siriýa patyşasy Benhadat+ syrkaw ýatyrdy. Benhadata: «Hak Hudaýyň guly+ gelipdir» diýip habar berdiler.  Patyşa Hazaýyla+: «Sowgat⁠-⁠serpaý al⁠-⁠da, hak Hudaýyň gulunyň ýanyna git+. Goý, ol Ýehowadan meniň sagalyp⁠-⁠sagalmajagymy sorasyn» diýdi.  Hazaýyl hem Damaskdan gymmatbaha sowgat⁠-⁠serpaýlary alyp, 40 düýä ýükledi⁠-⁠de, Alyşanyň ýanyna gitdi. Ol baryp: «Meni Siriýa patyşasy guluň* Benhadat iberdi. Ol: „Sagalarynmy?“ diýip soraýar» diýdi. 10  Alyşa: «Git⁠-⁠de: „Hökman sagalarsyň“ diý, ýöne Ýehowa onuň öljegini aýtdy»+ diýdi. 11  Alyşa Hazaýyldan gözüni aýyrman, ýiti⁠-⁠ýiti seretdi. Ol hem özüni oňaýsyz duýup aljyrady. Soňra hak Hudaýyň guly aglap başlady. 12  Hazaýyl Alyşadan: «Agam, näme üçin aglaýaň?» diýip sorady. Alyşa: «Sen ysraýyl halkyna köp ezýet çekdirersiň+. Olaryň galalaryny otlap, batyr esgerlerini gylyçdan geçirersiň, çagalaryny bölek⁠-⁠bölek edersiň, göwreli aýallarynyň garnyny ýararsyň»+ diýip jogap berdi. 13  Hazaýyl: «Guluň beýle işleri eder ýaly kim bolupdyr? Men bir gezip ýören it ahyryn» diýdi. Emma Alyşa: «Ýehowa seniň Siriýanyň patyşasy boljakdygyňy aýtdy»+ diýdi. 14  Hazaýyl Alyşanyň ýanyndan gaýdyp, patyşanyň huzuryna bardy. Patyşa: «Ýeri, Alyşa näme diýdi?» diýip sorady. Hazaýyl: «Hökman sagalarsyň diýdi»+ diýip jogap berdi. 15  Ertesi Hazaýyl bir galyň matany suwa batyrdy⁠-⁠da, patyşanyň ýüzüne basyp, ony demikdirip öldürdi+. Şeýdip, ýerine özi patyşa boldy+. 16  Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýehoramyň+ hökümdarlygynyň bäşinji ýylynda Ýahuda patyşasy Ýehoşapat höküm sürýärkä, Ýehoşapatyň ogly Ýehoram+ Ýahudanyň patyşasy boldy. 17  Ýehoram 32 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde sekiz ýyl höküm sürdi. 18  Ýehoram Ahabyň gyzyna öýlenensoň+, Ahabyň maşgalasy ýaly, Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 19  Emma Ýehowa guly Dawudyň hatyrasyna Ýahuda patyşalygyny ýok etmek islemedi+, sebäbi ol Dawudyň neslini hiç wagt tagtdan düşürmejekdigini* wada beripdi+. 20  Ýehoramyň döwründe edomlylar Ýahuda garşy gozgalaň turzup+, özlerine patyşa bellediler+. 21  Şonda Ýehoram söweş arabalary bilen Zaýyra gitdi. Edomlylar Ýehoramyň we söweş arabaly serkerdeleriniň daşyny gabadylar. Ýehoram bolsa gijäniň içinde aýaga galyp, olary derbi⁠-⁠dagyn etdi. Esgerler öýli⁠-⁠öýüne* gaçdylar. 22  Ýöne edomlylar häzire çenli Ýahuda garşy gozgalaň turzup gelýärler. Şol wagtlar Libna+ galasy hem gozgalaň turzupdy. 23  Ýehoramyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we ähli eden işleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 24  Ýehoram aradan çykyp, Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy+. Ýehoramyň ýerine ogly Ahazýa+ patyşa boldy. 25  Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýehoramyň hökümdarlygynyň 12⁠-⁠nji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa patyşa boldy+. 26  Ahazýa 22 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde bir ýyl höküm sürdi. Ejesi Atalýa+ Ysraýyl patyşasy Omranyň+ agtygydy*. 27  Ahazýa Ahap bilen garyndaşlyk açypdy. Şonuň üçin Ahabyň maşgalasynyň ýolundan ýöräp, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 28  Ol Ahabyň ogly Ýehoram bilen Ramot⁠-⁠gileada+ gidip, Siriýa patyşasy Hazaýyl bilen söweşdi. Şonda siriýalylar Ýehoramy ýaraladylar+. 29  Ýehoram patyşa Ramada Siriýa patyşasy Hazaýyl bilen söweşende alan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele+ dolandy+. Şonda Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa Ahabyň ogly Ýehoramyň hal⁠-⁠ýagdaýyny soramak üçin Ýizregele bardy, sebäbi ol agyr ýaralanypdy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ogluň.
Sözme⁠-⁠söz: çyragyny söndürmejekdigini.
Sözme⁠-⁠söz: çadyrlaryna.
Sözme⁠-⁠söz: gyzydy.